Halypa hormaty
1929-njy ýylda Türkmen döwlet milli drama teatrynyň ilkinji açylyşy bolýar. Şol günki görkezilen spektakla köpçülik bilen birlikde aşgabatly ýetginjek Muhammet hem tomaşa edýär. Ol oýny üns berip synlaýar, soň onuň täsirinden çykyp bilmän, ep-esli wagt oturýar, ahyry sahna baryp, artistleriň birine:
—Essalawmaleýkim, men hem siziň ýaly sahnada oýnap bilmezmikäm, synanyşyp göräýsem diýýän, niçik bolar? — diýip, pikirini aýdanda:
—Bolar, bolman näme, «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýlipdir. Iň gowusy, bu hakda ertir gelip, teatryň direktory bilen gürleşip gör, görýän welin sende artist bolmaga hyjuw-a bar, belki arzuwyň hasyl bolaýady-da — diýip, maslahat beripdir. Ol ertesi gelip, matlabyny mälim edende, direktor uzyn boýly, gerdenlek, gujurly ýigidi birlaý synlap:
—Oýunda oýnamak aňsa-da däldir, şony unutmagyn. Artist bolmak üçin özboluşly zehiniň bolmaly, sen ony başararmykaň?! — diýip sorapdyr. Ýigit ynamly gürläp, talaby ödejekdigini aýdypdyr. Onuň merdemsi gepleýşi, şol mahalky teatryň direktory, meşhur ýazyjy, dramaturg Ata Gowşudowyň göwnüne ýarapdyr. Işe kabul edilen bu ýaş ýigit ussat halypa bolup ýetişen Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Çerkezowdyr.
Turuwbaşdan kärdeşlerine özüni aldyrmagy başaran Muhammet Çerkezowy 1930-nji ýylda Aşgabadyň Türkmen döwlet çeperçilik tehnikumyna okuwa iberýärler. Öz arzuwyňa, maksadyňa yhlasdyr zähmet bilen ýetip bolýandygyna göz ýetiren Muhammet gowy okaýar, geçilýän sapaklary içgin öwrenýär, mugallymlaryň berýän maslahatlarydyr öwüt-ündewlerine eýerýär, özüne tabşyrylan ýumuşlary işeňňirlik bilen berjaý edýär. Şeýlelik-de ol 1932-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, ýene-de teatra gaýdyp gelýär. Onuň teatrda döreden ilkinji keşbi D.Furmanowyň «Pitne» spektaklynda Çewusow bolýar. Ol dramaturgyň beýan edişi boýunça, beýleki gahrymanlaryň gürrüňleridir garaýyşlary esasynda Çewusowyň häsiýetlerini içgin öwrenýär. Režissýoryň berýän görkezmeleri, öz şahsy pikirleri, wakalaryň gidişinde gahrymanyň tutýan orny bu keşbi janlandyranda onuň hemişe üns merkezinde bolýar.
1933-1935-nji ýyllar aralygynda F.Şilleriň «Garakçylar» spektaklynda Şwarsyň, A.Karneýçugyň «Eskadrilýanyň heläk bolmagy» spektaklynda Polladanyň, Prutyň «Knýaz Mstislaw Udaloý» spektaklynda Ždanowyň, Ž.Molýeriň «Skapeniň sapalagy» spektaklynda Silwestriň, Lopeda Weganyň «Laurensiýa» spektaklynda Komandoryň, K.Poldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri» spektaklynda tansçy ýigidiň, J.Jafariniň «1905-nji ýyl», «Ýalnyň gelinligi» spektakllarynda Wolodiniň hem-de Rewiniň, W.Gogolyň «Derňewçi» spektaklynda Abdulliniň keşpleriniň ynanylmagy, şeýle-de ýaş artistiň olary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi diňe bir Muhammet Çerkezowyň şahsy üstünligi bolman, tutuş teatryň abraýyna öwrülýär, tomaşaçylaryň oýunlara höwes bilen tomaşa etmeklerine islegleriniň barha artmagyna getirýär. Muhammet Çerkezowyň döreden keşpleri ýaş artistiň turuwbaşdan köp zähmet çekýändigini aňladýar. Tebigy zehinli Muhammet Çerkezowa birbada şeýle dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmagyň ýeňil düşmändigini bellemek gerek. Ol bu barada şeýle diýýär:
—Ilkinji çykyşlarym aňsat bolmady, men edil öýlenjek ýigit ýaly tolgunýardym. «Birden sözler ýadymdan çykaýsa, nähili bolarka?» diýip pikirlenerdim. Gözlerini sahna dikip oturan ýüzlerçe adamlar, güýçli çyralaryň dumly-duşdan seniň üstüňe seçýän ýiti şöhlesi, ahmal bolsaň, erkiňi eliňden alyp, seni aljyratjak bolup durdy.
1934-nji ýylda deň-duş kärdeşleriniň birnäçesi bilen Moskwada bolup, Ostužow, Leonidow, Moskwin, Mihoýels, Mirholt, Paşennaýa ýaly meşhur rus sahna ussatlary bilen didarlaşmagy Muhammet üçin uly mekdep bolupdy. 1939-njy ýylda teatrda türkmen dramaturglarynyň pýesalary sahnalaşdyrylyp başlanýar. Bu spektakllary teatrda goýmakda zehinli režissýor Alty Garlyýew uly hyzmatlary bitirýär. Türkmen dramaturglarynyň spektakllarynda hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Muhammede dürli keşpleri döretmek ynanylýar. A.Nyýazowyň «Gyzyl orden» spektaklynda polkownigiň, B.Kerbabaýewiň «Göterim» spektaklynda daýhanyň, Şaly Kekilowyň «Garagum çölünde» spektaklynda Kesäniň hem-de harby ýolbaşçynyň, Alty Garlyýewiň «1916-njy ýyl» spektaklynda Belokurowyň, Ata Gowşudowyň «Juma» spektaklynda Çerkeziň hem-de Hudaýbereniň, Bazar Amanowyň «Zöhre-Tahyr» spektaklynda Gara batyryň, A.Gurbanowyň «Artykgül» spektaklynda Bagybekiň, Garaja Burunowyň «Seýdi» spektaklynda Seýdiniň, Bazar Amanowyň «Keýmir kör» spektaklynda Keýmir körüň ýatda galyjy keşplerini döredýär.
Muhammet Çerkezow Seýdiniň keşbini döredende şahyrana eser ýazmakdan başga-da, il-günüň agzybirligini gazanmagy, daşky duşmanlardan ýurdy goramagy öz borjy hasaplaýan serkerde şahyr hökmünde ynandyryjy janlandyrmagy başardy. Keýmir kör bolsa edil Seýdiniň watansöýüjilik häsiýetini ösdürýän, pähim-paýhasy, batyrlygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy, ugurtapyjylygy, gaýratlylygy bilen duşmanlaryň han-beglerini haýran galdyran baştutan hökmünde, onuň ussatlygy bilen tomaşaçylaryň kalplaryna ornaşýar. Öň bu keşbi meşhur artist Aman Gulmämmedow hem döredipdi, mundan soň başga bir artiste Keýmir serdaryň keşbine giräýmek ýeňil düşmejek ýalydy, emma Muhammet Çerkezow özüniň ýiti zehini, ugurtapyjylygy, başarnygy bilen Keýmir körüň keşbini örän ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy.
1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, Muhammet Çerkezow şol ýylyň güýzünde ilkinjileriň hatarynda meýletinlik bilen fronta gidýär. Ol döredijilikli zähmet meýdanyna öwrülen teatryň sahnasyny uruş zerarly terk etmeli bolýar. Onuň aýaly Saçly Dursunowa hem frontda bolup, söweşde ýaralananlara lukmançylyk kömegini berýär. Ol ençeme ordenlerdir medallaryň eýesi, lukmançylyk gullugynyň gwardiýa kapitany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan lukmany bolýar. Olar frontdan dolanyp gelensoň ýene-de öňki kärini dowam etdirýärler.
Muhammet Çerkezowa 1949-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berilýär. Teatryň artistleriniň arasynda ussatlyk derejesine ýeten Muhammet meşhur iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Otello» spektaklynda Brabansionyň, «Romeo-Julýetta» spektaklynda Kapulettiniň, «Riçard III» spektaklynda Lord Hesingesiň keşplerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň çäksiz söýgüsini gazandy. Ussat artist Bazar Amanowyň «Kemine» oýnunda Orazbaýyň, Guseýin Muhtarowyň «Çopan ogly» oýnunda Ataýewiň, A.Ostrowskiniň «Düşewüntli orun» oýnunda Wişnewskiniň, «Günäsiz günäkärler» oýnunda Dudkiniň, Anton Çehowyň «Aýy» oýnunda Smirnowyň, A.Surkowyň «Ýürek bagyşlamaýar» oýnunda Ažinowyň, Baýram Annanurowyň «Synag» oýnunda Bakyýewiň, Alty Garlyýewiň «Başlyk» oýnunda Berdiniň keşplerini ussatlyk bilen döredip, türkmen teatr sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşýar.
Bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 1955-nji ýylda Muhammet Çerkezowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär. Teatrda sahnalaşdyrylan Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» spektaklynda Eziz hanyň keşbini döretmegi oňa aýratyn şöhrat getirýär. Soňra ol bu keşbi belli kinorežissýor Alty Garlyýewiň adybir filminde janlandyrdy. Onuň diňe bir berdaşlylygy, iri süňklüligi, saýhallylygy bolman, hereketlerindäki gujurlylyk, sesindäki haýbatly hökmürowanlyk bu keşbiň has açylyp görkezilmeginde uly itergi boldy. Ol sahnada bir-birini gaýtalamaýan hereketleri etmegiň, ýüzlerçe öwüşginler, röwüşler çaýylan sözleri aýtmagyň ussadydy. Ondan deň-duş artistleriň biri:
—Seniň durmuşda isleýän zadyň barmy? — diýip sorapdyr.
—Bar, meniň döreden keşplerimi hemişe ýatlasadylar — diýipdir.
«Sen özüňi ýatlamaklaryny isläňokmy?», diýlip berlen sowala, ol gözlerini bir nokada dikip:
—Eger döreden keşplerim ýatlaryna düşse, şonda meni hem unutmazlar — diýip, jogap beripdir. Ol hemişe öýüne pyýada gidip, işe-de pyýada geler eken. Munuň sebäbini soranlarynda:
—Birinjiden-ä, saglyga peýdaly, ikinjiden hem nobatdaky çykyşymyň sözlerini gaýtalap, kemsiz bişirýärin. Şeýlelik-de öýe ýetenimi-de, teatra gelenimi-de duýman galýaryn — diýip jogap beripdir. Ol özüni salykatly, sypaýy, medeniýetli alyp barardy, adamkärçiligi belentdi, özboluşly ýogyn haýbatly sesi bardy, aşa sowatlydy, gazet-žurnallary höwes bilen okardy, mertebesi belentdi, sylaglydy, teatryň ýüzi saýylardy, ýaşlar üçin uly halypady, mekdepdi.
1911-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inen meşhur artist Muhammet Çerkezow 1993-nji ýylda segsen iki ýaşynyň içinde aramyzdan gitdi. Hatyraly halypanyň döreden ýatdan çykmajak ajaýyp keşpleri-de, mährem, nurana keşbi-de hiç mahal unudylmaz.
Begenç ESENOW