Bilbil owazly aýdymçy


Bilbil owazly aýdymçy



Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýurdumyzda türkmen bagşylarynyň zehinine, ýerine ýetirijilik ussatlygyna, olaryň çalýan sazlaryna we aýdýan aýdymlaryna aýratyn hormat goýulýandygyny jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz doly aýan edýär» diýip belleýşi ýaly, halkymyz bagşydyr sazandalarymyzyň zehinine uly hormat goýýar. Mähriban Diýarymyz «zehini daş ýaran» diýilýän ägirtleriň, ussatlaryň Watanydyr. Olaryň atlaryny ýagşylykda ýatlap, tejribesini, ukyp-zehinini ýaş nesillere ýaýmak biziň borjumyzdyr. Halkymyzyň aňynda müdimilik ýaşaýan şirin owazly, mahmal sesli meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowdyr. Şirin labyzly aýdymçynyň gulaga ýakymly «Seni küýsedim», «Sonam duran ýerlere», «Ilden aýypdyr», «Söýdüm seni, eý, dildar», «Jan Eneş», «Dillen, läläm», «Ilden ogrynça», «Maral», «Çopan oglan», «Öz ilimiň gara gözli gyzlary», «Säher guşlar saýranda», «Gumly gelin», «Seýle gelseň bu daglara», «Gül ýüzüňe bakaýyn» ýaly hiç kesiňkä çalym etmeýän belent owazly aýdan aýdymlary aýdym-saz sungatyna sarpa goýýan her bir adamyň kalbynda orun aldy. Ony ulus-ile tanadan, mertebesini belende galdyran ajaýyp öwüşginli gözel aýdymlarydyr.
Ussat halypa ýakymly seslidi, bilbil owazlydy. Ussatlyga ýetmek, halkyň söýgüsini gazanmak üçin özgäniňkä çalym etmeýän ýoluň, zehiniň, erjelligiň, başarnygyň, baş goşan käriňe söýgiň bolmaly. Annaberdi Atdanow ussatlyga ýetip bilen aýdymçydyr. Türkmen aýdym-saz sungatynda belli yz galdyran halypa aýdymçy kompozitordyr şahyrlaryň döreden aýdymlaryny ile hödürlemezden ozal, köpçüligiň göwnünden turaýjak derejesinde işleýärdi. Aýdymlaryň durnukly, hiç mahal könelmejek, halk arasynda ýörgünli bolmagyny gazanmak üçin ussat aýdymçy olary öz galybyna salyp, şirin labyz bilen bezäp, ýerine ýetirerdi. Şeýlelikde, onuň aýdýan aýdymlary diňleýjileriniň kalbyny joşdurýardy, ruhuna ruh goşýardy. Şonuň üçin hem bagşynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren gaýtalanmajak derejedäki aýdymlary hemmeleriň hakydasynda müdimilik ýaşamagyny dowam edýär, diňleýjileriň göwünlerini galkyndyrýar.
Annaberdi Atdanow meşhur kompozitor Nury Halmämmedowa uly sarpa goýardy. Ussat kompozitor hem onuň bilen höwesli işleşýärdi, bagşynyň zehinine hormat goýýardy. Nury Halmämmedow «Mukamyň syry», «Keçpelek» filmlerine saz ýazanda, olardaky «Ilden aýypdyr», «Sonam duran ýerlere» diýen aýdymlary Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetirmegini isläpdir. Dogrudan hem, Annaberdi Atdanowyň ussatlarça ýerine ýetiren şol aýdymlary hemmeleriň göwnünden turupdy. Moskwa şäherinde «Keçpelek» filmindäki «Sonam duran ýerlere» diýen aýdym ýazgy edilensoň, aýdym-saz ugrundan rus bilermenleriniň biri Annaberdi Atdanowdan nirede okap, bu belent derejä ýetendigini gyzyklanyp soranda, halypa şeýle jogap beripdir:

Bilmekçi bolsaňyz, professor aga,
Saz ugrundan gutaranmy niräni.
Gutardym men Ahal ilinde,
Keletede konserwatoriýany.

Şu setirleriň awtory Geldi Bäşiýew Annaberdi Atdanowa bagyşlap ýazan «Bilbil owazly» atly goşgusynda onuň ýönekeýlikden ussatlyga ýetişen artistdigini aýdýar. Gara Seýitliýew, Aman Agajykow, Nury Halmämmedow, Mäti Çaryýew, Öwezgeldi Tekäýew, Ata Esadow, Akmyrat Çaryýew, Annageldi Jülgäýew, Weli Muhadow, Ýolaman Nurymow, Saparmyrat Babaýew, Geldi Bäşiýew, Nazar Begliýew dagy Annaberdi Atdanowyň bilelikde işleşýän egindeşleridi. Olar bilen aýdym-saz sungaty barada söhbet ederdi, pikir alşardy. Meşhur kompozitor hem aýdymçy Mäti Çaryýew oňa: «Seni küýsedim», «Dillen läläm» aýdymlarymy bezäp aýdyşyň göwnümi göterdi, senden özge hiç kes olary ogşadyp ýerine ýetirip bilmese gerek» diýipdir.
Annaberdi Atdanow güler ýüzlüdi, sadady, adamkärçiligi belentdi, hoşgylawdy, pespäldi, uly bilen uludy, kiçi bilen kiçidi, medeniýetlidi, iýim-içimden özüni seýisli saklardy, bokurdagyny aýardy, saglygyna serederdi, söhbetdeşi bilen edýän gürrüňi köplenç aýdym-saz hakynda bolardy. Magtymguly Garlyýewe, Sahy Jepbarowa, Orazgeldi Ylýasowa, Girman bagşa, Oraz Salyra sarpasy belentdi. Olaryň döredijiligi hakynda uly hormat bilen: «Gaýtalanmajak, tapylgysyz zehinli bagşylar, aýdymlaryny diňleseň göwnüňi galkyndyrýar, şatlygyňa şatlyk goşýar, näçe diňleseňem irizenok» diýerdi. «Halypalarym aýdymlary serden geçip, gaýnap-joşup ýerine ýetirýärler» diýip, olaryň sungatyna uly baha bererdi.
Annaberdi Atdanow orta mekdebi tamamlansoň, Bäherden etrabynyň ýol hojalygy gullugynyň Kelete demir ýol stansiýasynda (bekedinde) işe başlapdy. Dutaryň kirişleri ýaly uzalyp alyslara gidýän «polat ýoluň» ugruny syryp, onuň abatlygyna gözegçilik ederdi. Geljekde külli türkmeniň sylag-hormatyna, meşhurlyga eýe boljak bu jahyl ýigit özüniň gözegçilik edýän «polat ýolundan» batly geçip gidýän içi ýolagçyly ýa-da üsti ýükli wagonlary göreninde kalby joşup, hiňlenenini duýmazdy. Kärdeş ýoldaşlary işdeşine haýran galyp, onuň ýakymly owaz bilen aýdym aýdyşyna gulak asardylar, berekellasyny ýetirerdiler. Ol Bäherden etrabynda geçirilýän dabaralardyr çärelere hem işeňňir gatnaşyp, aýdym-saz bilen köpçüligiň göwnüni götererdi. Ol dutar çalmaga-da ussatdy. 1962-nji ýylyň güýzünde Arçman demir ýol stansiýasynda nobatçy bolup işleýän işdeş ýoldaşy Aşyrberdi Hudaýberdiýewiň toýunda Annaberdi Atdanow dutarda gijäniň bir mahalyna çenli aýdym-saz bilen märekä hezil berdi. Şol ýyllar onuň kakasy Atdan aga hem Kelete stansiýasynda demirýolçy bolup işleýärdi.
Annaberdi Atdanow guýmagursak jöwher zehinlidi, Hakdan içen aýdymçydy, türkmeniň saýrak bilbilidi. Ol 1982-nji ýylda Tejenden Aşgabada gelýärkä ulag heläkçiliginde aradan çykýar. Görenleriň aýtmagyna görä, Kaka bilen Duşagyň aralygynda ulaglaryň çaknyşygy bolupdyr. Bu ýol heläkçiliginde Annaberdi bilen bilelikde nowbahar ogly hem şehit bolupdyr. Juwan ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlan Annaberdi Atdanowyň inisi Ýalkabyň ogly Arslan Atdanow häzirki günlerde onuň ýoluny dowam etdirýär. Oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» hormatly ady hem berildi.
Ussat aýdymçy Annaberdi Atdanow entek ýaşamalydy, köp-köp ilhalar, ýatda galyjy ýakymly şirin aýdymlary bilen hemmäni begendirmelidi. Ol ýaşap ýöreninde bu bolýan ajaýyp özgerişliklere guwanyp, joşup, wasp edip, aýdym baryny aýdardy. Oňa «Türkmenistanyň halk artisti» hormatly adyň berilmegi, döwletimiziň öz zehinlerini asla unutmaýandygynyň nyşanydyr. Bu bilbil owazly aýdymçyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda hem ýatlapdyr: «Yzgantda birnäçe obadan gelen adamlaryň öňünde aýdym aýdýan Sahy bagşyny we Annaberdi Atdanowy diňlämde, meniň juwan kalbymda «Bagşylaryň aýdymlarynyň adamlara şeýle täsir etmeginiň syry nämedekä? — diýen sorag döräpdi», «Ýetginjek ýyllarymyzda maşgalamyz Aşgabat şäherine göçüp gaýdanyndan soňam oba köp barardyk. Sahy bagşynyň, Annaberdi Atdanyň toýda aýdym aýdyşyny özüm hem diňläpdim. Olaryň töweregindäki märeke aýdym diňleýärdi. Olar edil bagşynyň daşyna kökerilen ýalydy. Bilini berk guşap aýdym aýdýan Annaberdi Atdanow häzirem göz öňümde dur». Hormatly Prezidentimiz bu jümlelerinde Annaberdi Atdanowyň joşgunly, şirin labyzly ýerine ýetiren aýdymlarynyň märekäniň göwnünden turandygyny, diňleýjileriň söýgüsini gazanandygyny hormat bilen belleýär.
Ussat aýdymçy Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň halkymyza miras galdyran aýdymlarynyň owazy kalbymyzda hemişelik ýaňlanyp dur. Ol hoş owazly aýdymlary bilen halkyň hakydasynda ebedi ýaşaýar.

Begenç ESENOW