Baýramçylyk sergisi - milli medeniýetimiziň şanly gadamlary


Baýramçylyk sergisi - milli medeniýetimiziň şanly gadamlary



Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly şanly ýylymyzda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Baky Bitaraplyk syýasatymyz öz ýurdumyza, sebite we dünýä abadançylyk nuruny çaýmak bilen, biziň bütin bagtly durmuşymyzy berkitmegimiziň daýanjydyr. Beýik özgertmelerimiz, şu güne we geljege hyzmat edýän ähli taryhy tutumlarymyz abadan, nurana durmuşy, dünýäde dostana gatnaşyklary, ösüşi hem hyzmatdaşlygy ileri tutýan mukaddes ýörelgämiziň saýasynda amala aşýandyr». Bu sözler ilkinji nobatda, bäş müň ýyllyk taryhly halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän milli medeniýetimize degişlidir. Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitabynyň «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar» bölüminde aýratyn belläp geçişi ýaly, baky Bitaraplyk halkara hukuk derejämiz milli medeni mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky asylly başlangyçlaryňyzyň barha rowaçlanýandygyny şertlendirýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 1 – 12 dekabr aralygynda geçirilýän halkara serginiň ýedinji güni ýurdumyzyň medeniýet toplumynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, geçirilen halkara ähmiýetli, giň gerimli medeni çäreler, şeýle-de toplumyň işini kämilleşdirmekde öňde durýan maksatnamalara bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Arkadag Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan gymmatlyklarymyzyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda yzygiderli tagallalar edilýär. Bu ugurda Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlygyna giň orun berilýär. Halkara sergisiniň Medeniýet toplumynyň güniniň çäginde «Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, ruhy-medeni mirasyny gorap saklamak we dünýä ýüzüne wagyz etmek» atly ylmy maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň belli mirasgär alymlary, ýazyjy-şahyrlary hem-de döredijilik işgärleri şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk, parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik ýaly nurana ýörelgelerimiziň, özboluşly däp-dessurlarymyzyň sarpasyny belende götermek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, röwşen geljegini dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň has-da dabaralanmagy babatdaky alnyp barylýan uzak möhletleýin işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylmy maslahata gatnaşyjylar üçin milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, medeniýet ulgamynyň ösüşini täze derejä çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilişi guraldy.
Halkara sergisine gatnaşýan myhmanlar amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisine tomaşa etmegiň çäklerinde tanymal aýdymçy-sazandalaryň, teatr artistleriň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny diňlediler.

Söwda-senagat edarasynyň Sergiler köşgüniň ýörite gurnalan tanyşdyryş meýdançasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan neşir önümleriniň tanyşdyrylyşy guraldy. Oňa gatnaşan myhmanlara ýurdumyzyň belli neşirýat we medeniýet işgärleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de žurnalistler bilen ýakyndan söhbetdeş bolmak, döredijilik barada pikir alyşmak mümkinçilikleri hem döredildi.
Sergi köşgüniň Uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygy şygary bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly bäsleşiginde ýeňiji bolan wideoşekilleriň görkezilişi guraldy.
Soňra myhmanlar üçin Sergiler köşgüniň ýörite taýýarlanylan künjeginde gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndan gelip çykýan çuňňur pelsepewi pikirlere eýerilip taýýarlanylan türkmen we daşary ýurt nusgawy saz eserleriniň konserti guraldy.

Halkara sergisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň galamyndan dörän, pähim-parasada ýugrulan kitaplaryň sergisi watandaşlarymyzda aýratyn gyzyklanma döretdi. Hususan-da, milli Liderimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly şanly ýylymyzda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny sahaplap synlan myhmanlar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu güne çenli iki gezek resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhy ösüş ýoly, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi we beýleki birnäçe ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň onlarçasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň iri halkara guramalary we BMG-niň abraýly edaralary bilen netijeli gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan has-da ýokary sepgitlere ýetýändigini tassyklaýan resminamalar, halkymyzyň milli ruhuna, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mahsus aýratynlyklaryň, türkmeniň parahatsöýüjilik, hoşmeýillilik, myhmansöýerlik ýaly döwletlilik ýörelgeleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar bilen içgin tanyşdylar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen baky Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli medeni mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky asylly başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Täze kitap ýaş nesillerde eziz Watanymyza söýgi döretmekde, baky Bitaraplyk halkara derejämiziň ähmiýetine içgin göz ýetirip, ýeňişli ýollardan bedew bady bilen ösüşlere alyp barýan syýasy ýörelgelerimize goýulýan hormat-sarpany belent derejelere götermekde, baky Bitaraplyk derejämiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Umuman, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara serginiň ýedinji güninde ýurdumyzyň medeniýet toplumynda alnyp barylýan işler hem-de gazanylan belent sepgitli üstünlikler giňden ýaýbaňlandyryldy. Sergä gatnaşan myhmanlar hem-de tanymal medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de žurnalistler ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary hem-de yzygiderli goldaw-hemaýatlary üçin, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Agamyrat BALTAÝEW