Buýsanjy sen Arkadagly halkymyň!


Buýsanjy sen Arkadagly halkymyň!



Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ata-baba buýsanjymyz bolup gelýän ajaýyp ahalteke bedewlerini seýislemek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, bedewlerimiziň hem alnyndan ak gün dogdy. Indi olar halkymyzyň buýsanjyna, toý-dabaralarymyzyň bezegine öwrülip Döwlet Tugramyzda orun aldy» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu aýdanlaryna aýdyň mysal hökmünde, ýurdumyzda 2008-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde atçylyk toplumlarynyň gurulmagyny, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy diýlip yglan edilmegini, her ýylda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bedewleriň gözellik bäsleşigini, uzak aralyga çapmak boýunça marafon ýaryşyny we beýlekileri ýatlap geçmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň we halkymyzyň bedewlere goýýan belent sarpasynda ata-babalarymyzyň ýurt goragy, nesil terbiýesi babatda kemala gelen beýik mekdebi aýdyň şöhlelenýär. Çünki ahalteke bedewlerimiz ýurt goran mertleriň ýakyn syrdaşy, ýow güni ýoldaşy bolupdyr. Parahatçylyk günlerinde toýlaryň, öýleriň, syrgynlaryň bezegi bolupdyr. At çapmak, at seýislemek halkymyzda sungat derejesinde gaýtalanmajak mekdebe öwrülipdir.
Häzirki döwürde bu ata-baba gelýän mekdebiň ösüp gelýän ýaş nesle miras bolup geçmegi üçin at seýisçiliginiň, çapyksuwarlygyň halypa-şägirtlik mekdebi ösdürilýär. «Türkmenistanyň ussat çapyksuwary», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlar döredilip, bu ugurlarda uzak ýyllar halal zähmet çekip, ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny, daşky keşp gözelligini gorap saklamaga goşant goşan raýatlar bu hormatly atlara mynasyp bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki wagtda halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin olary ÝUNESKO-nyň Umumadamzat mirasynyň sanawyna girizmek bilen bagly hödürnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Halkymyzda her täze günüň, täze ýylyň başlangyjynda ýakymly buşluk habaryny eşitmek gowy ynanç hasap edilýär. Hormatly Prezidentimize Milli bahar baýramy bolan — Nowruz gününde atçylyk toplumyna baranynda, ajaýyp Akhan bedewiň nesli bolan ýaşajyk taýçanagyň dünýä inendigi barada buşluk habarynyň aýdylmagy hem şolar ýaly gowy ynançlara laýyk gelýän ýakymly ýagdaý boldy. Hormatly Prezidentimiziň täze dünýä inen taýçanaga üstümizdäki ýylda giňden belleniljek Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat diýip at dakmagy ulus-ilimiz üçin buýsançly waka öwrüldi.
Biz ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Annagözel ANNAMYRADOWA