Asylly däpleriň sazlaşygy


Asylly däpleriň sazlaşygy



Halkymyzyň gelin edinmek, gyz çykarmak toý adatlary bilen bagly edim-gylymlary türkmençilik däpleriniň özenini düzýär. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda özleşdirip, ony kada öwürýär. Ol dürlüçe atlandyrylyp, teologiýa, filosofiýa, etika, estetika, logika we beýleki ylymlaryň kämilleşmeginde uly orny eýeläpdir. Biziň halkymyzda bolsa, şol kada - kanunlar taryhy jähetden uly döwri başyndan geçirip, «türkmençilik» diýip şertli atlandyrylýan özboluşly ýörelgeleriniň toplumynda has pugtalanypdyr» diýip belleýär.
Türkmençilik düşünjelerini ýüze çykarýan ýol-ýörelgeler özboluşly gatnaşyklara eýedir. Gelin edinmek adatyna görä, täze durmuşyň başlangyjy hem ýaş çatynjalaryň, hem maşgalanyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky ornuny ýüze çykarýan däp-dessurlar bilen utgaşyp gidýär. Çaý başynyň gürrüňinden, ojagyň başynyň söhbedinden, saçagyň başynyň hödür kereminden başlanýan gatnaşyklaryň özeni türkmençilikdäki hoşniýetlilik ýörelgeleriniň başydyr. Şeýle gatnaşyklaryň biri hem gelin çagyrmak bilen bagly dessurlarda öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň taryhynda dowam edip gelýän bu dessur, bir tarapdan, edep-terbiýe meselesinde özara gatnaşyga uly orun berlendiginiň alamatlandyrylmasy bolsa, ikinjiden, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň üpjünçiliginiň şöhlelendirilmesi bolup çykyş edýär.
Toý günleriniň dessurlary ýerine ýetirilenden soňra, täze gelniň adamsynyň dogan garyndaşlarynyňka, goňşy-golama myhmançylyga gitmek dessury hem bar. Türkmençilikde oňa «Gelin çagyrmak», «Gelni çörege çagyrmak» diýilýär. Bu dessur berjaý edilende, gelin edinilen maşgala çakylyk bilen ýüz tutulýar we gelni myhmançylyga çagyrjak güni belli edilýär. Soňra ýörite taýýarlyklar bilen täze gelni garşylamagyň ýakymly hysyrdylary başlanýar.
Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halkymyzyň toý däp-dessurlary myhmansöýerlik, açykgöwünlilik, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, rysgally-döwletli ýaşaýşyň binýadynyň hut şol häsiýetlerdedigini açyp görkezýär» diýip belleýär. Türkmençilikdäki «Gelin çagyrmak» dessury hem türkmen halkynyň myhmansöýerlik we sahawatlylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Täze gelin gelende toý paýyny paýlaýan, ojagynda gazan atarsa myhman paýyny goýýan, goňşy aralykda süýji tagamly okarasy gatnaýan, täze bolan bäbejigini nogul-nabat seçip garşylaýan, ony ýedi günlük çileden çykaransoň, goňşy-golam gatnaşyklaryna tarap ýola salýan, gapysyndan ilkinji gezek gelen çagany sowgat-salamly ugradýan türkmeniň gelin çagyrmak dessuryndaky edim-gylymlar hem dogan-garyndaş, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, birek-biregiňkä baryp-gelişleriniň, sylag-hormatlylygynyň özboluşly medeniýetini kemala getiripdir.
Her bir däp-dessuryň terbiýeçilik ähmiýetiniň bolşy ýaly, «Gelin çagyrmak» dessury hem özboluşly many-mazmuna eýedir. Ilkinji nobatda, nätanyş düzgün-nyzamly maşgala gelin bolup gelen gyzy täze gelen öýüne derrew öwrenişdirmek maksadyndan ugur alnan bolmagy mümkin diýen çaklamany döredýän bu dessur halkyň maşgaladan başlanýan hoşniýetli gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky durmuş kadasynyň jemgyýetiň bitewülik, jebislik ugrundaky maksadyny amala aşyrmagyndaky serişdesine öwrülip gidipdir. Şeýle bolansoň, türkmençilikdäki gelin çagyrmak dessurynda hem döwürlere hyzmat edip gelýän asylly gylyk-häsiýetlilikden ugur alan, her bir ýörelgesi pähim-paýhasa ýugrulan ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň täze gelni täze durmuşa ugrukdyrmagyň aladalary bilen gurşalyp alnandygy aýdyň duýulýar.

«Gelin çagyrmak» dessurynda maşgalanyň täze agzasynyň täze garyndaşlyk hukuklary we borçlary bilen tanyşdyrmak maksady hem öz beýanyny tapýar. Maşgalanyň düzgünleri, kada-kanunlary bilen töweregi gallanyp barýan täze gelniň täze bir garyndaşlyk gatnaşyklaryna tarap äden ädimleri türkmeniň özüne mahsus bolan durmuşyny, dünýägaraýşyny, urp -adatlaryny, görüm-göreldesini ýüze çykarýar. Çünki bu dessur bilen bagly edim-gylymlar halkyň eli açyklyk, sahylyk babatdaky häsiýetini, mähribanlyk, merhemetlilik, göwündeşlik diýen ýaly ruhy ýakynlygyny häsiýetlendirýär. Täze gelni serpaýlamak bolsa halkyň sahawatlylyk ýörelgesinden alamatdyr.
«Gelin çagyrmak» gelni uly synagdan geçirýän pursatlaryň biridir. Ýagny, bu dessuryň täze gelniň daş-töweregini gurşap alýan ýanýoldaşynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndaky aragatnaşyk bilen tanyşdyrylmak maksady hem bar. Çünki täze gelniň edep bilen başyny atyp salam berşinden başlap, ýüzüniň mähirliligi, oturyp-turşy, gelin lybaslary: nagyşlary, ykjamlygy, döwrebaplygy, geýniş edebi diýen ýaly ençeme aýratynlyklar onuň mertebesini we adamkärçilikli keşbinden söz açýar diýlip hasaplanylýar. Gelin bolup, başyň boglanyndan soňra myhmançylykda, köpçülikde özüňi alyp barmagyň edebiniň özboluşly taraplarynyň bardygyny, öz ornuňy, aýtjak sözüň ýerini bilmegiň zerurdygyny öwretmekdir.

Halkymyzyň hoşniýetli gatnaşygy ýola goýmak babatynda ynsanperwer durmuş ýörelgeleri toý däp - dessurlarymyzyň her bir meselesi bilen baglylykda aýdyň ýüze çykýar. Şol asylly däp-dessurlarymyz diňe bir ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, dogan-garyndaş arasyndaky gatnaşyklaryny kämilleşdirmän, eýsem dünýä medeniýetinde özboluşly ruhy- medeni gymmatlyk hökmünde dabaralanmagynda hem möhüm orna eýedir. Bu ýagdaý gelin çörege çagyrylanda oňa berilýän sowgatlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Täze gelin öýe salnansoň, öz ornuny bermejek bolup oturan uly gelne sowgat ýapmak, toý gününiň ertesi baş salnanda «gupbany alanyň» sowgady ýaly, täze gelniň her bir äden ädiminiň hem şowhun-dabara, hem dessur, hem sowgat-serpaý bilen baglanyşyp gitmegi gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen zenanlarynyň şahandazlygy, üýtgeşik edähedi babatdaky ýekeje mysala ýüzlenesim gelýär: gelin gelen gününiň ertesi baş salnandan soňra, gelniň başyna gyňaç oralmaly pursady gelip ýetýär. Gelniň entek goşa örüm saçlary öňünde dur, özi hem täze gelin iki eli bilen saçlaryny berk tutup oturýar. Gyňaç daňýan gelin ýuwaşlyk bilen gelniň saçlaryny yzyna atmakçy bolýar. Täze gelin bolsa saçyny bermez: saçyny goýbermän, berk tutup oturar. Onsoň: «Gelniň-ä saçyny berenok, hany, sowgat- serpaý berip saçlaryny alyp bereweri» diýlip gaýynenä ýüzleniler. Töwerek-daşda duranlar bolsa: «Näme sowgat bererkä?» diýşip heşerlenişerler.
Gapdalrakda duran gaýynene gelniň ýanyna baryp, onuň saçyny diläp alar, sowgadyny-serpaýyny ýapar ýada pylan zat bererin diýip wada eder. Ondan soňra gelin razylygynyň alamaty hökmünde saçlaryny saklap oturan ellerini gowşadar we goşa örüm saç arkasyna atylyp, saçlarynyň arasyna aragerbi dakylar. Bu dessur ýerine ýetirilende, gaýynene tarapyndan sowgat berilýän, esasan, saçlykdyr. Enelerimiziň gürrüňine görä, gaýynenäniň öz gelnine berýän sowgatlarynyň arasynda saçlyk, aragerbi, düýpli gyňaç we ýaşyl kürte (gara kürte) aýratyn orna eýedir.
Täze doglan çaga, täze gelin ilkinji gezek gapydan gelende sowgat bermek ýaly ajaýyp ýörelgesi bolan halkyň durmuşynda hezzetläp-hormatlamak, sylaglap - serpaýlamak edähedi asyrlar boýy dowam edip gelýär. Täze gelne halat ýapmak hem şolaryň biridir. Gaýyneneden başlap dogan-garyndaş, goňşy-golam tarapyndan ýöredilýän bu dessur birek-biregi goldamak, oňlamak maksadyndan nyşandyr.
Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, türkmen gelin-gyzlarynyň göreldä eýerýän edep-ekramlylygyň müňýyllyklaryň synagyndan geçen terbiýe mekdebini sarpalaýyşlaryny, ikinjiden, ol halkyň hezzetlemek, sowgat-serpaý etmek ýörelgesini dowam etdirýändiklerini hem äşgär edýär. Türkmen maşgalasynyň abraýlylyk, agzybirlik,
mertebelilik hakdaky düşünjeleri jebislikde dabaralanýar. «Agzybiriň rysgy artar» diýen düşünjeden ugur alýan türkmençilikdäki «Gelin çagyrmak» dessury hem şol jebisligiň ündewlerinden gözbaş alýar. Şeýle hem şuňa meňzeş toý däp dessurlary bilen bagly ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilmegi medeni-ruhy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu dessur gelin gyzlarymyz tarapyndan hem abraý, buýsanç we mertebe düşünjeleriniň hormatlanyşyny, hem-de halkyň agzybir, parahat, dostlukly gatnaşygynyň, ylalaşykly ýaşaýşynyň üpjünçiligini şöhlelendirmekdäki goşandydyr. Türkmeniň gaýyn-gelin edebi bilen bagly «Gelen gelin däl,
düşen ýeri geIin» diýen ajaýyp sözi bar. Arzuw-hyýallary ganatlandyrýan, ak ýürekliligiň, ynanyşmagyň, parahatçylykly gatnaşygyň ýoly bilen dowamata sary uzaýan «Gelin çagyrmak» dessury hem täze maşgala ojagynyň binýadyny milli däp-dessurlara eýermek arkaly pugtalandyrmagyň edep-terbiýesini özünde jemleýär. Täze gelniň birek birek bilen didarlaşmaga, görüşmäge sebäp bolýan ähmiýetli ornuny hem ýüze çykarýan bu dessur halkyň abadan ýaşaýşynyň, jemgyýetdäki gatnaşyklaryň sazlaşygynyň, ynsan mertebesiniň hormatlanylyşynyň nyşanydyr.
Ýokardaky maglumatlardan mälim bolşy ýaly, «Gelin çagyrmak» dessury türkmençilikdäki myhmanparazlyk ýörelgesi, sowgat bermek edähedi, gatnaşyk ýodalarynyň gatnawy, gaýyn-gelin edebi babatdaky halkyň hüý-häsiýetine mahsus bolan ykdysady-medeni durmuşyny, bolelin ýaşaýyş şertlerini, durmuş hal-ýagdaýyny giňden suratlandyrýar. Türkmen halky «Güler ýüz hem hormat, hem sowgat» diýýär.

Türkmeniň «Gelin çagyrmak» dessurynda bolsa halkyň güler ýüzlüligi-de, hormaty-da, sowgady-da öz beýanyny tapýar. «Geliň, gelin çagyrýas!» diýen çakylykda hoşniýetliligiň, ylalaşyklylygyň, agzybirligiň çagyryşy bar.
Türkmen halky asyrlar boýy kämilleşip gelen toý däp -dessurlaryna uly hormat bilen garaýar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gymmatly ruhy baýlygy hökmünde has-da ösdürýär. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlary uzak ýyllaryň dowamynda jemgyýetiň durmuş ýörelgelerini, ynam-ygtykadyny, jemgyýetdäki özara gatnaşyklary kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA