Sungatyň üç ägirdi


Sungatyň üç ägirdi



Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna ýokary çeperçilikli edebiýat we edebiýaty öwreniş, sungat, kino hem-de şekillendiriş eserleri hödürlenilýär. Şeýle ajaýyp baýraga mynasyp bolan eserler halkyň hakydasyndan ebedi orun alýar. Edebiýatyň ruhy sütünini düzýän nusgalyk eserler halkyň hazynasy bolup, nesilden-nesle dowam edip gelýär. Üç sungaty birleşdirip, medeniýetde ägirt uly yz goýan «Şükür bagşy» kinofilmi hem her bir ynsanyň ýüreginiň buýsanjydyr.

Ussat ussady öňe çykarýar. Şeýle ussatlardan belli ýazyjy Nurmyrat Saryhanow, kino äleminde yz goýan režissýor Bulat Mansurow, görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedow türkmen sungatyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. 1963-nji ýylda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda çeper film surata düşürilýär.

Edebi eseriň halkylygy, gahrymanlarynyň sada, dana türkmen merdanalarynyň bolandygy, ýazyjynyň ony hut halkyň içinden susup alandygy hakykat. Geçmişde dawa-jeňden daşda duran, her bir ýüze çykan meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözmäge çalşan keşpleriň biziň ata-babalarymyzyň bolmagy ruhy dünýämizi ýokary göterýär.

Söz, saz, sungat birleşende, üýtgeşik bir gudrat emele gelýär. Şol gudraty «Şükür bagşy» kinofilminde duýmak bolýar. Halkyň ruhy baýlygy biziň sungatymyzda jemlenendir. Hormatly Prezidentimiz: «Ruhy baýlygymyz halkymyzyň pähim-paýhas, zehin, ukyp, başarnyk çyragydyr» diýip belleýär. Elbetde, ukyp-başarnygy bilen halkymyzyň hakydasynda ebedi ýaşaýan «Şükür bagşy» kinofilmi şol sözleriň subutnamasydyr. Edebiýat pähim-paýhas bolsa, saz hem kino sungaty onuň owaz hem şekil duýgusydyr.

Şu üç ahwaly özünde jemleýän kinofilmiň gönezligi Nurmyrat Saryhanowda, Bulat Mansurowda, Nury Halmämmedowdadyr. Bu ägirtler birleşip, ebedi sungatyň gözelligini döretdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Nurmyrat Saryhanowyň döreden keşbi adamzadyň döreden müdimilik ruhy gymmatlygyndan ynsan mertebeliliginiň aňylýandygy hakyndaky durmuş ahwalydyr». Bulat Mansurowyň döreden «Şükür bagşysynyň» sungatda şöhratyny artdyran ussatlygyny döwlet Baştutanymyz şeýle belleýär: «Melhem suwly derýanyň paýhasy filmiň durkuna siňen». Munuň özi kinorežissýoryň sungatda ornunyň uludygyny aýdyň görkezýär. Üçünji ägirt kinofilmiň akgynlylygyny, gözelligini mukam bilen bezän Nury Halmämmedowdyr. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserinde: «Nury Halmämmedow çaksyz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Üç ussat: ýazyjy Nurmyrat Saryhanow, kinorežissýor Bulat Mansurow, kompozitor Nury Halmämmedow öz işiniň aňrybaş ussatlary. Çeper filmiň aňrybaş kämillige ýetmegi bu üç ägirdiň dörediji zehininiň birleşmesidir. Şu ýerde nusgalyk eserleri bilen edebiýat meýdanynda öz yzyny goýan Nurmyrat Saryhanow barada söhbet etsek, ýerlikli bolar. Ýazyjynyň adamkärçiligini, merdi-merdanalygyny, janypkeşligini döredijilik dünýäsinde aýdyň görmek bolýar. N.Saryhanowyň watançylyk duýgulary, parahatsöýüjilikli pikirleri eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýazyjynyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, maglumat toplanymyzda, onuň «Şükür bagşy» powestini ýazandygy baradaky ýatlamalara gabat geldik. Bir gün ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow bilen Hoja Şükürow ikisi Nurmyrat Saryhanowlara myhmançylyga barýar. Şonda ýazyjy «Şükür bagşy» atly eserini ýazjakdygyny aýdýar. Aradan biraz salym geçenden soň, olar duşuşanlarynda, eser barada soraýarlar. Şonda N.Saryhanow: «Onuň ýagy ýakylyp, eti atyldy, lagyrdap durandyr. Indi bürünjini atmak gerek» diýýär: Ýazyjylar soňky sapar duşuşanlarynda, N.Saryhanow: «Bürünji hem atyldy, ýöne ony buglamakda gep bar» diýýär. Şu ýerde «Şükür bagşy» kinofilminiň gyzykly bir görnüşine salgylanasymyz gelýär. Çeper filmde oglanjyga atasynyň soňky wesýetlerini aýdýan pursadynda ýazyjy öz eserinde ussatlyk bilen sözleri manyly, ýerbe-ýer goýan bolsa, kinorežissýor ony täsin şekillerde berýär. Nury Halmämmedowyň sazy bolsa ony monjuklaryň biri-biri bilen baglanyşdyrylyşy ýaly, bir ýüpe düzýär. Sazyň güýji ruhy taýdan adamyň kemala gelmegine, aň-düşünjesiniň artmagyna täsirini ýetirýär.

Kinorežissýor Bulat Mansurowyň 1955—1959-njy ýyllarda şol mahalky Çärjew şäherindäki (häzirki Türkmenabat şäheri) Çagalaryň we ýaş ýetginjekleriň köşgünde saz ýolbaşçysy bolup işlemegi «Şükür bagşynyň» sazynyň şeýle şowly çykmagyna öz täsirini ýetirýär.

Filmiň sazynyň uly üstünlige eýe bolmagynyň aňyrsynda ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň bitiren hyzmaty çäksizdir. Bu barada Orta Aziýa Respublikalarynyň we Gazagystanyň kinofestiwalynda bu filmiň sazy üçin berlen baýrak gowşurylanda, dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow N.Halmämmedowyň sazyny «Durmuşyň öz beren sazy» diýip atlandyrýar. Diýmek, «Şükür bagşy» kinofilmi üç sany ussadyň ussatlyk mekdebiniň netijesidir.

Ogulbagt Hojalyýewa