Agzybir maşgala


Agzybir maşgala



Iki maşgala goňşulykda ýaşaýan eken. Olaryň birinde är-aýal häli- şindi öýkeleşýän eken, beýlekisinde bolsa, hemişe söýgi, özara düşünişmek we agzybirlik höküm sürýän eken. Özdiýenli öý bikesi goňşularynyň nädip agzybir ýaşap bilýändiklerine hiç-hili düşünip bilmändir we olara göriplik edip ugrapdyr. Bir gezek ýaňky aýal ärinden goňşularynyňka baryp, näme üçin olaryň durmuşynda ähli zadyň gülala- güllükdigini anyklamagy tabşyrypdyr. Erkek kişi ilki goňşusynyň penjiresine golaý baryp, içerä ýuwaşlyk bilen göz aýlaýar. Onuň gözleri şkafyň üstündäki tozanlary süpürip ýören aýala düşýär. Şol wagt telefon jyňňyrdaýar, aýal alňasap elindäki gymmat bahaly güldany gapyň gapdalyndaky stoluň gyrasyna goýup, telefony galdyrýar. Şol wagt otaga girip gelen adamsynyň eli atdanlykda güldana degýär. Gymmat bahaly güldan ýere gaçyp, kül-uşak bolýar. Bolup duran zatlary synlap duran goňşusy:

– Ine, indi hakyky tomaşa tursa gerek – diýip, öz ýanyndan pikir edýär.
Emma aýaly telefony goýansoň, adamsynyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen:
– Bagyşla, ezizim! Bu meniň günäm bilen boldy, güldany içiräk goýmandyryn – diýip, müýnürgeýär. Şonda äri oňa şeýle jogap berýär:
– Ezizim, gaýtam sen meni bagyşla! Ony görmänligim meniň günäm!
Goňşusy lapykeç halda öýüne dolanyp gelýär. Aýaly goňşusynyň maşgala abadançylygynyň syry bilen gyzyklanýar. Adamsy oňa:
– Bilýäňmi näme, olaryň maşgalasynda hemmeler günäkär, bizde bolsa, tersine hiç kimiň ýazygy ýok – diýip, jogap berýär.

Rozygül GUTLYÝEWA