Saz äleminde ýaş sazanda


Saz äleminde ýaş sazanda



Şamyrat Gurbannepesow 1927-nji ýylyň güýz aýlary Baharly topragynyň gadymy Durun obasynda dünýä inýär. Şamyradyň kakasy Gurbannepes daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr. Bu sada daýhanyň hem-de onuň ýanýoldaşy, Ýarajy gyzy Ogulşekeriň Durdy, Oraz, Şaguly, Şamyrat diýen ogullary, Amangözel, Aýbike diýen gyzlary bolýar. Her çaganyň öz mähri, ýyldyzy bolýar. Ýaşajyk Şamyrat bolsa ýaşlygyndan ata-enä, il-güne mähri bilen tapawutlanýar. Ol örän düşbi hem-de akylly bolupdyr. Şamyradyň agasy Şagulynyň dutary bar ekeni. Onuň sazdan başy çykypdyr. Ýaşajyk Şamyrat agasynyň saz çalşyna syn edip, ony ünsli diňlemegi gowy görüpdir.
Ýaşajyk Şamyrat saza diýseň üns beripdir. Eşiden sazlaryny ünsli diňläp, adygan sazandalaryň edenini etmäge çalşypdyr. Dura-bara saz äleminde taplanan Şamyrada, oba adamlary toýda-tomguda saz çaldyryp başlapdyrlar. Şamyradyň saz älemindäki abraýy barha artyp başlaýar. Onuň saz çalşyny bir diňlänler, ýene diňlemegiň arzuwynda gezipdirler.
Gurbannepes agany Şamyradyň şeýle ýiti zehini gyzyklandyrypdyr. Ol 1936-nji ýylda Şamyrady alyp Aşgabada gaýdýar. Türkmen döwlet filarmoniýasynyň çeper ýolbaşçysy meşhur bagşy Sahy Jepbarow halypa sazandalar Täçmämmet Suhangulyýew, Pürli Saryýew dagy Şamyratjyga saz çaldyryp görýärler. Olar ýaşajyk Şamyradyň «Leýli gelin», «Haraýym döndi», «Garybym» diýen sazlary çalşyna haýran galyp syn edýärler. Şeýlelikde, Şamyradyň saz älemindäki ýoly başlanýar. Ýaşajyk Şamyrat filarmoniýada aýdym-sazyň sütünleri bolan köp-köp halypalar bilen tanyşýar, iş salyşýar. Ýaş, ýiti zehin köpleri haýran galdyrýar. Sazanda Ýagdy Mämmetliýew bilen Şamyrat Pürli aganyň uly umyt bildirýän sazandalary bolupdyr.

Şamyradyň dogduk obasy Durun obasynyň iň gözel köçeleriniň birine onuň ady dakyldy. Saz sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, ýurt Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarymyzda Mylly Täçmyradow, Täçmämmet Suhangulyýew, Çary Gurbanow ýaly merhum halypalar bilen birlikde Şamyrat Gurbannepesowa hem «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy.
Mylly aga, Pürli aga ýaly beýikleriň ak patasyny alyp, Hojamämmetdir Çary Täçmämmedowlar, Jepbar Hansähedow kimin deň-duşlary bilen milli sazymyzyň merdemsi sütünlerine öwrülip ugran Ş.Gurbannepesow many-mazmuny, gurluşy we çeperçiligi taýdan kämil sazlary döredip, ýiti kompozitorçylyk zehinine güwä geçýän eserlerini miras goýdy. Onuň şol ajaýyp sazlary ussatlaryňam, ukyply ýaşlaryň hem höwes bilen çalýan eserlerine öwrüldi.
Çynar GURBANOW