Ýaraşykly dünýä


Ýaraşykly dünýä



Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda toý öwüşginleri bar Olar, edil, ýaz güllerinden dokalan ýaly owadan, nepis hem näzik. Olar waspynyň şygra, dessana laýykdygyny öz şowurdysy, öwüşgini bilen dünýä ýaýyp ýör.

Ýüpek jemally öýme

Ol birenaýy lowurdaýar. Ýöne däl, söýgi bolup lowurdaýar. Ondaky nur Gün şöhlesinden gaýdýana çalym edip, gözleriňi gamaşdyrýar. Şol nur, şol şöhle onuň älemgoşar ýaly dürli reňkdedigine garamazdan (gyzyl, ýaşyl, mawy, gülgüne), owadan şekiller bilen bile ýüregiňi ýagtyldyp gidýär. Obanyň aňry çetinden bir zenan ýöräp gelýärdi. Onuň başyndaky owadan sary öýmesi maňlaýyndan daňan ter ýaşyl reňkli, gyzyl gülli ýaglygy bilen sazlaşyp, oňa üýtgeşik gelşik berýärdi. Ol agras ýöräp gelşine, meniň seredýänimi hem aňşyrman, deňimden geçip gitdi. Ol zenan toýa gelýärdi. Bu gün Ýaýlan agalar toý edýär, megerem, ol hem şolara gelýändir. Elindäki sowgat-serpaýly uly torbasy, egnine gelşip duran aýna atlaz köýnegi hem abadançylygyň, toýçulygyň nyşany ýaly bolup, töweregine üýtgeşik ýakym paýlaýardy. Öýme — toý-baýramyň nyşany. Başy öýmeli gelin-gyzlar toýda küşt depenlerinde, gör, nähili gelişýär!
Öýme ýaglykly zenanlar nirede bolsada, gözüňi egleýär. Çünki öýmede Günden nyşan bar. Biziň güneşli ýurdumyzdaky Günden görk alan öýmeler göreni haýran galdyrýar. Zenanlarymyzyň başlaryndaky öýmeler öý-ojagyna, perzentlerine egsilmez söýgüden nyşan. Öýmeli zenany owadan edýän ýene bir esasy zat bolsa onuň erkinlik, bagtyýarlyk çaýylan beýik buýsanjydyr.
Öýme ýüpekden. Ol ýüpekler ene topragymyzda önýär. Ýurdumyzda olaryň önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçiler bar. Paýtagtymyzyň dükanlarynda olaryň öndürýän öýme ýaglyklaryny göreniňde, guwanjyň goşalanýar. Öýme erkinligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Belki, şonuň üçin Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýew «Garaşsyz» atly meşhur goşgusynda:

— Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn!
—diýende, öýmäni göz öňünde tutandyr. Şeýdip, milli lybaslarymyzyň manysy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, toýlaryň mekany eziz Diýarymyzda zenanlarymyzyň buýsançly başlarynda parlap-pasyrdamagyny dowam etdirýär.

Keşdäniň dili ketenide

Ýüpek gurçugynyň saraýan ýüpeginden dokalýan keteniniň gyzyl reňkini bahar gelende gyzyl köz ýaly bolup açylýan güläleklerdir çigildemlerden almandygyna kim güwä geçip biler?! Onuň ýaşyl reňkiniň begres geýen dag-düzlerden gaýdýanyna ynanman bolarmy?! Onuň gyrasarysynyň hiç wagt gutarmaýan sähra ýollaryna çalymdaşlygyny bilmek, duýmak üçin döredijilik bilen meşgullanmak hökman däl. Çeper elli zenanlaryň dokma gurallarynda, tarada döredýän gudraty keteniniň döredýän gözellik güýjüne deňdir. Ony çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, talyp gyzlarda, gelinlerde, dürli ýaşdaky zenanlarda geýýärler. Asyrlar aşyp, mizemän gelşine, onda Watan keramatynyň bir ülşüni görmeýärmiň?! Ýüpek zat ýürege ýakyn bolýar. Bahar paslynda öwüsýän, gunça - gülleri açýan ýüpek ýeller ýüregi ýelpeýär. Güýz gelende, ýüpek pagtanyň, ak pagtanyň gunduz ýaly ak reňki bilen kalbymyza Watan nagmasyny ýazýandygy şeksizdir. Keteniniň mawy reňkini sähradaky ýakymly yslyja, mawuja güllerden alandygyna özüm-ä ynanýaryn. Keteniniň öýme bilen özara, mizemez sazlaşygynda çuňňur many bar. Öýme başyň bezegi bolsa, keteni özüniň gyrasarysy bilen türkmen sährasynyň bahardaky keşbini ýadyňa salýar. Olaryň bilelikde döredýän gözelligi bahar ýaly joşgunly hem biserhetdir. Çabydyň, kürtäniň, çyrpynyň, gültahýanyň ýerliginiň hem ketenidendigi, belki, şondandyr. Sary, gök reňkli ketenilerde hem güýz paslynyň, güýz gülleriniň reňki bar. Keteniniň türkmen tebigatynyň dört paslyna reňkdeş bolmagy ýa-da onuň reňkiniň älemgoşara deňdigi kalbyňda tebigata bolan söýgini has-da joşdurýar. Gyzjagazlar ak keteni köýneklije ak arzuwlary, päk niýetleri bilen Watan şanyna, Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunda joşup goşgy okaýarlar, aýdym aýdýarlar. Mugallymyň gök reňkli keteni köýneginiň reňki bilen asuda, parahat asmanyň reňkinde meňzeşlik bar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde okuwçylar, olaryň ata eneleri, mugallymlar bu günüň hakyky toýdugyny milli lybaslary bilenem bütin dünýä buşlaýar. Keteniniň türkmen zenanyna gelşik berşiniň waspy söze sygarmyka?! Onuň waspyna gutarma ýok.
Milli lybaslarymyzda älemdäki ýaly beýik sazlaşyk bar. Milli lybaslarymyz bilen şaňňyrdaýan milli şaý-seplerimizde sazlaşyk bar. Ketenili, öýmeli zenanlarymyzyň görküne görk goşýan milli şaý-seplerimiziň altyn gymmaty bagtyýarlyk döwrümizde has-da artyp barýar.

Aýjemal OMAROWA