Gowak şäherleriniň açylmadyk syrlary


Gowak şäherleriniň açylmadyk syrlary



Türkmenistanyň demirgazygynda Sarygamyş töweregindäki belentlikleriň kert eňňitlerinde gadymy gowaklar «gizlenýärler», olar syýahatçylary, jahankeşdeleri we alymlary özüne çekýärler. Haýsy-da bolsa bir wagtlar adam tarapyndan gazylan gowaklar häzirki günde hem özüniň açylmadyk syrlary we ilkinji nobatda bu ýerde tapylan gaýanyň ýüzündäki suratlarynyň – petroglifleriň matallary bilen adamlaryň hyýalyny tolgundyrýar.

Guramaçylykly ylmy ekspedisiýa Üstýurt gyrynyň günorta-gündogar etegindäki Sarygamyş çöketliginiň barmasy kyn bolan gowak şäherlerinde ylmy barlaglary geçirdi. Bu ýerde belentlikleriň kert eňňitlerinde ýerleşen bäş sany gowak şäherleri tapyldy, 200-den gowrak gowaklar we takmynan 600 sany girelgeler öwrenildi, topografiki çyzgylar düzüldi. Ekspedisiýa Sarygamyşyň käbir gowaklarynda runa ýazgylaryny tapdy, olar elementleri we umumy ýazylyşy boýunça skandinawlaryň we türkleriň hatlaryna meňzeş eken, emma bu hatlary entek okamak başartmaýar. Muňa garamazdan, bu açyş diýseň möhümdir we uly gyzyklanma döredýär. Mümkin olar runa ýazgylarynyň dörän sebitini görkezýändirler. Meýdan barlaglarynyň materiallaryny ulanmak bilen biz ýurduň demirgazygynda ýerleşen syrly gowak şäherleri barada gürrüň bermäge çalyşarys.

...Sarygamyş töwereginiň deltasy Amyderýanyň gadymy deltasy bolup durýar hem-de tekiz düzlük bolup durýar, ol Amyderýanyň aşak akymlaryndan Sarygamyş kölüne çenli meýdany eýeleýär. Demirgazyk-gündogarda ol Amyderýanyň Aralýaka deltasy bilen goşulyp gidýär. Günortada bolsa Üňüz aňyrsyndaky Garagum bilen serhetleşýär, demirgazykda bolsa Üstýurdyň uzalyp gidýän ýerlerinde belentligi 50 metrden 100 metre çenli bolan kert dag eňňitleri bilen daşy aýlanandyr.

Sarygamyş kölüne gös-göni ýanaşýan deltalaryň çäginde birnäçe ada görnüşli belentlikler bardyr. Kert we uçut eňňitleri bolan iň bir ägirt belentliklere Bötendag, Tarym-gaýa, Zeňňi-baba, Kanga-gyr, Düz-gyr degişlidir. Olaryň ikisinde, ýagny Bötentdagda we Tarym-gaýada, Üstýurdyň günorta uçutlarynda süýşgüniň ýokary gyrasynyň 15-20 metr belentlerinde adamyň köwüp ýasan gowaklary ýerleşýär.

Aslynda gowaklara aşakdan hem, ýokardan hem baryp bolmaýar, çünki olar uçutlaryň iň bir kert ýerlerinde köwülendir, onda-da köplenç iki-üç metr öňe çykýan karnizleriň aşagynda ýerleşýärler. Ilkinji sapar 1951-nji ýylda alymlar aşakdan baryp bolýan gowaklaryň birisini barlandan soň, XII-XIII asyrlaryň keramikasyny süýşgünleriň aşagyndan tapypdyrlar, olar gowagy irki orta asyrlara degişli edipdirler. Emma şular ýaly özboluşly üzňe mekanyň emele gelmeginiň sebäbi nämälim bolup galypdyr.

Bu ugurdaky ilkinji işler gowak jaýlaryna dürli wagtlarda we köp sapar barlandygyny ýüze çykardy, muňa gowaklarda tapylan tapyndylar hem, olaryň aşagynda gaýa böleklerinde tapylan tapyndylar - dürli tärler bilen dürli temalarda we sýujetlerde ýerine ýetirilen gaýa ýüzündäki suratlaryň petroglifleri hem güwä geçýärdiler. Hut şeýle suratlar gowaklaryň has irki döwürlere degişlidigini tassyklaýarlar.

Bötendag uçutlaryň arasynda iň bir öwrenilen uçut hasaplanylýar, bu ýerde has köp gowaklar ýerleşýärler. Bu uçudyň iň bir günorta gyrasynda Ybraýym-Medem mazary ýerleşýär. Ol rowaýatlarda ýatlanýan arap Ybraýymyň ady bilen baglanyşyklydyr, aýdyşlaryna görä, ol bu ýerlere yslam dinini getiripdir we bir günüň içinde Butendag belentligini döredipdir. Şeýlelik-de Bötendagyň terjimeleriniň birisi – «gelen dagdyr». Dokuz metr boýy bolan Ybraýymyň hatyrasyna keramatly mazar gurlupdyr. Gowaklar uçudyň günorta-gündogar ýapgydynda hem, demirgazyk-günbatar ýapgydynda hem ýerleşýärler. Bu gowaklaryň garşysynda orta asyrlar galasy Adak ýerleşipdir, onuň ýerinde giçki orta asyrlar galasy Ak-gala gurlupdyr, onuň harabalyklary biziň günlerimize çenli saklanypdyr.

Her bir ýerde köwlen gowaklar belentligi 5 metr gatlar boýunça ýerleşdirilipdir. Belentligiň düýbünde bolsa yzygider süýşgünler emele gelipdir, olar uçutlary emel getirýän jynslaryň döwüklerinden we onuň weýran bolan böleklerinden emele gelipdir. Uçutlaryň weýran bolan galyndylaryny göreniňde, olaryň tebigy ýagdaýda ýuwaş-ýuwaşdan emele gelendigi täsir galdyrýar, emma has çiňe seredeniňde, ýertitreme ýaly bir pursadyň içinde güýçli weýrançylygyň bolandygy barada pikir döreýär.

Häzirki wagtda Butendag uçudynda diňe günorta-gündogar tarapdan degişlilikde 91 we 28 sany gowaklarda birinji gatda 228 sany girelgeler we ikinji gatda 51 sany girelgeler anyklandy. Her bir gowagyň birden on ikä çenli girelgesi bar we degişlilikde birden alta çenli otaglary bar. Şunuň bilen birlikde girelgeleri hakyky girelgelere,penjirelere, tüsse çykarlara, ýeljirediş deşiklerine, dürli göteriji gurluşlary berkidiji deşiklere bölmek bolýar. Gowaklarda tapyndylar dürli-dürli bolsa-da, köp däl. Keramika esasan ýarmalary, däneleri saklamak üçin gaplaryň böleklerinden ybarat. Agaç çanak, agaçdan deşilip ýasalan küýze, köpsanly agaç daraklar, ýük üçin daraklar, ikler, dürli gaňyrgyçlar tapyldy. Ikinji gatdaky gowaklaryň birisinde agaç gapy bar, ikinji gatdaky beýleki gowakda bolsa tozan gatynyň aşagyndan sandyk tapylypdyr, onuň içinde agaçdan ölçeg guraly we pars dilinde golýazmalaryň parçalary tapylypdyr.

Emma gowaklarda we olaryň ýanynda tapylan iň bir esasy tapyndylar gaýa ýüzündäki suratlar – petrogliflerdir. Öwrenilen petroglifleriň galapyny gaýalaryň böleklerinde, uçutlaryň diwarlarynda we gowaklaryň içinde oýulyp ýazylypdyr. Petrogliflerden başga-da, runa ýazgylaryna meňzeş belgiler tapylypdyr, häzirki wagtda olary toparlara bölmäge synanyşýarlar. Petroglifler hem, runa belgileri hem gaty predmet bilen hek mergel jynslarynda 2 sm çenli çuňlukda oýulyp ýazylypdyr.

Wladimir KOMAROW