Sahna bilen adygan


Sahna bilen adygan



Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparow bilen sungat söhbedi

Teatr — ruhy baýlygyň ojagy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen keşp tomaşaçynyň aňynda galýar, kalbyndan orun alýar. Indi birnäçe ýyl bäri dürli keşpleriň üsti bilen tomaşaçynyň dünýäsine ýol salyp, halkyň söýgüsini gazanyp gelýän artistleriň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparow. Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda onuň bilen taýýarlan söhbetdeşligimizem sahnanyň jadyly dünýäsiniň artiste, tomaşaça täsiri dogrusynda boldy.

— Siziň sungatyňyz baradaky gürrüňimizi sahnadaky keşpleriňizi ýa-da goşa tary bir gyra süýşürip etmek mümkin däl. Siziň uly sahna gelmegiňize dutar sebäp boldumy ýa-da dutary eliňize ymykly almagyňyza sahnada döredýän keşpleriňiz täsir etdimi?

— Sahna bolan söýgimem çagalykdan gözbaş alýar welin, dutary-da elime şol döwürler aldym. Mekdebiň başlangyç synplarynda okap ýörkäm obadaşymyz, bagşy Döwran Nuryýewden dutar çalmakdan tälim alyp ugradym. Şondan bärem dutar hemişe diýen ýaly ýanymda. 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk bölümine okuwa girdim. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artistleri, uly halypalar Oraznepes Döwletnazarowyň, Akmyrat Çaryýewiň, Ýolaman Nurymowyň ussatlyk mekdebini geçdim.

2001-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredilmegi meniň durmuşymda täze bir sahypany açdy. Sebäbi ol teatra işe çagyrylmagym meniň üçin uly bir täzelik, täsinlikler dünýäsine syýahata çakylyk ýalydy. Çagyrylanyň bilen ur-tut işe başlabermeli diýen zat ýok, uly-uly halypalaryň synagyndan geçmeli. Ol ýere çagyrylanlaryňam aglabasy tanymal artistler, aýdymçylardyr bagşylar. Teatryň tomaşa zalynda üýşüp otyrys. Teatryň şol wagtky baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyr Atabaýew, baş režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow ýeke-ýekeden synag alýarlar. Ine, şu ýerde-de maňa dutarym kömege geldi. Gezek maňa ýetende, Ata Alowow: «Aýdym aýdýaňmy?» diýip sorady. «Hawa» diýdim. «Saýatly-Hemra» dessanyndan «Gara gözliniň» diýen aýdymy ýerine ýetirenimde halypalar: «Bäý, büý-ä, tüýs, bize geregi eken» diýişdiler. Şeýdibem, teatra işe kabul edildim.

— Döreden keşpleriňiz barada-da gürrüň beräýseňiz!
— Ýadyňyza düşýän bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ilkinji sahnalaşdyrylan spektakl Ata Alowowyň goýan «Saýatly-Hemrasy» bolupdy. Şol spektaklda Saýat hana aşyk bolýan aýdymçy ýigitleriň biriniň keşbini janlandyrdym. Oýunda «Çykdym güller» diýen halk aýdymyny ýerine ýetirdim. Bu aýdymy tomaşaçylar gaty gowy kabul etdiler. Şondan soň «Şasenem-Garyp» spektaklynda maňa Garybyň keşbini ynandylar. Şasenemiň keşbini bolsa Läle Begnazarowa janlandyrdy. Şeýtdi-de, keşp yzyna keşp döredi gidiberdi. Teatrymyzyň sahnasynda goýulýan oýunlaryň sanynyň artmagy bilen biziňem döredýän keşplerimiziň sanawy artdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyrmagynda birnäçe ululy-kiçili keşpleri ýerine ýetirdim.

— Artistlik ýolunda ilkinji halypaňyz?
— Sahna barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, uly halypam Ata Alowow göz öňüme gelýär. Ata aga: «Şu ýerde şeýleräk hereket etmeli...» diýip, sahnada ýöremegiň aýratynlyklaryna çenli öwretdi. Sahnada artist aýdýan sözleriniň basymlaryny doly we dogry aýdyp, tomaşaça ýetirmegi başarmaly. Umuman, bu sungatda wajyp däl zat ýok. Islendik ownuklygam seniň sahnada üstünlik gazanmagyňa ýa-da şowsuzlygyňa täsirini ýetirip bilýär. Ine, şu zatlary Ata aga sahnada işe başlan ilkinji günlerimizden aňymyza guýupdy.
— Siziň «Miras» teleýaýlymynda alyp barýan «Gel, bagşym, biz bu gün aýdym aýdaly» atly gepleşigiňizem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Teleýaýlymda gepleşik alyp barmagyňyza döredijilikde täze-täze ýollaryň gözlegi diýip bolarmy?
— Umuman aýdanyňda, döredijilik adamsyna irginsiz gözlegler mahsus. Şol gözlegler seni täzelikleriň, üstünlikleriň, kämilleşmegiň gapysyndan eltýär. Özüm-ä bir ýerde durmagy gaty içgysgynç hasaplaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — döredijilik işgärlerine ukyp-başarnygyny açmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýän zamanasy. Asyl kärim bagşyçylyk bolansoň, teleýaýlymda dutar bilen baglanyşykly nähilidir bir gepleşik alyp barmak höwesim öňden bardy. «Gel, bagşym, biz bu gün aýdym aýdaly» atly gepleşigiňem maksady, bu ugurdan çorba sowadanlar bilen bir meýdan aýdym-saz etmek, halka ruhy lezzet bermek. Bu gepleşigimiziň üsti bilen ýurdumyzyň çar künjeginde ýaşaýan zehinleri halkymyza tanatmak isleýäris. Özüm-ä alypbaryjylygy-da, artistlik ýaly, inçe sungat hasaplaýaryn. Ýöne hersiniň tomaşaçynyň dünýäsine alyp barýan özboluşly ýoly bar.
Telewideniýede mikrofonyň öňünde adaty ses bilen gürleýäň, ýöne şonda-da tebigylygy saklamagy başarmaly. Ýasamalyk bolmaly däl. Sahnadaky ýaly keşbe girip, başgaça hereketler ediberseň, tomaşaçy-ha bir kabul etmez, öňüňde oturan, söhbetdeşlik edýäniňem oňaýsyz ýagdaýa düşer. Teatrda welin başgaça. Ol ýerde sesiňi-de, hereketleriňi-de gahrymanyňa görä üýtgetmegi başarmaly. Ine, «Ykbal öwrümleri» spektaklynda talyp ýigit Maksadyň keşbini ýerine ýetirýärin. «Tumar şa» spektaklynda bolsa 85 ýaşly Ahuranyň keşbinde sahna çykýaryn. Onsoň pikir edip göräýiň, şolaryň her birine kybap hereketleri öwrenmeli, sahna çykanyňda tomaşaçy saňa ynanar ýaly etmeli. Esasy zat, şony başarmak, keşp ululygy-kiçiligi bilen däl-de, täsirli ýerine ýetirilişi bilen tomaşaçynyň aňynda galýar.

— Sahnada keşp janlandyranyňyzda tomaşaçylaryň täsiri duýulýarmy?
— Elbetde. Ýöne artist tomaşaça üns bermeli däl. Sahnadaky ähli hereketleri üns bilen yzarlap, sözleriňi diňläp, gülmeli ýerinde ýürekden gülüp, gynanmaly ýerinde, hakykatdan-da, gynanýan tomaşaçylar seniň keşp janlandyryşyňa-da täsirini ýetirýär. Spektaklyň gynançly pursatlarynda şeýle bir ümsümlik bolýar welin, käbir tomaşaçynyň «juk, juk, juk» diýýän seslerem eşidilýär. Muny artistiň keşbiniň ýerine düşdügi diýip hasaplaýaryn.
— Durmuşyňyzdaky ýatdan çykmajak wakalar hakynda aýdaýsaňyz.
— Ajaýyp zamanamyzyň her bir güni şatlykdan doly. Döredijilik bilen baglanyşyklylykda bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň eýesi boldum. Bu meni täze-täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mundan başga-da teatrymyz ýylyň-ýylyna dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara festiwallara gatnaşyp gelýär. Şol festiwallarda edýän çykyşymyz, tomaşaçylaryň ýanymyza gelip aýdýan joşgunly sözleri, edil şu pursat bolup geçýän ýaly, hemişelik ýadymyzda galýar. Sebäbi bu biziň sungatymyza berilýän uly baha. Öz saýlap alan hünäriňe şeýle uly hormatyň goýulmagy, uly bir halkyň sahna sungatyna wekilçilik edip dünýä aýlanmak — bu zatlar islendik adam üçinem uly bagt.
— Her bir adamda geljek bilen baglanyşykly arzuw, maksat bolýar. Şu barada-da gürrüň edäýeliň!
— Dogrusy, tomaşaçynyň ýadyndan çykmajak keşbi janlandyrmak islendik artistiňem arzuwy bolsa gerek. Özümem şol arzuwdan daşda däl. Maksatlar barada aýdylanda bolsa, olar sahna bilen baglanyşykly. Nesip bolsa, geljekde-de, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, köşgi-eýwanlary ýatladyp duran teatrymyzyň sahnasynda bagtyýarlyk döwrümizi şöhlelendirýän ajaýyp sahna oýunlarymyz bilen halkymyza ruhy lezzet paýlarys. Türkmen sungatyny belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Beren gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Size sungat äleminde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!
— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Laçyn BERDIMYRADOWA