Gönübek


Gönübek



Türkmen milli aýdym-saz sungatymyzyň asyrlarboýy taraşlanyp, nesilden-nesle geçirilip, bu günki gün kämil derejä ýetirilmegi ussat bagşy-sazandalarymyz Gulgeldi ussa, Amangeldi Gönübek, Mämmetmyrat ussa, Şükür bagşy, Bazar bagşy, Kel bagşy (Allaberdi Aýdogdy ogly), Hally bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Sary bagşy, Oraz salyr, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Sapar Beki, Nobat bagşy, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Baky Maşakow, Girman bagşy, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow ýaly başga-da ençeme halypalaryň irmän-arman çeken zähmetleriniň miwesidir.

Amangeldi Gönübegiň çowlugy Nyýazmyrat Nyýazlyýewiň «Gönübek» atly kitabyna ýazan «Sözbaşysynda» Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow: « Adamzat ýaradylany bäri dörän bu senede Baba Gammaryň, Aşyk Aýdyň piriň, ýene ençeme ärleriň yhlas-paýhasy siňipdir. Men diýen halypalaryň, ussadyna wepaly şägirtleriň zehini bilen kämilleşip, bize ýetipdir. Şonuň üçinem her gezek «gara gazma» ele alnanda kalplar päklenip, niýetler ýagşa tutulýar. Ata-babalarymyz bu senedi pirli senet – halal kesp-kär hasaplapdyrlar. «Halala halal hyzmat etmegem parzdyr» diýip, Gönübek şägirtlerine hemişe nesihat berer eken. Halypanyň sargytlaryna ygrarly bolan Kel bagşy, hünär atasyna, şägirt hoşallygyny buýsanç bilen beýan edip, «Ussadym» diýen özüniň ilkinji we ajaýyp sazyny döredipdir» diýip belleýär.

Nyýazmyrat aga bu işinde beýik sazanda hakda şeýle ýazýar: «Amangeldi Gönübek türkmeniň milli saz sungatyny ösdürmekde yzygiderli iş alyp barypdyr. Ol on perdeli dutarynyň perdelerini on üçe ýetirip, on üçünji perdäni bogan sazanda bolupdyr. Amangeldi Gönübek onlarça ölmez-ýitmez şirin owazly sazlary döreden sazandadyr. Onuň döreden «Bedew», «Teşnit», «Gözel sen», «Ýigitler», «Aýralyk mukamy», «Gökdepe mukamy», «Urup çykdy», «Saltyklar», «Burnaşak», «Bike halan», «Söýli halan», «Alagaýyşly», «Heserli», «Jereni kyblam», «Hajygolak», «Ybraýym şadilli», «Dilim gyrk» ýaly we başga-da onlarça mukamlary biziň günlerimizde-de bagşydyr sazandalaryň dilinden düşmän gelýär. Halypalaryň halypasy derejesine ýeten ussat sazandanyň näçe saz döredendigi barada doly maglumat bolmasa-da, onuň 60-dan gowrak saz eseriniň milli halk sazlaryna goşulyp, saz mirasymyzyň genji-hazynalaryna öwrülip gidendigi-de ezber sazandanyň döredijilik mirasynyň egsilmezligini subut edýär. Halk arasynda bagşy-sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilip gelinýän aýdym-saz eserleri-de onuň aýdyň mysalydyr. Ol saz eserleri häzirki bagşy-sazandalar üçinem gadyr-gymmatynyň bahasyna ýetip bolmajak nusgalygyny saklap gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda bu beýik sazandanyň amala aşyran uly işleri dogrusynda şeýle täsin hem-de çuň manyly setirler bar: «Türkmen halk nusgawy saz sungatynyň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan Amangeldi Gönübegiň (1830 – 1879) hyzmatyny aýratyn belläp geçmek gerek. Özünden öňküleriň saz mirasyny kämil derejede özleşdirip, Gönübek öz sungatyny elýetmez belentliklere ýetirdi we bahasyna ýetip bolmajak köp sanly eserleri döretdi. Amangeldi Gönübegiň döredijiligi türkmen dutar sazynyň ösüşiniň täze döwrüni başlady. Ol «Urup çykdy», «Gökdepe mukamy», «Aýralyk mukamy», «Dilim gyrk», «Söýli halan», «Bike halan», «Şadilli mukamy» ýaly ajaýyp sazlary döretdi. Biziň günlerimize çenli diňe bir saz mirasy däl-de, eýsem, bu eserleriň döreýiş taryhyny beýan edýän, dilden-dile geçýän rowaýatlar hem gelip ýetdi. «Gökdepe mukamy» taryhy-watançylyk häsiýetli eser bolup durýar, «Söýli halan» we «Bike halan» sazlary liriki öwüşginlere beslenipdir. Amangeldi Gönübegiň ýürek ýylysy siňen mukamlarynda türkmenleriň dünýäsi öz çeper beýanyny tapdy. Bu beýik sazandanyň ajaýyp sazlaryny diňlän wagtyň, seniň öňüňde eziz topragyň tebigatynyň ýürege ýakyn şekilleri – ýaşyl dona bürenen uç-gyraksyz ýaýlalar, beýik dag depeleri, owadanlykdan hem näziklikden doly türkmen gelin-gyzlarymyzyň keşpleri peýda bolýar. Olarda jöwzaly şemalyň öwsüşiniň, guşlaryň saýraýşynyň sesleri, gelin-gyzlaryň bezeg şaýlarynyň şyňňyrdysy eşidilýär».

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Amangeldi Gönübegiň 190 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilip geçildi. Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow, Amanöwez Saparow ussat sazandanyň türkmen milli sazynyň ösmegine goşan bimöçber goşandy hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Halypalaryň halypasy Amangeldi Gönübegiň döreden ajaýyp eserleri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän sungaty söýüjilere ruhy lezzet berýär.

Gülzada GULDURDYÝEWA