Sungatym bar-sarpam bar


Sungatym bar-sarpam bar



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent perdeden gopýan milli aýdym-sazlarymyza aýratyn ähmiýet berilýär. Aýdym-saz sungatymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz, halkymyzyň Watana, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsi, gözel tebigatymyz, halal zähmet, mährem eneler, yşk-söýgi öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz: «Aýdym-saz hemme döwürlerde-de özboluşly bir täsin hadysa bolup geldi. Ol adamyň doglan pursadyndan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli daşyny gurşap alan ajaýyp sungatdyr... Aladaly gününde aýdym-saz adama teselli bolýar, şatlygyna şatlyk goşup, geljekki işlerine ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär» diyip, örän jaýdar belleýär.

Aýdym-saz ynsanyň teşne göwnüni gandyrýar. Aýdymdyr sazyň bar ýerinde rahatlyk, keýpiçaglyk, göwnühoşluk, mähir, söýgi bolýar, dostluk gül açýar. «Aýdym ― adamlaryň göwün syrdaşy» diýýän halkymyz taryhda-da aýdym-saza, sazanda, bagşa, şahyra aýratyn uly hormat bilen garapdyr. Aýdym-sazyň näzik owazy aran göwünlere aram berse, şowhunly aýdymlardyr göçgünli sazlar kalbyňa täsin gozgalaň salýar.

Aýdym-sazyň täsirli güýjüne imrinip, şol saza göra hereket edyän türkmeniň bedew atlaryny synlanyňda, sazyň diňe ynsana däl, hatda beýleki janly-jandarlara-da öz täsirini ýetirýändigine haýran galýarsyň. Kalbyňa aralaşanda bogun-bogun söküp barýan, pikirdir hyýalyňy alyslara alyp gidýän aýdymlara bir sözde «gudrat» diýäýmek galýar. Sallancakda hüwdi bilen terbiýelenýän nesillerimiz sungaty hemişe ruhy mukaddeslik hasap edýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredýän eserleri, aýdym-sazlary, ajaýyp goşgulary halkymyzyň sarsmaz döwletiniň, synmaz bagtynyň, hözirli durmuşynyň mukamlara we setirlere sazlaşygy bolup yaňlanýar. Biz hem aýdym-saz sungatyna öz ykbalymyzy baglanymyza diýseň buýsanýarys.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin alyp barýan ägirt uly işleriniň hatarynda medeniýete, sungata, milli mirasymyza berýän ünsüniň ýokarydygyny bellemelidiris. Sungat — döwrüň aýnasy. Saýrak bilbilleriň baglarda nagma kakyşy ýaly, asuda Watanymyzda sungat adamlary hem hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden bagtyny aýdymdyr sazlarda beýan edýärler.

Biz hemişe omrümize hemra bolýan aýdym-sazlary diňlanimizde, ony ilkinji gezek eşidýän ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Çünki sungatda täzeleniş bar, onuň çuňluklaryna aralaşdygymyzça, biz täze açyşlara duş gelýäris. Täze pikirlerdir täze umytlary kalbymyza guýýan aýdymdyr sazlar ornuny hiç bir zat bilen dolduryp bolmaýan gymmatly ruhy hazynamyzdyr.

Goý, halkymyzyň synmaz bagty üçin döwletli tutumlary, il bähbitli işleri bitirýän, milli sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Azat AŞYROW