Nesilleri baglanyşdyran dabaralar


Nesilleri baglanyşdyran dabaralar



Ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine, uruş we zähmet weteranlaryna goýulýan belent sarpa mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Golaýda hormatly Prezidentimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz- taýsyz edermenligini hormatlap, «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda gol çeken Permany bolsa, ýokardaky aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhy Permany esasynda başy başlanan dabaralar Ahal welaýatynyň çäginde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň başy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hatyrasyna bina edilen ýadygärlige ter güllerini goýmak bilen başlandy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň, welaýat we etrap harby wekillikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara gatnaşyjylar soňra mekdebiň muzeýinde saklanylýan gymmatlyklara uly höwes bilen syn etdiler. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky «Täze ýol» obasynda ýerleşýän mekdep muzeýine guralan gezelenç hem baý many- mazmuna eýe boldy. Uruş weteranlarynyň, harby gullukçylaryň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan gezelençde, bu ýere gelen myhmanlar urşuň öň ýanyndaky ýyllarda hem- de uruş ýyllarynda şu mekdepde müdir bolup zähmet çeken Berdimuhamet Annaýewiň şol döwürdäki iş otagynda ýerleşdirilen resminamalara, onuň zähmet ýoluna degişli gymmatlyklara, ýatlama kitaplara, şol döwrüň synp otaglarynyň okuw-görkezme esbaplaryna höwes bilen syn etdiler.
Uruş weteranlaryna, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çeken weteranlara «1941- 1945- nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny we gymmatbahaly sowgatlary, şeýle-de ter güldesselerini gowşurmak çäreleri Ahal welaýatynyň Bäherden, Ak bugdaý, Kaka, Tejen, Sarahs, Babadaýhan etraplarynda, şeýle-de Tejen şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu dabaralarda sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen şowhunly aýdym-sazlar, ajaýyp tanslar çärä gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Dabaralarda watan gerçekleri ajaýyp zamanamyza buýsanyp, onuň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny, milli Liderimiziň özleri hakda hemişe alada edýändigini päk ýürekden syzdyryp gürrüň berdiler. Şanly baýramçylygyň toýlanýan günlerinde özleri hakda edilýän şeýle ynsanperwer aladalara begenç- buýsançdan ýaňa başlary asmana göterilen nurana gojalar hem mährem eneler munuň üçin Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlaryny we ýagşy arzuwlaryny özleriniň ýürek töründen çykýan sözler bilen beýan etdiler.

Baýrammämmet SÄDIÝEW