Söwdagär hem-de bilbil
Günleriň birinde söwdagär bazardan gaýdyp gelýärkä, ýolda bir bilbili tutupdyr. Söwdagär bilbili öýe getirip, onuň üçin gymmatbaha daşlar bilen bezelen owadan altyn kapasa bejerdipdir. Kapasa taýýar bolansoň, guşy oňa salypdyr. Söwdagär guşa ideg eder ýaly ýörite hyzmatkär tutup, kapasany öýüniň öňündäki gül-pürçüge beslenen ekinindäki çüwdürimiň ýanynda asyp goýmagy buýrupdyr. Ýöne näme üçindir bilbil gaýgyly saýrap, söwdagäriň kalbyny paralaýardy.
Söwdagär şeýle ajaýyp şertleri döretse-de, bilbiliň näme sebäpden beýle gamgyndygyna akyl ýetirmändir. Ol guşlaryň diline düşünýän adamy öýüne çagyryp, bilbiliň näme derdiniň bardygyny bilmegi haýyş edipdir.
«Dilmaç» bilbiliň gamgyn owazyny diňläpdir-de:
—Jenap söwdagär, bilbil öz Watanyndan aýra düşeni üçin zarynlaýar, onuň erkinlige çykasy gelýär, öz höwürtgesine gaýdyp barmagy arzuwlaýar — diýipdir.
Gün geçdigisaýy bilbiliň haly harapmyş. Söwdagär kapasany açyp, guşy erkinlige goýberipdir. Ol «dilmajy» ýanyna alyp, guşuň yzy bilen gidiberipdir. Bilbil dag-derelerden, sähralyklardan geçipdir. Çeşme-çaýlarda düşläp, ahyry bir tokaýyň gyrasyndan giripdir-de, uly agaçdaky höwürtgä gonupdyr. Birsalymdan ol şeýle bir şadyýan saýrapdyr welin, onuň mylaýym sesi daş-töwerege ýaň salypdyr. «Meniň Watanym, sen neneň ajaýyp» diýip saýraýan bilbile beýleki guşlar-da goşulypdyr.
—Geň galaýmaly — diýip, söwdagär haýran galanyny gizlejek hem bolmandyr. — Men bu bilbili ajaýyp gymmatbaha daşlar bilen bezelen altyn kapasada sakladym. Onuň kapasasy meniň owadan güller ekilen ekinimiň iň ajap ýerinde — şildiräp suw pürküp duran çüwdürimiň ýanynda durdy. Men ony günde saýlama däne bilen naharladym. Göräýmäge, men bilbil üçin ýaşamaga aňrybaş şertleri döretdim. Oňa bolsa şu çybykdyr ýaprajyklardan ýasalan horaşaja höwürtge has mähriban — diýipdir.
— Jenap söwdagär — diýip, «dilmaç» söwdagäre ýüzlenipdir. — Bu ýerde geň galasy zat ýok. Her kime, hatda haýwanlara-da öz mesgen tutunan mekany, öýi gymmatlydyr. Bilbil bu ýerde erkin. Öz Watanyňda erkin ýaýylyp-ýazylyp ýaşamak bolsa, elbetde, hemmeler üçin uly bagtdyr.