Päk zähmete sarpanyň belent dabarasy


Päk zähmete sarpanyň belent dabarasy



26-njy sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli zähmeti bilen tapawutlanan medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.M. Mämmedowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.A.Şamyradow gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň döredijilik wekillerini beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine jan saglygyny, bagtyýarlyk we maşgala abadanlygyny, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde täze zähmet sepgitlerine ýetmegini, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemegi, kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda medeniýet edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda milli toý-baýramçylyklarymyz, täze gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli, aýdym-sazly, medeni-köpçülikleýin çykyşlaryň ençemesi guraldy. Şeýle-de halkara medeni çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda medeni-durmuş maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, medeniýet ulgamynyň işini barha kämilleşdirilmegine gönükdirilen ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Welaýatlaryň has çetki künjeklerinde ýerleşýän ilatly ýerleriň medeni-durmuş derejesi özgerdilip, şäherlerde we obalarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeniýet ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär.
Medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleri Gahryman we Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda eziz Watanymyzyň parahatlygy, rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan adyl syýasatyny, pederlerimiziň baky şöhratyny, synmaz mertebesini, milletimiziň mizemez agzybirligini wasp etmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda tutumly we yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Munuň özi, ýurdumyzda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty esasynda, ýaş nesillerimizi ata-baba ýörelgelerine ygrarly, halk bilen bir jan, bir ten, Watana wepaly ogul-gyzlar edip ýetişdirmekde asyrlara ýaň saljak işleriň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki atalyk kitaplarynyň pähim-parasatly taglymatlaryna eýerip, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý we gadymy mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmekde hem ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak bilen bagly şeýle giň gerimli işler, döwrebap öwüşginli täze eserleriň döremeginiň hamyrmaýasyna öwrülýär.
Medeniýet ulgamy boýunça ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasynda çykyş edenler Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen mejlisinde kabul edilen täze wajyp çözgütleriniň döwletimiziň okgunly ösüşine, şol sanda milli medeniýetimiziň barha kämilleşmegine kuwwatly itergi berjekdigi hem-de agzybir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş derejesiniň mundan hem ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigini buýsanç bilen bellediler.
Dabara gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlary edip, milli Liderimize ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, milletimiziň agzybirliginiň, bitewiliginiň has-da berkemegine, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň pajarlap ösmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny, zehin-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Agamyrat BALTAÝEW