Meşhur kinoaktýor


Meşhur kinoaktýor



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşan adamlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagynda mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyz bilen bir hatarda, guýmagursak zehin, meşhur kinoaktýor Artyk Jallyýewiň teatrda, kino sungatynda bitiren ägirt uly işleri bimöçberdir. Türkmen kinosynyň ýaňy aýaga galyp ugran döwürlerinden bäri, kino sungatymyzyň parlak ýyldyzy bolup tanalan, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Artyk Jallyýew çeper filmlerde näçe gaharjaň, gazaply keşplerde görünýän hem bolsa, durmuşda kiçigöwünli, şadyýan adamdy. Özünden kiçi kärdeşleri oňa «Artyk kaka» diýip ýüzlenerdiler. Onuň ussatlygydyr ýaz ýaly adamkärçiligine, ajaýyp zehinine belent sarpa goýardylar. Aktýor gürrüňiniň bir ýerinde:

— Men 1932-nji ýylda Aşgabada golaý Bagyr obasynda dünýä indim, şol ýerde-de ösüp-ulalyp kemala geldim. Men hiç mahal kino, teatr diýip arzuw eden adam däldim. Maşgalamyzdyr dogan-garyndaşlarymyzda-da bagşy-sazanda, artist bolan adamy men-ä bilemok. Ýaş wagtlarym demirýolçy bolasym geldi. Otluda maşinist bolup işleýänlere gözüm giderdi. Men orta mekdebi tamamlap, Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň demirýolçylar institutyna okuwa girmäge synanyşdym, fizikadyr matematika sapaklaryndan pes baha alyp, synagdan geçip bilmedim. Soň meşhur artist Aman Gulmämmedowyň inisi Magtymyň ýardamy bilen, onuň özüniň okaýan ýeri bolan N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutyna okuwa ýerleşdim. Okap ýören mahalym aktýoryň ussatlygy boýunça sapak berýän mugallymym maňa: «Özüň-ä türkmeniň alçak ýigidi, ynha, öňüňde boýnadylmadyk at dur, münüp görkez» diýdi. Ol ýerde hiç hili at ýok. Onsoň edil ata münen ýaly hereket edip görkezdim. Meniň keşbe girip ýerine ýetirişime mugallymymyzyň göwni ýetdi. Sapaklaryň ýene birinde mugallymymyz maňa ýüzlenip, «Ynha, gyş aýy, suwa gir-de, ýapdan geç» diýdi. Men muny-da höwesjeňlik bilen ýerine ýetirdim. Mundan soň bile okaýan ildeşlerimdir özbekler, gazakdyr gyrgyzlar, täjikler maňa: «Sen duranja bir zehin, zor aktýor» diýip, ukybyny mahabatlandyryp ugradylar. Şeýlelikde, üçünji kurs mahalym meni «Özbekfilm» kinostudiýasyna surata düşmäge çagyrdylar. Men «Ganly saka» atly özbek kinosynda kiçiräk keşbi ýerine ýetirdim, gowy baha berdiler. Soň instituty Drama we kino aktýory hünäri boýunça üstünlikli tamamlap, Aşgabada geldim. Ertesi meni Daşoguzda täze açylan sazly-drama teatryna işe ugratdylar. Men bu teatrda režissýor hem aktýor bolup işläp başladym. «Şadyýan myhman», «Gyz salgydy» ýaly spektakllary sahnalaşdyrdym hem-de olardaky baş keşpleri oýnadym. Aradan bir ýyl geçmänkä, bitiren işlerime ýokary baha berip, maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady berdiler. Men Daşoguzyň sazly drama teatrynyň düýbüni tutujylaryň ilkinjileriniň biri boldum — diýip, belläpdi.

1959-njy ýylda Artyk Jallyýewi Aşgabada çagyrdylar. Ol ilkinji gezek «Aýna» filminde surata düşdi. Bu film meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň adybir pýesasynyň äheňi boýunça surata düşürildi. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, meşhur kinoaktýor hem kinorežissýor Alty Garlyýew filmde oýnamaga Artyk Jallyýewi Aşgabada çagyranda onuň begenjiniň çägi bolmady. Heniz kino sungatynda tejribesi bolmadyk ýaş, ýygra Artyk Jallyýewiň ussat Alty Garlyýewiň ýanynda sussy basylýardy. Döredijiligi ýaňy başlanan ýaş artist üçin şeýle ussadyň baştutanlygynda işlemek uly bagtdy, muňa ol ýüregi bilen düşünýärdi. Ekrana çykan «Aýna» filmi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Türkmen kinosynda zehinli aktýoryň peýda bolmagy hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň aradan köp wagt geçmänkä «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilýän «Gündogara tarap on ädim» atly çeper filmde baş keşbi suratlandyrmagy oňa ynandylar. Şeýlelikde, onuň bu ugurdaky döredijiligi şowlap ugrady. Soň ol «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim» filmlerinde esasy keşpleri ýerine ýetirdi. «Şükür bagşy» filmini onsuz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bu filmde ol Çapyk han bilen Mämmetýar hanyň keşplerini döretdi. Filmi surata düşüren meşhur kinorežissýor Bulat Mansurow rollaryň ikisini-de Artyk Jallyýewe ynanyp, başda tolgunmanam durmandyr. Sebäbi kino sungatynyň tejribesinde bir artistiň bir filmde iki roly oýnaýan pursatlary seýrek bolardy. Ýöne kinorežissýor Bulat Mansurow Artyk Jallyýewiň diş-dyrnak bolup, bu töwekgel işe yhlasly ýapyşyşyny görüp, biraz ynjalypdyr.

Filmde bir-birine büs-bütin meňzemeýän iki keşbi şeýle ýokary ussatlyk bilen janlandyrmak aňsat däl. Emma Artyk Jallyýew bu synagdan uly döredijilik üstünligi bilen geçip, uly abraý gazandy. Onuň «Şükür bagşy» filminden başlap, kino dünýäsindäki — kinematografiýadaky ýyldyzy parlady, soň şol ýyldyzyň öwüşgini öçmedi, ata Watanyna, keremli topragyna ýagtylyk saçdy durdy. Şol filmden soň ol döredijiligiň belentliklerine hyjuwly galyp ugrady. 1970 — 1980-nji ýyllar aralygy onuň döredijiliginde iň öndümli döwür boldy. Ussat aktýor «Özbekfilme», «Täjikfilme», «Mosfilme» ýygy-ýygydan çagyrylýardy. Täze surata düşürilýän filmlerde oňa baş rollary oýnamak tabşyrylýardy.

Bir gün Garagum sährasynda türkmen filminde surata düşýän bolsa ertesi uçar bilen Täjigistana barar. Pamir dagynyň eteklerinde täjik režissýory sabyrsyzlyk bilen oňa garaşardy. Ol ýerdäki işini tamamlap ol göni Moskwa uçardy, sebäbi «Mosfilm» kinostudiýasynda ony täze rola synap görjekler. Birki günden soň ol Daşkende gaýdar. Oňa özbek kinoçylary garaşardylar. Olar onuň aktýorlyk zehinine ýokary baha bererdiler.

Ussat aktýor üçin esasy baýlyk döredijilikdi, dostluk gatnaşyklarydy, kärdeşleri bilen ýürekdeşligi saklamakdy, olar bilen hemişe didarlaşyp, döredijilikli durmuşda ýaşamakdy. Ol gadyrdan dostlaryna wepalydy, şolardan iň eý görýänleriniň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, meşhur kinoaktýor hem kinorežissýor, ýazyjy Baba Annanowdy. Ol onuň jana-jan dostudy, syrdaşydy, doganydy. Olar hemişe sungatdyr sungat adamlary barada söhbet ederdiler.

Artyk Jallyýewiň «Grosstmeýster» filmindäki Bopbasy, «Ýandym» filmindäki Nepesi zehinli artistiň türkmen kinolaryndaky oýnan iň soňky keşpleridi. 1994 — 1996-njy ýyllarda surata düşürilen bu filmlerde ol artistlik tebigatyna mahsus erjellik, ýokary ussatlyk, joşgun, hyjuw bilen oýnapdy. Ömrüniň ahyrynda ol ilkinji gezek komediýa žanrynda oýnap, kükreginde yşk ataşy tutaşan türkmen ýaşulusynyň keşbini hem döredipdi.

Ol hemişe:

— Esasy zat — adam bolmaly. Adam ogly niýetini-pälini haýyr işlere örkläp ýaşanda kanagat tapýar. Sungat meniň üçin güýmenje ýa-da gazanç çeşmesi däl. Ol meniň durmuşym, ýaşaýşym — diýip, janyndan syzdyryp aýdardy. Şeýle hem adamyň päli-niýetiniň düzüw bolup ýaşan döwründe belli yz galdyryp gitmelidigini, onuň üçin ýadawsyz zähmet çekmelidigini öwran-öwran gaýtalardy. Ol tüýs hakdan içen tebigy zehinli artistdi, degişgendi, şahandazdy, şadyýandy. Biz onuň bu häsiýetlerinden lezzet alardyk. Onda üýtgeşik mähir bardy. Onuň bilen sataşan mahalyňda bar aladaňdan saplanýardyň, ýüregiň kanagat tapardy. Ol ömrüniň ahyryna çenli zeýrenmegi bilmedi, ahmyr çekip, başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp, «wah» diýenini gören ýokdy. Öňünden çykan tanyş-bilişlerine şähdaçyklyk bilen ýylgyryp, «pylan jan» diýip ýüzlenerdi, has gowy görenini gujaklap, bagryna basardy.

Ýurdumyzda türkmen filmleriniň festiwallary geçirilerdi. Aktýor olara başdan-aýak gatnaşdy. Aktýor olarda çykyş edip, sungatda bitiren işlerini, äden ädimlerini birin-birin aýdyp bererdi. Biz onuň çykyşyny üns berip diňlärdik. Duşuşyklaryň birinde tomaşaçylardan biri oňa: «Siz «Şükür bagşy» filminde iki roly ýerine ýetirdiňiz, adam tapylmadymy?» diýip sowal berdi.

— Bilseňiz, hanlaryň ýüz keşbi birmeňzeşdir, häsiýetleri-de, edim-gylymlary-da şeýledir. Şonuň üçin şolary göz öňünde tutup, bir adam — men oýnamaly boldum — diýip, jogap berdi.

Ol ömrüniň soňky iki-üç ýylyny, köplenç, hassahanada geçirdi. Festiwal döwründe-de birki sapar şeýle boldy, lukman sanjym edensoň ýagşylanardy, soň degşip-gülşüp oturardyk. Ol töwekgeldi, dostlukda wepalydy, işde galjaňdy, höwesekdi. Taňrynyň keremlidigine jany-teni bilen ynanardy. Ol halal zatlara uýup ýaşady. Oňa «Essalawmaleýkim!» diýip ýüzlenende gyrygrak sesi bilen salamyňy «Waleýkimessalam!» diýip, mähirli kabul ederdi, ikelläp görşerdi, soňam: «Gelsene!» diýip, ýanyndan oturmaga ýer görkezerdi. Ol tüýs türkmen gerçegidi.

«Aýgytly ädimiň», «Şükür bagşynyň» surata düşürilişini, Alty Garlydyr Baba Annanow, Meret Atahandyr Akmyrat Bäşimow, Muhammet Çerkezdir Sary Garryýew, Durdy Sapardyr Hommat Müllük ýaly türkmen kinosynyň sütünleri bilen bagly iňňän gülküli wakalary ýatlap, jak-jaklap gülerdi. Onuň gyzykly gürrüňlerini diňläp, nirede oturanyňy-da unudýardyň. Ol gürrüňiniň arasynda:

—Ynsanyň her bir edýän işiniň gözbaşynda pähim-paýhas bolmalydyr. Adamyň ömri gysga bolsa-da, geçmeli menzili, bitirmeli işleri uludyr. Şonuň üçin özüňe berlen ömrüňde edil ot ýaly lowlap ýanmalydyr. Ömrüň manysy ýaşalan ýyllarda däl-de, bitirilen işlerde — diýip aýdardy.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde ol tanymaldy. «Artyk Jally gelipdir» diýşip baran ýeriniň uludan-kiçisi aýak üstündedir, daş-töweregi märekeden ýaňa hyryn-dykyndyr. Hemmäniň nazary oňa gönügerdi. Ol başda agraslyk bilen oturardy, söz berlensoň münbere baryp, kinolardaky oýnan rollary hakynda söhbet açardy, soň bolsa degişme sözleri bilen degşip başlardy, jak-jaklap gülüp, zalda oturanlary-da gülkiniň perdesine sapardy. Tomaşaçylaryň mähridir söýgüsini ömrüniň her günüdir sagadynda duýup hem görüp ýaşan Artyk Jallyýew öz işine ussatdy. Biwagt gelen ajal ony 1999-njy ýylda altmyş ýedi ýaşynyň içinde aramyzdan alyp gitdi. Ýöne onuň özi gitse-de, sungaty halkyna ömürlik galdy. Ol türkmen kinematografiýasynyň ody bilen girip, küli bilen çykdy.

Milli kinomyzda onuň surata düşmedik filmi az-azdy. Keşp uly bolsun, kiçi bolsun, onuň üçin parhy ýokdy, garşylygy bolmazdy, bilini mäkäm guşap, derrew işe girişerdi, ýüregi bilen oýnardy. Men oňa «Artyk Jallyýewiç, siz sungatda uly işleri bitirip, kino ýyldyzy bolduňyz, hemmelere özüňizi söýdürip bildiňiz. Siziň adyňyz diňe bir özümizde däl, daşary ýurtlarda-da mälim, şonuň üçin siz örän bagtly adam» diýdim. Ol:

—Wah, heniz-henizler edilmeli işler öňde, ýöne ýarawsyzlyk derdi ýol berenok — diýip, ýagdaýyny mälim etdi. Onuň surata düşen filmleri 260-a golaý. Ol kinorežissýor ogly Saparmuhammet Jallyýewiň surata düşüren «Göze görünmeýän şazada» atly filminde hem ajaýyp keşpleriň birini döretdi. Ömrüniň ýarym asyr wagta golaýyny kinodyr teatr sahnasyna bagyş eden ägirt uly döredijilik tejribesi bolan meşhur kino ussady Artyk Jallyýew sungatydyr döreden ajaýyp keşpleri bilen hakydamyzda müdimilik ýaşap ýör. Ynsan üçin şundan uly bagt bolmasa gerek.

Begenç ESENOW