Pyragynyň bilim alan ojagy


Pyragynyň bilim alan ojagy



Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly yz galdyran Magtymguly Pyragy heniz çagaka öz kakasyndan ilkinji bilimini alyp, Döwletmämmet Azadynyň şahsy kitaphanasyndaky gündogar edebiýatynyň golýazmalaryny okap özleşdiripdir. Onuň ilkinji okan medreseleriniň biri-de, türkmen topragynda ýerleşýän Idris baba medresesidir.

Idris baba medresesi häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ýerleşýär. Bu medresäniň gurlan wagty, takmynan, 1640-njy ýyl diýlip çaklanylýar. Ony gurduran Gyzylaýak obasynda görnükli şahsyýetleriň biri Hezreti Idris baba bolup, onuň hakyky ady il içinde sylagly ýaşulularyň berýän gürrüňleri boýunça Muhammet bolupdyr. Idris babanyň aslynyň ürgençli bolup, ene-atasynyň bu ýere göçüp gelendigi barada maglumatlar bar. Idris babanyň ýaşap geçen döwri XVI asyryň ahyrlary XVII asyryň başlary diýlip çaklanylýar. Häzirki wagtda onuň gubury Esenmeňlide ýörite gonamçylykda ýerleşýär. Idris baba medresesinde bejeriş işleriniň geçirilmegi bilen, onuň öňki durky täzelendi. Medresäniň ilkibaşlarda 24 sany hüjresi bolup, daşyna haýat aýlanan howlusy hem-de dört burçunda dört diňi bolupdyr. Emma Amyderýanyň suwunyň öz hanasyna sygman joşandygy sebäpli, onuň diňlerine we birnäçe böleklerine zeper ýetipdir, şol wagt onuň bezegi bolup, seleňläp oturan 2 sany tut agajynyň hem bir bölegi suwuň ugry bilen akyp gidipdir. Emma medresä hiç hili zyýan ýetmändir, häzirki wagtdaky onuň keşbi zyýan ýetmän galan bir bölegidir. Täzeden timarlanyp bejerilen medrese Magtymguly atamyzyň gadamy düşen mukaddes ýerleriň biridir. Türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň Gyzylaýak obasyndaky Idris baba medresesine gelmegi, onuň bu ýerde okamagy Halaç topragynda XVIII asyrda ylmyň, bilimiň ösendigini görkezýär. Doly bolmadyk maglumatlara görä, şol döwürde diňe Esenmeňli obasynda medreseleriň altysy bolupdyr. Medresäniň gurluşy barada aýdanymyzda, Hezreti Idris babanyň tebigy ylymlardan örän gowy başy çykypdyr. Onuň gurduryp beren bu ajaýyp medresesiderýadan 30 – 40 kilometr uzaklykda gurlansoň, Amyderýanyň suwy bu medresä golaý gelmändir. Şol sebäpli medresä zyýan ýetmändir we onuň daş-töwereklerinde talyplar üçin hüjreler hem-de naharhanalar, kömekçi jaýlar bolupdyr.

«Idris baba medresesiniň jaýy ýokarsy gümmezli, tegelek edilip salnypdyr. Ol bişen gyzyl kerpiçden bina edilip, beýikligi 7 – 8 metr, içiniň giňligi gapysyndan törüne çenli, takmynan, 6 – 7 metrdir. Girilýän gapysy 1 metrden sähel beýigräk, ýönekeý haşamlar bilen bezelipdir. Özi hem gündogar tarapdan açylypdyr. Medresäniň öňünde eýwan bolup, onuň agaçlary haşamlanyp bezelipdir. Esasy gapydan giren ýeriňde jaýyň demirgazygynda we günortasynda bir adam sümer ýaly kiçijik gabsalary bar, olar penjire deregine açylan gabsajyklar bolmaly. Medresäniň golaýynda şol döwürden galan bir howuz bolup, ol derýanyň joşmagy esasynda emele gelip, ol ýerdäkiler peýdalanypdyr» diýip, 1960-njy ýylda bu ýeri görmäge gelen Ata Annanurow onuň şol wagtky keşbini beýan edýär. Häzirki wagtda onuň keşbi biraz özgerip, howuz hem öňküsinden kiçelen görnüşdedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda gadymy ýadygärliklerimizi gorap saklamak barada köp sanly işler geçirilip, bu ýerlere syýahat etmäge talyplar hem-de okuwçylar üçin okuw gezelençlerini guramaga giň mümkinçilikler döredilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz – talyp ýaşlar üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Suraý ÄRSARYÝEWA.