Ösümlikler dünýäsine syýahat


Ösümlikler dünýäsine syýahat



Pyrtykal agajy 100 ýyldan gowrak wagtlap miwe berýär.

* * *
Dünýäde bägülleriň 15 müň töweregi görnüşi bar.

* * *
Ýer ýüzündäki bägülleriň 80 göteriminiň ata watany Aziýa ýurtlarydyr.

* * *
Bambuk agajy iki ýyldan bir sapar, hemmesi bir wagtda gül açýar.

* * *
Afrikada ösýän baobab agajynyň şahalarynyň ýaýrawy öz boýuna deňeçer bolýar.

* * *
Käbir ösümlikler mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

* * *
Dünýäniň iň gymmat gülleriniň biri bolan altyn orhideýa güli

Malaýziýanyň Kinabalu dagynda ösýär. Ol 15 ýyldan soňra gülleýär.

* * *
Hurma adam bedeniniň talap edýän ähli maddalaryny özünde jemleýän miweleriň biridir.

* * *
Ýakymly aýdym- saz diňledilen ýa-da gowy sözler aýdylan ösümlikleriň has çalt ösýändikleri geçirilen barlaglaryň netijesinde mälim boldy.

* * *
Kömelegiň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr.

* * *
Dünýäde kömelegiň 2 million töweregi görnüşi hasaba alnypdyr.

* * *
Günorta Afrikada ösýän ýabany injirleriň käbir görnüşiniň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Bu bolsa 30 gatly bina barabardyr.

* * *
Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bolup, olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

* * *
Arça, sosna, dub agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýan bolsa, derek agajyny hiç haçan ýyldyrym urmaýar.

* * *
Dünýä ýüzünde, takmynan, 10 müň zäherli ösümlik bar.

* * *
Ösümlikleriň iň gadymy kök ulgamy Şwesiýada ýerleşip, ol özüniň 9 müň ýyl mundan ozal dörändigine garamazdan, ösmegini dowam edýär.

* * *
Ýer ýüzündäki iň garry agaç Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ösýän sosna agajy bolup, onuň 4,5 müň ýaşy bardyr.