Miras — gymmatly hazyna


Miras — gymmatly hazyna



Häzirki döwürde ýurdumyzda bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleri — gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda adamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işleriň uly tapgyrlary amala aşyrylýar. Alymlaryň çaklamalaryna we tapylan taryhy tapyndylara görä, dünýäniň ilkinji ekerançylyk ýerleri hasaplanýan Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly ilatly ýerler, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary, Abiwerddäki, Sarahsdaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky hemde Köpetdagyň jülgesindäki, Uzboýuň hanasynyň ugrundaky hemde Sarygamyş kölüniň hanasyndaky uzak geçmişiň binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary bu gün Garaşsyz Türkmenistanyň medeni mirasynyň altyn hazynasyna öwrüldi.
Ýurdumyzdaky arheologik we binagärlik ýadygärliklerini Beýik Ýüpek ýolundan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi medeniýetiň döräp ugran ilkinji döwürlerinde, şeýle hem orta asyrlarda kerwen ýollary bilen diňe bir harytlar, ilçiler däl, beýleki halklaryň medeniýetleri, edim-gylymlary, däp dessurlary hem ýuwaş-ýuwaşdan ýaýrap ugrapdyr. Bu bolsa dünýä halklarynda gyzyklanma bilen garşylanypdyr. Şeýle gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Merkezi Aziýanyň, hususanda, Türkmenistanyň orny örän uly bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtyň özündede, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak üçin uly mümkinçilikler döräpdir. Dowamly amala aşyrylýan söwda gatnaşyklary bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň medeni durmuşlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Beýik Ýüpek ýoly taryhda Ýewropadan Hytaýa çenli ýaýylyp gidýän giňişliklerde ýaşaýan halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň gadymy medeniýetini öwrenmäge uly goşant goşan birnäçe täsin arheologik açyşlar edildi. Bu bolsa diňe bir ýerli alymlarymyzyň arasynda däl, eýsem, bu ugurda hyzmatdaşlyk saklaýan döwletleriň taryhçylarynyň arasyndada uly gyzyklanma döretdi. Gadymy şäher Goňurdepede gazuw-agtaryş işlerinde edilen açyşlar dünýäniň gadymy taryhyny öwrenijiler üçin ylmy täzelige öwrüldi. Bu gün ata-babalarymyzyň kemala getiren medeniýetini dünýäniň ähli alymlary ykrar edýär. Sebäbi merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdy dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji bäş ojagynyň biridir. Beýleki dört ojaga Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý degişlidir. Bu ýerde halkara gatnaşyklaryň söwda we medeni ýollary kesişipdir. Gadymy türkmenleriň binagärlikde hem-de şekillendiriş sungatynda gazananlary, senetçilik işleriniň ýeten derejesi, döreden syýasy ulgamy we dini taglymaty olary adamzadyň ösüşiniň ýoluny açan Gadymy Gündogaryň esasy halklarynyň hataryna goşýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda hemde Köneürgençde geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara maslahatyna döwletleriň 37-sinden gelen arheologlar, taryhçylar, medeniýeti we sungaty öwrenijiler we beýlekiler ýygnandylar. Olaryň köpüsi türkmen kärdeşleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň maddy hem-de ruhy medeniýetiniň täsin ýadygärliklerini öwrenmäge örän işjeň gatnaşýarlar.
2015-nji ýylda «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi halkymyzyň medeniýetini has içgin öwrenmekde, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamakda we dünýä ýaýratmakda täze bir başlangyç boldy. Bu Kanun türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine esas döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynyň çap edilmegi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi üçin ähmiýetlidir. Bu ajaýyp neşirler medeniýet we sungat işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. «Türkmen medeniýeti» atly kitap milli Liderimiziň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky düşünje almakda ajaýyp çeşme bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu eserinde gadymy döwürlerden — irki ýaşaýyşdan, ekerançylygyň hem-de ösüşleriň ojaklarynyň peýda bolmagyndan başlap, milli medeniýetiň taryhy yzarlanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hemde dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetimiziň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde, ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeledi. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni mirasyň obýektlerini diňe goramak bilen çäklenmän, eýsem olary häzirki durmuş ulgamyna çekmek, olara aýawly garamak möhüm bolup durýar. Çünki milletiň taryhynyň we ruhubelentliginiň egsilmezligi ýurdumyzda we jemgyýetde amala aşyrylýan özgertmeleriň yzygiderliligini we üznüksizligini kepillendirýär.

Aýsoltan URAÝEWA