Bagtyýarlygyň binýady


Bagtyýarlygyň binýady



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, täze taryhy döwrümiz yzygiderli ösüşlere hem-de giň möçberli özgertmelere, şanly senelere beslenýär. Gysga döwrüň içinde halkara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň ösüş merkezine öwrülen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, döwletli başlangyçlarynda giň goldawa mynasyp bolýar.
Dünýäde parahatçylygy goramak we halklaryň, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hoşmeýilli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiz bu ugurlarda Garaşsyz döwletimiziň halkara ulgamynda tutýan ornuny ýokarlandyrmak we at-abraýyny artdyrmak üçin uly işleri alyp barýar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilige, oňyn Bitaraplyga we netijeli hyzmatdaşlyga mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli ýöretmek arkaly, häzirki döwürdäki meseleleri oýlanyşykly işläp taýýarlamak boýunça işjeň garaýyşlara eýerýär we umumadamzat ösüşiniň hatyrasyna tagallalary birleşdirmäge gönükdirýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Türkmenistan ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarlydyr. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenisranyň Konstitusion kanunynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy bellenilýär. Türkmenistan döwletimiz hoşniýetli daşary syýasatyny Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we goldanylan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly eýermek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna laýyk işleri durmuşa geçirmek bilen amal edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynyda, hemişelik Bitarap döwtetimiz ylalaşdyryjylyk başlangyçlaryny öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işleýändigini, paýtagtymyzda «Ýewropa öýüniň» açylmagyny görkezmek bolar. BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligiň Türkmenistana bildirýän belent ynamynyň nyşanydyr.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Jumanepes HOJANEPESOW