Ajaýyp baýramyň şanyna
Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan syzylyp çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaplary halkymyzyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny we ähmiýetini açyp görkezýär.
Halkymyzyň tebigat bilen bitewüligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslary ahalteke bedewleriniň ýaşaýyş-durmuş keşbi bilen sazlaşykly utgaşygy emele getirýär. Bu bolsa halkymyzyň taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetimiziň her bir wekiliniň gözüniň guwanjy, ýüreginiň buýsanjy, zähmete we bagtyýar ýaşaýşa hyjuwynyň synmaz çeşmesi bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň we gymmatynyň çäksiz wasp edilmegine, atçylygyň we atly sportuň giňden wagyz edilmegine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 10 ýyllygy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen «Şöhratly bedewleriň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hünärmeni Ogulbibi Tuwakbaýewanyň hem ýeňiji bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, «Şan-şöhraty dünýä dolan türkmen bedewi» atly maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti, asyrlarboýy türkmen halkynyň buýsanjy bolan we bütindünýä ykrar edilmesine eýe bolan ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň durmuşyndaky orny, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesiniň, gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň giňden ykrar edilýändigi Türkmen bedewiniň milli baýramyny tutuş halkymyzyň agzybirlik bilen belleýändigi dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.
Serdar AGAÝEW