Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan


Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan



Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden özüniň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň belent derejededigini tassyklaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň asyl häsiýetlerini hem-de parahatçylygy hemmeleriň deň tagalla etmegi bilen saklap bolýandygyna bolan berk ynamyny täzeden dikeltdi» diýip belleýär.
Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara uly hormat goýupdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär we dost-doganlyk ýollary dünýä uzaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyksöýüji, parasatly syýasaty tutuş dünýäde barha dabaralanýar. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy eýýämden uly dabaralara beslenýär. Döwletimiziň ähli pudaklarynda bu şanly senäni zähmet üstünliklerine beslemek esasy maksat bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Ilatymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, raýatlarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin Gahryman Arkadagymyz görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek işlerine aýratyn üns berýär. Döwtet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemi içerki önümini ýokarlandyrmakda bu ulgamyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna edýän täsirini aýratyn belläp, degişli ugurda işleri kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Şu nukdaýnazardan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilikde işjeň ulanylmagyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň Ýer ýüzündäki belent sylag-sarpasy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerine düýpli itergi berip, bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly, çüwen ykbally türkmeniň mähir-muhabbete ýugrulan parahatçylyksöýüjilikli dostana ýörelgesini jümle-jahana ýaýýar.

Ogulnur ANNANEPESOWA