Saglygyň goragynda


Saglygyň goragynda



Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlary netijesinde, parlak ýyldyz bolup nur saçýan owadan ýurdumyz egsilmez eşretleriň, sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň, mizemez agzybirligiň ajaýyp mekanyna öwrüldi. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Halkyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar.
Ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen saglyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda geçirilen göçme mejlisinde ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak barada beren tabşyryklary gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalar baglarydyr mekdeplerde yzygiderli durmuşa geçirilýär. Mekdep okuwçylaryny lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek işleri tamamlanyp, bu işler häzir ýokary okuw mekdeplerinde dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bolanymyzda, bu ýerde okaýan ýaşlaryň lukmançylyk barlagyndan geçýän pursatlaryna gabat geldik. Ýörite lukmanlar topary bu ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny birme-bir gözegçilikden geçirip, olaryň saglyk ýagdaýy barada ýörite netijenamany taýýarlaýarlar. Bu barada lukmanlar toparynyň ýolbaşçysy Maýa Allaýarowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:
— Ýurdumyzda ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan saglygyna ýurduň we jemgyýetiň iň uly baýlygy hökmünde garaýan milli Liderimiziň bu babatda alyp barýan işleri has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzda ýokanç keselleri öňünden duýdurmak, ilatyň bu kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giňgerimli işler barha ýaýbaňlanýar. Ynha, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda şäheriň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, orta mekdepleriň hojalyk müdirleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary bilen bolan maslahatlarda zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň, erginleri taýýarlamagyň we saklamagyň düzgünleri boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Şeýle hem häzirki günde mekdep okuwçylaryny saglygy goraýyş we öňüni alyş barlaglaryndan geçirmek işi tamamlandy.
Şu günler ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny lukmançylyk gözegçiliginden geçirmäge girişildi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda okaýan talyplar saglygy goraýyş we öňüni alyş barlagyndan geçdiler. Talyplary göz, diş, gulak, burun, bokurdak, deri-wenerolog, terapewt lukmanlary saglyk gözegçiliginden geçirip, olara saglygy goramagyň düzgünleri, ilkinji nobatda, arassaçylygy berjaý etmek we sport bilen meşgullanmak barada maslahatlar berildi. Elbetde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak barada alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Elbetde, ynsan saglygyny goramak we berkitmek işleri dowamlylygy we toplumlaýynlygy bilen köňüllerde buýsanç duýgusyny döredýär. Il saglygyny ýurt baýlygy hasaplaýan, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Sona DURDYÝEWA