Keşplerde janlanan gymmatlyklar


Keşplerde janlanan gymmatlyklar



XX asyryň türkmen şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk ugrunyň taryhyna ser salanymyzda, Bäşim Nuraly, Aman Kulyýew, Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew, Ýakup Annanurow, Mämmet Mämmedow, Durdy Baýramow, Stanislaw Babikow, Aman we Çary Amangeldiýewler ýaly ussatlaryň keşpleri gözümiziň öňünden hatar-hatar geçip gidýär. Olaryň döredijilikli zähmeti, egsilmez yhlasy bilen, gürrüňi edilýän asyryň altmyşynjy ýyllarynda milli nakgaşlyk mekdebi kemala gelendir. Bu döwür XX asyryň täze türkmen medeniýetiniň taryha giren sahypasy bolup galýar. Bu ussatlaryň geljek nesiller üçin galdyran gyzyldan gymmatly pikirleri we duýgulary miras goýup giden çeper eserlerinde müdimi ýaşaýar. Şeýle ussatlaryň biri milli nakgaşlyk sungatynda beýik dana Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Döwletmämmet Azadynyň kanoniki keşplerini döreden ussat Aýhan Hajyýewdir.

Durmuşylyk (realistik) däplere eýerýän, reňk çözgütleri babatda özboluşly öwrümleri bilen tapawutlanýan portret žanrynda, şeýle hem nakgaşlyk žanrynda zähmet, taryhy we durmuşy temalarda döreden eserlerini synlanyňda, bu ussadyň, ozaly bilen, öz halkynyň milli gymmatlyk derejesindäki däp-dessurlaryny söýendigini görmek bolýar. Ol milli däp-dessurlarymyzy, halkymyza mahsus gylyk-häsiýetleri ussatlyk bilen janlandyrypdyr. Suratkeşiň işlerinde hemişe geçmişiň ýaňyny şu gün bilen baglanyşdyrýan, siňe synlamasaň, göze ilmeýän täsin bir sapajyklary görmek bolýar. Eserlerde janlandyrylan ynsan keşpleri, wakalar uzak wagtlap ýadyňdan çykmaýar.

Ussadyň uzak döwrüň dowamynda döreden ajaýyp eserlerini birme-bir ýatlap geçmek mümkinem däl. Ýöne şol eserleriň ählisine mahsus bolan türkmen halkynyň durmuşynyň iň bir täsirli, şatlykly, tolgundyryjy pursatlaryny, esasanam, zähmet prosesinde şekillendirilen pursatlaryň şahyrana wasp edilmesi aýratyn ünsüňi çekýär. Ol nakgaşlyk sungatynda milli ruhumyzy wasp edipdir. Şol milli ruh suratkeşiň galamynyň ujunyň ýitilik bilen gözläp tapan, özboluşly reňk we öwüşgin beren ruhy-ahlak päkligi, arassaçylyk, watansöýüjilik, päk zähmete sarpa goýmak ýaly çygyrlarynda aýdyň beýanyny tapýar. Suratkeşiň Watana, ene topraga söýgüsi, edebiýata, sungata, milli däp-dessurlara bolan hormaty uly. Şol söýgi, hormat, hyjuw, tutanýerlilik we zähmet Aýhan Hajyýewi kämillik ýoluna ataran gymmatlyklar bolupdyr.

Irki eserleriniň biri bolan «Ylym pagtaçylara kömek hökmünde» atly işi ussadyň oba zähmetkeşleriniň keşbini açyp görkezýän eserleriniň iň gowularynyň biridir. Onuň bu taslamasynda bol hasyl eçilýän mähriban topragymyzda daýhanlaryň ylym arkaly hasyllylyga ymtylyşy janly, ruhubelent beýan edilýär. Ussat nakgaşyň bu eseri häzirki günde-de döwrebap hasaplanýar. Onda ertire ynam bar. Ýyllar kerwen gurap geçse-de, bu eseriň mazmunynyň ähmiýeti şu günki gün hem wajypdyr.

Şeýle-de, başda aýdyp geçişimiz ýaly, Aýhan Hajyýewiň döredijiliginde kanoniki keşpler uly orun eýeleýär. Ussat nusgawy şahyrlarymyz bolan Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, liriki şahyr Mollanepesiň, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň, watançy şahyr Zeliliniň keşbini şekillendiripdir. Şu eserler türkmen şekillendiriş sungatynyň gymmatly hazynasyna girip, milli medeniýetimiziň mirasyna öwrüldi. Şeýlelikde, ussadyň döreden bu portret eserleri ähli okuw hem-de çeper neşirlere girizilýär.

Aýhan Hajyýew «Seýdi» (1977 ý.) atly portret eserinde Watana bolan söýgüsini we ony goramagyň beýik nusgasyny öz şygyrlaryna siňdiren şahyryň mertlik, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk häsiýetlerini açýar. Serkerde şahyryň ýüzi agras, çep eli gylyjyň gynyny berk gysyp dur. Suratkeş şahyryň aýgytly netijä gelendigini görkezýär, onuň arkasynda taslamanyň peýzažynda säher bilen dogup gelýän Günüň gyzgyn ýiti sary reňkli şöhlejikleri Amyderýanyň haýbatly suw tolkunlaryna öwüşgin berýär.

Juda gadymdan gelýän potret žanry suratkeşden diýseň ussatlygy, ägirt ýiti zehini talap edýär. Aýhan Hajyýewiň oýlanmasy esasynda dörän Seýitnazar Seýdiniň dosty Zeliliniň portreti (1982 ý.) hem şu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Eseriň taslama gurluşyndaky sýužetde şahyryň «Watanym, seni» şygryndaky ýürek telwasy öz beýanyny tapýar:

— Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belentden pesine akan bulaglar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär, Watanym seni!
Suratkeş bu kanoniki portret işinde mert, watançy şahyry ussatlyk bilen şekillendiripdir.

Ussat suratkeş halkyň kalbynda ýaşaýan Magtymguly Pyragynyň mähriban pederi, XVIII asyr nusgawy şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň (1992 ý.) portret keşbini döretmek boýunça bäsleşikde hem birinji orna mynasyp bolýar.

Ussat suratkeşiň türkmen daýhanlaryny, artistlerini, sazandalaryny suratlandyrýan eserleri halkymyzyň hakydasynda berk ornaşandyr. Ömrüniň dowamynda köpsanly sergileri guralan Aýhan Hajyýewiň döredijiligi ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem mälimdir. Şonuň bilen bir wagtda Aýhan Hajyýew ömrüniň köp ýyllaryny mugallymçylyk işine bagyşlap, şol döwürdäki Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik okuw mekdebinde — häzirki Türkmenistanyň ýörite Döwlet çeperçilik mekdebinde, Türkmen politehniki institutynda talyplara sapak beripdir. Aýhan Hajyýew reňkler dünýäsini söýgi bilen öwrenmek islän şägirtlerine: Durdy Baýramowa, Mämmet Mämmedowa, Orazguly Kasymowa, Ýarly Baýramowa, Wera Gyllyýewa, Garataý Begjanowa, Annamämmet Hojanyýazowa, Möjek Çaryýewe çeperçilik sungatynda ussatlyga ýol görkezen halypadyr. Ýönekeý tomaşaça hem düşnükli we halka gerekli eserleri döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň döredijiligi ýaş suratkeşler üçin nusgalyk mekdepdir. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp eserinde: «Türkmeniň Bäşim Nuraly, Yzzat Gylyjow, Ýakup Annanurow, Aýhan Hajyýew, Nyýazberdi Dowodow, Juma Jumadurdy ýaly meşhur suratkeşleriniň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň döreden eserleri öz döwründe türkmen halkyna uly ruhy goldaw berip, ony ýagty ertirlere atardy» diýip belleýär. Bu parasatly jümleler ussat Aýhan Hajyýewiň döredijilik ýolunyň şu günki hem-de geljek nesiller üçin nusgalyk göreldedigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda sungat ussatlarymyzy belentden sarpalaýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Ýazgül BEGNIÝAZOWA