Döwgowagyň gizlin syrlary


Döwgowagyň gizlin syrlary



Duşak ýa-da Erikdag diýip atlandyrylýan dag gerşi Köpetdagyň merkezi böleginde ýerleşýär. Bu dag gerşiniň deňiz derejesinden beýikligi 2500 metrden gowrakdyr. Onuň Gündogar eňňidiniň eteginde sagaldyş-dynç alyş ýeri hökmünde belli bolan, şeýle hem häzirki döwürde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ýerleşen Gökdere jülgesi uzalyp gidýär. Demirgazyk-günbatar eňňidi uçut we baryp bolmajak derejede kertdir. Onuň gyra erňegi kem-kemden günbatar tarapa galýar we çür depä çykýar. Bu ýerde demirgazyk eňňit güýçli opurylma netijesinde iki ganata bölünipdir – olaryň biri Duşak ýa-da Erikdag gerşiniň iň uly dag belentligi (massiwi) Sirk diýlip atlandyrylan jülgedir. Oňa beýle adyň dakylmagynyň sebäbi, ol ýere düşen her bir adamy asman astyndaky şalyk kimin daş-töweregini beýik meýdansahnasy (amfiteatr) gurşap alýar. Bu jülgäniň sag eňňidinde, deňiz derejesinden 2000 metr belentlikde Döwgowagy ýerleşýär. Döwgowak halk arasynda tanalýan gowaklaryň biridir. Ol barada maglumatlar döwürleýin neşirlerde gabat gelýär. Emma, oňa garamazdan gowaga barmak kynyrak bolanlygy sebäpli gelim-gidim azyrak bolýar. Gowak keseligine dagyň içine 113 metr uzalyp, çalarak (12°) ýokaryk beýgelýär we 4 sany ötlem-ötlem otaglary emele getirýär. Iki sany darajyk geçelgeleriň üsti bilen ýene-de uly bolmadyk 3 sany zal bar, olaryň biri aşaky gatlakda ýerleşýär. Ýerasty boşlugyň umumy uzynlygy 136 metre barabardyr.
Girelgeden gös-göni dowam edýän esasy galereýanyň birinji zalynyň uzynlygy 30 metr bolup, poly pesiräge düşýär. Ol boşlugy tutuşlygyna äpet harsaňlar eýeläpdir diýen ýaly. Togalanyp düşen harsaňlar köp wagtyň geçmegi bilen bu zalyň basgançagyna öwrülipdir. Birinji otagyň, gündiz wagty güniň şöhlesiniň düşýän girelgesiniň demirgazyk-gündogar tarapyndaky dik diwaryň, suwyň syzyp çykýan dag jynslarynyň jaýryklarynda paporotnigiň (Asplenium trichomanes, Adiantum capillus-veneris) iki görnüşiniň ýeketäk nusgasyna duş gelmek bolýar. Bu seýrek duş gelýän ösümlikler, köplenç çygly, kölege düşýän ýerlerde, çeşmeleriň golaýyndaky gaýalaryň jaýrylan ýerlerinde gabat gelýär. Olar howanyň has çygly döwürlerinde ösen bolmaklary ähtimal, guraklygyň gelmegi bilen bolsa, gadymy döwrüň ösümlikleriniň wekili hökmünde diňe şu ýerde saklanyp galypdyrlar.
Öňe ýöredigiňçe gowak birneme daralýar, soňra birden ýokaryk çykylýar we ýagtylyk düşmez ýaly derejede garaňky bolýar. Indiki, ikinji zalyň uzynlygy 33 metr. Onuň ýerleri ýarganatyň galňap giden dersi bilen örtülendir. Üçünji zalyň merkeziniň ähli boşlugyny ýokardan gaçan äpet gaýa bölegi eýeleýär. Gowagyň polunyň ýokaryk galmagy dowam edýär, diwarlar ýuwaş-ýuwaşdan daralýar, pessejik geçelgeden soňra ýoda ahyry, gara dik diwara direýär – bu äpet daş galereýanyň dördünji zalynyň, göýä gapysy ýaly, öňüni bekleýär.
Dördünji zalyň uzynlygy 38 metre barabardyr. Onuň giň, ýylmanak, gümmez şekilli görnüşi göz ýetmeýän garaňky giňişlige ýol açýan ýaly. Emma oňa garamazdan diwaryň soňy daralýar. Bu ýeriň hemişe nemli bolmagy damjalaryň ýokardan dammagyna sebäp bolýar. Otagyň esasy täsir galdyryjy zady bolsa, ýarganatlaryň sürüsidir.

Dördünji zalyň gutaran ýerinde ýene iki ötelge dowam edýär. Olaryň biri gysga we turba görnüşde galereýanyň oky bilen ugurdaş gidýär. Beýlekisi aşagyrakda daş üýşmeginiň arasynda ýerleşýär we onuň üsti bilen aşaky ganata düşüp bolýar. «Turba» - uzynlygy 5 metr töweregi darajyk, keseligine deşik. Ol uly bolmadyk aralyk otagyna getirýär (7х3 m), şeýle-de, onuň üstünden iň soňky otaga hem-de aşaky ganata geçip bolýar. Iň soňky zalyň ölçegi 21x5 metr, ol darajyk petik bilen soňlanýar. Aşaky ganaty - iki sany küreňräk zaldan ybarat bolup, olaryň iň ulusynyň uzynlygy 14 metrdir. Bu ýerdäki pol uly daşlar bilen örtülendir we olaryň arasyndaky köp sanly boşluk dagyň beýleki gowak ulgamlaryna geçişiň çylşyrymly gurluşyny emele getirýär. Şeýle-de bolsa, olaryň hemmesi ahyrky petige baryp direýär.
Aşaky zalyň esasy özüne çekiji ýeri, gowagyň diwarlarynda ap-ak aragonitiň gatlaklarydyr. Käbir ýerlerde aragonit örtükleriň çat açan ýerlerinde goýy reňkli tüsse kalsitleriň iri reňksiz kristallarynyň gatlagy görünýär. Olaryň uzynlygy 8 sm ýetýär.
Adamlara bu gowagyň gadymy döwürlerden bäri mälim bolandygy şübhesizdir. Eýýäm gowaga ýakynlaşanyňdan gorag diwary gözüňe ilýär. Ol gowagyň girişini gelşikli şekilde ýapýar we onuň daşky görnüşi üýtgewsiz diýen ýaly galypdyr. Döwgowagyň gowy saklanyp galmagy agyr we hupbatly döwürlerde adamlar üçin gaçybatalga bolup hyzmat edenligi barada habar berýär. Birinji we dördünji zalda keramika bölekleri örän köp duş gelýär. Görnüşine görä, adamlar bu ýerde birnäçe gezek gizlenipdirler we bu geň däldir, çünki bu ýerde uly bolmadyk söweşiji topara uzak wagtlap goragda galmaga mümkinçilik bar. Gowakda ýylboýy suw bar, odun köp we ol ýere mese-mälim görünýän diňe iki sany ýoda barýar.
Döwgowagy diňe bir adamlara halas ediji gaçybatalga hökmünde hyzmat etmändir. Gadymy döwürde bu ýerde tüsse kalsit kristallary gazylyp alynypdyr, olaryň köpüsi kakyp gaçyrylypdyr. Aşaky ganatda ak kalsit gabygynda taýagyň ujuna berkidilen alawyň degen yzlarynyň köp sanly tegmillerini görmek bolýar. Adamlar giňişligi ýagtylandyrmak üçin alawy saga-sola aýlanlarynda islenmedik ýagdaýda alaw kalsitlere degen bolmagy ähtimaldyr. Bu tegmiller, döwülen kristallaryň yzlary bilen birlikde aşaky gatyň harabalyklarynyň arasynda iň uzak we elýetersiz ýerlerde-de gabat gelýär. Bu gädiklere alaw bilen girmekleriniň sebäbi, kristallary goparyp alyp çykarmak bilen baglanyşyklydyr. Kristallaryň segsen göterimi alynypdyr, ol bolsa bu işiň diňe bir gezeklik ýerine ýetirilmedigini aňladýar. Aşaky gatlakda we iň soňky zalda üç sany öçüp galan ujy alawly agajyň tapylmagy we agaç sapynyň çüýräp owuntyga öwrülmegi, onuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de, esgini ýakmak üçin batyrylan ýagyň daman tegmillerni-de görmek bolýar. Şol ýerde agaç okaranyň bölegi hem galypdyr.

Dördünji zalda, yzygiderli damýan damjalaryň aşagyna hemişe çekdirilen plýonka bar we ol ýere toplanan suw guýular ýaly ýerde gaplar goýulypdyr. Gelýän adamlar barada maglumat ýazylýan depder ýöredilýär, ol birinji zalyň diwarynyň diliginde gizlenip goýulypdyr. Şol ýazgylara seredeniňde ýylyň dowamynda bu ýere birnäçe gezek gelip-gidilýändigine göz ýetirýärsiň. Ot ýakmak üçin ýörite birnäçe meýdança gurnalypdyr.
Döwgowaga iki ýoda barýar. Olaryň birine «tilki ýoda» diýilýär. Ondan peýdalanmak üçin Çüli jülgesinden gidýän «taraz» ýodasyndan ep-esli ýöräp, Duşak dagynyň ýokarky platosyna ýetmeli. Şol ýerden, ýagny dagyň depesinde diýen ýaly birnäçe ýüz metr ýöremeli we şondan soňra jülgäniň üstünden kert gaýanyň gyrasy bilen dar ýodadan geçmeli. Ýoda gowagyň «Gara göz» girelgesine alyp barýar. Şeýle-de bolsa, ýolbelet bolmasa baryp bolmaz, çünki üsti tekiz belentlikden jülgä inilýän eňňit gaýany örän takyk bilmeli.
Beýleki ýoda Sirk jülgesiniň başlanýan ýerinden alyp gidýär. Ol ýere Gökdepeden gidýän awtomobil gara ýoly äkidýär. Jülgä girmeli we çep aýlaw bilen dag şahasyndan ýokaryk galyp başlamaly (Sirk jülgesiniň iki şahasy bar). Köp wagtlap uzak we eňaşak ýöremek ep-esli güýjüňi alýar. Şeýle-de bolsa, bu sarp edilen wagt nähak däldir. Ajaýyp görnüşlerden, dag howasyndan we arassa tebigatdan başga-da, siz Döwgowagyň syrlaryna ýanaşyp bilersiňiz. Ol size garaşýar...

Iwan KUZNESOW