Myhmanlara gujak açýar Awaza


Myhmanlara gujak açýar Awaza



Türkmenistan — ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen dörän Awazanyň ady hem bu gün dünýä syýahatçylygynyň merjeni, gözelligiň nyşany hökmünde, aýdylyşy ýaly, Ýer ýüzüniň ýedi yklymynda mälimdir.

Arkadag Prezidentimiziň «Sportly Türkmenistan!» atly dürdäne goşgusynda şeýle ajaýyp setirler bar:

Sport!
Türkmenistan!
Gözel Awaza!
Ýüpek ýol uzaýar
Amul — Hazara.
Sportuň, sagdynlygyň,
Belent owazy,
Türkmenistan, Awaza
Bagtyň mekany.

Hawa, Türkmenistan, Awaza — bagtyň mekany. Bagt bolsa parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, sagdynlygyň bar ýerinde, şol ajaýyplyklaryň jemlenýän ýerinde peýda bolýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä syýahatçylygynyň merjeni bolmak bilen birlikde, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýan, şol gatnaşyklarda täze sahypalaryň açylýan, täze mümkinçiliklere badalga berilýän mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolmagy, elbetde, milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatynda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyndan, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden nyşandyr. Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilen halkara çäreleriniň bolsa, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bar. Dürli ýyllarda geçirilen şeýle çäreleriň diňe käbirlerine üns berip geçeliň.
«Awaza — dostluk mekany» atly çagalaryň halkara festiwallary, windsörfing boýunça dünýä Kubogynyň tapgyry, «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresi, halkara Gaz kongresleri, «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forum, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti, Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly, «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisi hem-de maslahaty, birinji Hazar ykdysady forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi... Elbetde, bu sanawy uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Ýöne gep sanda däl-de, şol çäreleriň ähmiýetinde, halkara jemgyýetçiliginde eýeleýän ornunda. Olaryň örän uly ähmiýete we orna eýedigine bolsa, bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi aňrybaş derejede göz ýetirdi we Awazada bolup geçen festiwallar, duşuşyklar, sammitler, maslahatlar, sergiler, kongresler... hormatly Prezidentimiziň: «Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň özboluşly köprüsi bolmak bilen, Türkmenistan halkara derejede söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar» diýen sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da Awaza arzyly myhmanlaryny gujak açyp garşylaýar. Ertir bu ajaýyp künjekde, bagtyýarlyk döwrümiziň öňki ýyllaryndaky ýaly, şanly wakalaryň dowamat-dowamdygynyň aýdyň nyşany hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek, Türkmenistanyň dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň hem jebisligiň mekanydygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen görkezjek halkara çäreleri biri-birine ulaşar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şanyna şan, şöhratyna şöhrat, abraýyna abraý goşar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda goňşy halklar bilen birek-birege hormat-sarpa goýmaklyga hem-de ynanyşmaklyga esaslanýan gatnaşyklary saklap gelipdir we ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň bu ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda nusgalyk derejede dowam etdirilýändigine ertirki geçiriljek halkara ähmiýetli çäreleriň mysalynda ýene bir ýola buýsanmak bilen göz ýetirip bileris. Bu çäreler sebitiň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň, goňşy halklaryň we ýurtlaryň arasynda birek-biregiň milli däp-dessurlaryna, medeniýetine, sungatyna, pikir-garaýyşlaryna uly hormat-sarpa goýulýandygynyň, Türkmenistanyň bolsa şol gatnaşyklary has-da jebisleşdiriji ýurda öwrülendiginiň subutnamasy bolup dabaralanar. Sebäbi, mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Garaşsyz, Bitarap Watanymyz halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydyr».

Aşyrberdi Gurbanow