«Gülälekler»


«Gülälekler»



Bahara «Zeminiň ýylgyryşy» diýýärler. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň ýaşyl ýalkymynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Giň ýaýylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrýar. Baharyň bu täsin gözelliginden ruhlanyp, men hem «Gülälekler» atly eserimi döretdim. Bu eserimde bahar paslynyň ajaýyplygyny, reňbe-reň gülleri, ýaşyl daraýy maýsalary, bahara meňzeş gelin-gyzlarymyzy suratlandyrdym. Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerinde uz basyp gelýän türkmen gelin-gyzlarynyň nurana keşbi gyzyl gülälekleriň janlanan jemalydyr. Çünki türkmen zenany gözelligiň nusgasy, dünýä bagtyýarlygynyň zynatydyr.
Türkmeniň keşdeleri, nagyşly lybaslary, milli şaý-sepleri edep-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde ajaýyp bir sungat gözelligini ýatladýar. Bahar bilen göwündeş enelerimiz, gözellikde bahar gülleri bilen bäsleşýän gelin-gyzlarymyz bu sungat eserimde bagtyýarlyga beslenip, döwrümize şugla saçýar.

Enejan GARAÝEWA