Edebi mirasymyz hakda kelam...
(Aýdyşyk)
Tuwakgül GYLYJOWA:
— Türkmen mydam söze gadyr goýupdyr,
Barlyk içre çyn halypa uýupdyr,
Ol ne bagdyr, ajap çemen bogupdyr,
Ruhy baýlyk, nedir datly miwesi?!
Nyýazbibi ORAZOWA:
— Edebi mirasym giden bir umman,
Şägirtler oňmandyr halypa uýman,
Ýüreklerde mydam şygyrdan bossan,
Dillermizde bardyr sözleň çemeni.
— Gymmatlygy hakdyr, ýagşydan-ýagşy,
Lagyl-merjeni bar, köňülleň nagşy,
Düýpli goşgusyndan joş alar bagşy,
Asyrlardan aşan, nedir güwäsi?!
— Ýüregniň nygmaty her bir ynsanyň,
Kitapdyr ol. Hazynasy dünýäniň,
Kalbyndadyr uly-kiçi hemmäniň,
Kitaphana, mekdep — bilim ojagy.
— Gör, näçe ömürler oňa siňendir,
Niçe söýgi, nije gudrat siňendir,
Kämillik mekdebi siziň bilendir,
O ne ojak, mekdep, nedir dünýäsi?!
— Edebi mirasym — ebedi miras,
Onuň keremine köňüller telwas.
Türkmeniň heňinde keramat görýäs.
Bagşydyr. Golda bar dutar-gyjagy.
— Ruhuňa ganatdyr, sözleri dürdür,
Halkyň hazynasy baky mirasdyr.
Hakydadyr, dowamatdyr-dowamdyr,
O ne kalpdyr, bardyr şygyr-dogasy?!
— Şöhratlydyr, çuň taryhyň gatlary,
Juda baýdyr, milli miras kökleri,
Okaýas, öwrenýäs dessanlarmyzy,
Her sözi dür, ummanlaryň ajaby.
— Döwletli-döwranly eziz Diýarym,
Dillermize sena-ruhy çyragym,
Arzuwlan eýýamy dana Pyragyň,
Ne Watandyr, diýgil dilleň senasy?!
— Ýaýlasy ajaýyp, baglary bossan,
Aşgabat, Awaza dillerde dessan,
Gözellik täjidir, çarýana baksaň,
Türkmeniň döwleti — bagtyň gujagy!
Bilelikde:
— Eziz Diýar Bitaraplyk mekany,
Eziz Diýar Berkararlyk mekany.
Bu gün arşa galdy, milli mirasym,
Kalplarda pürepür ajap mukamy!