Göwnüm


Göwnüm



Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm
Ahyr bildim göwündigiň.

Il derdine ters bakmadym,
Ony dusdan geçirmedim.
Gonsymyň için ýakmadym,
Hem oduny öçürmedim.

Aç bolmadym, ýöne weli,
Doklugymdan gägirmedim,
Ýigit kimin söýdüm ili,
Söýýän diýip gygyrmadym.

Ýöne şum is gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum.

Bu türkmeniň bahary deý
Ýaslygymyz geçýär basym,
Il basyna düsen işden
Bizi hiç zat goramasyn.

Hakyn gözüne bakaly,
Ser is ýerden göçer ýaly,
Ýüreklerde ot ýakaly,
Ojaklary öçürmäli.

Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan.
Biz näm bolsak şo bolaly,
Bolsa bolýar, eziz Watan!