Dowamat


Dowamat



Awtoulagda bolsun, öýde bolsun, garaz, wagt tapdygym «Miras» radioýaýlymyny diňlemek indi maňa endik bolupdy. Dynç güni günortan çaýyny öňüme alyp, öňki endigime görä, radiony açdym. Radioda çalynýan halk sazy «Öltürerdi». Saz gutardy. Alypbaryjy Nurjahan Saparowa indiki çalynjak sazy mälim etdi: «Halk sazy «Burnaşak». Çalýan Türkmenistanyň at gazanan artisti Ata Täçmämmedow».

Sazanda agramly kakuwlar bilen saza başlady. Men saz diňleýärdim, şol bir wagtda-da, zehinli sazanda Ata Täçmämmedowyň saz çalşy hem-de ony ýakyndan oturyp diňleýşimiz göz öňümde janlandy. Ýakymly ýatlamalar meni ýetginjeklik ýyllaryma alyp gitdi...

1990-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebini dutar hünäri boýunça tamamladym. Meniň bilen okan ýoldaşlarymyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, sazanda, mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýewiň ogly Kakamyrat, Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat gyjakçy Garýagdy Alyýewiň ogly Myrat, şeýle-de Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň ady dakylany, bagşy Baýram Ylýasowyň ogly Orazgeldi bardy.

Gutardyş synaglaryndan geçenimizden soň, iýun aýy bolsa gerek, Orazgeldiniň kakasy Baýram Ylýasow oglunyň mekdebi üstünlikli tamamlamagy mynasybetli uly toý tutdy. Şol toýa Gökdepe, Bäherden etraplaryndan birnäçe myhmanlar, aýdym-saza teşne adamlar geldiler. Garaz, «Baýram Ylýasow toý edýär» diýlensoň, toýuň mähellesi ýetdi. Şol toýa gatnaşmak maňa-da nesip etdi. Toýda Türkmenistanyň halk artistleri Nurýagdy Baýramow, Dörtguly Durdyýew, Mäne Garaýew we ýene-de birnäçe belli bagşylar daňa çenli aýdym aýdyp, saz çalyp, adamlaryň göwnüni awladylar. Sazanda Ata Täçmämmedow toýuň başyndan soňuna çenli ähli bagşylaryň ýanynda sazandarlyk etdi.

Toýuň soňky aýdymyny bagşy Mäne Garaýew jemledi. Ol oturan adamlara:
— Adamlar, wagtam birçene barypdyr, eger garşy bolmasaňyz, aýdym-sazy goýbolsun etsek nähili bolar? — diýdi.
Şol wagt ýaşy altmyşdan geçen bir ýaşulynyň:
— Adamlar, Çary aganyň ogly Atanyň sazyny diňlemän gitsek, men-ä gynanjak — diýen sözüni toýa gelen märeke alyp göterdi.
Wagt birçene baranam bolsa, oturan adamlar Ata Täçmämmedowyň sazyny diňlemän gaýtjaga meňzänokdylar. Ýene bir ýaşuly ýerinden turup:
— Ata, inim, men Bäherdeniň Garagan obasyndan geldim. Seniň ýadan bolmagyň mümkin, toýuň başyndan soňuna çenli bagşylaryň ýanynda özüň sazandarlyk etdiň, şeýle-de bolsa, gaýrat et, bize ýene birküç saz çalyp ber. Kakaň Çary aganyňam sazyny köp toýlarda diňledik, näçe diňlesek-de, ol sazlardan ganma ýok — diýdi.
Häliden bäri sesini çykarman oturan Ata: «Ýaşulular, sylagyňyz üçin sagboluň. Diňlejegiňiz saz bolsun, men siziň hyzmatyňyzda» diýdi-de, saldamly sazlardan çalyp başlady.
Saz yzyna saz çalyndy. Soňra ol uly göwrümli sazlara geçdi, myhmanlaryň haýyş eden sazyny çaldy. Saz gutarandan soň kän wagt geçmän, ýene-de oturan adamlardan: «Ata, inim, «Burnaşagy» çalsana!», «Atam, «Ýandymy» çalsana!» diýen sözler eşidildi. Ata ýene-de çaýdan birki gezek owurtlap, saza başlady. Oturan adamlaryň arasyndan aýdylýan hoşallyk sözleriň yzy üzülenokdy: «Atam, elleriňe güller bitsin!», «Ömrüň bolsun!», «Päheý-päheý, ediberşini görýäňmi, aslynda bar-da» diýse, ýene biri: «Ata kesbi — ogla halal» diýleni-dä», Çary agany ýatladyp dur» diýýärdi.

Kakamyrat, Myrat üçimiz Ata Täçmämmedowyň edil alkymynda diňleýärdik. Ata saz yzyna saz çalýardy. Her sazdan soň, täzeden bir güýç gelen ýaly, ykjamlanyp, täze hyjuw bilen saza başlaýardy.

Irden sagat alty bolup geçensoň, bagşy Baýram Ylýasow adamlara garap: «Eger garşy bolmasaňyz, Ata-da indi rugsat beräýeliň» diýdi.
Baýram aga-da, saz diňläp oturan adamlaram ussat sazanda Ata Täçmämmedowa alkyş baryny aýdyp, ýerlerinden turdular.
Baýram Ylýasow ogly Orazgeldä Ata halypany ulagly öýüne düşürmegi tabşyrdy. Myrat ikimizem Ata Täçmämmedowyň ýanyndan aýrylasymyz gelmän, Orazgeldiniň ulagyna mündük.
Ýolda Ata halypa bagşy Orazgeldi Ylýasowy, şeýle-de Myradyň kakasy, ussat gyjakçy Garýagdy Alyýewi hormat bilen ýatlady. Hoşlaşyp, ulagdan düşjek bolanymyzda, Ata aga bize garap: «Oglanlar, sungata hyzmat etseňiz, çeken zähmetiňiz netijesini berer» diýdi.
Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. Göwnüme bolmasa, bu waka ýaňy bolup geçen ýaly. Onuň ezberlik bilen çalan sazlary, şol gün bir jümlede beren nesihaty häzirem hakydamda ýaňlanyp dur.

Sapar SAPAROW