Sungatyň soňlanmajak dünýäsine aralaşyp...


Sungatyň soňlanmajak dünýäsine aralaşyp...



Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, şekillendiriş sungatyna hem uly üns berilýär. Şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri bilen bir hatarda nakgaşçylykda hem täze sepgitlere ýetilýär. Nakgaşçylyk şekillendiriş sungatynyň esasy görnüşleriniň biri bolup durýar. Žiwopis sözi rus dilinden terjime edilende, janly surat diýmegi aňladýar. Şekillendiriş sungatynda nakgaşçylyk has köp mümkinçilige eýedir. Ol dünýäniň reňkli öwüşginini, baýlygyny, ýagtylygyny, tebigatyň jansyz ahwalatyny janlandyryp, öz janköýerlerine has özüne çekiji derejede ýetirmegi başarýar. Nakgaşçylygyň esasy aýratynlygy, dünýäni tekizlikde, mysal üçin, kendirde, kagyzda, diwarda we beýlekilerde görkezip bilýänligidir.
Şekillendirilýän zatlaryň keşbi eskiz arkaly döredilýär. Şol eskiz esasynda bolsa, suratkeş reňkleri saýlap alýar. Aslynda-da, reňk nakgaşçylygyň iň bir wajyp serişdeleriniň biridir. Nakgaşçylygyň, esasan, iki görnüşi bar. Olar: stanok nakgaşçylygy we monumental nakgaşçylygy görnüşleridir. Stanok nakgaşçylygy — stanok sözünden gelip çykyp, suratkeşiň başynda durup, surat çekýän malbertinden alnypdyr. Muzeýlere, sergi zallaryna baranymyzda, biz stanok nakgaşçylyk eserlerini häli-şindi görýäris. Beýan edýän wakalary, eseriň berlişi, şekilleri boýunça stanok nakgaşçylygy taryhy durmuş, portret, peýzaž, natýurmort ýaly žanrlara bölünýär.
Monumental nakgaşçylyk sungaty hem binagärçilik bilen bagly bolup durýar. Monumental nakgaşçylygy stanok nakgaşçylygyndan tehniki ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanman, eýsem ulanylýan serişdeleri bilen hem biri-birinden saýlanýar. Monumental eserler jaýlaryň, binalaryň, teatrlaryň, saglyk edaralarynyň, şypahanalaryň diwarlarynda ýerleşdirilýär. Nakgaşçylygyň bu görnüşi fresko, mozaika, rospis, sgrafitto, panno ýaly böleklere bölünýär.

Häzirki günlerde stanok nakgaşçylygynda has köp eserler döredilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde biz — suratkeşler stanok nakgaşçylygy esasynda ýerine ýetirilýän eserler bolan natýurmortlary, peýzažlary, kompozisiýa işlerini mundan beýläk-de kämil ýerine ýetirmek üçin düýpli işleri durmuşa geçireris. Şekillendiriş äleminde hormatly Prezidentimiziň yglan eden, şeýle-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we beýleki degişli edaralar tarapyndan guralýan bäsleşikler her gezek güýçlüleri orta çykarýar. Dabaraly bäsleşiklere häli-şindi gatnaşýan mugallymlarymyz, talyplarymyz hem öňdäki orunlary eýeleýärler. Her gezek şeýle bäsleşiklere gatnaşýan mekdebimiziň «Nakgaşçylyk» bölüminiň talyplary halypalar tarapyndan öz eserleriniň artykmaç hem ýetmez taraplary aýdylanda, oňa dogry düşünip, eserleriniň gowy taraplaryny öňküsinden hem kämilleşdirmek, ýetmez taraplaryny, bärden gaýtmalaryny bolsa düzetmek üçin şol bir eseriň başyna täzeden geçýärler. Munuň özi orta mekdeplerdäki «Ýalňyşlyklaryň üstünde işlemek» sapagy ýaly, öz üstüňde işlemäge, diýmek, özüňi täzeden ýonup, öz üstüňde täzeden işlemek bilen has-da kämilleşmegiň üçin döredilýän ýene bir mümkinçilikdir.
Şahyryň:

Bu gün yşga düşdüm.
Saňa barýaryn dada,
Girip gyrasyndan senli durmuşyň.
Syrym çohdur, gülüm, senli dünýäde,
Hemem söz ummanyn boýlap ýörmüşem —
Belki, şoň üçindir, gül açmyş gyşym

— diýip, belleýşi ýaly, nakgaş hem hemişe gözüniň görýän zatlaryny täzeden janlandyrmak, tebigatyň adaty adamlaryň gözüne görünmeýän has täsin, has gyzykly taraplaryny hem açyp, özboluşly taraplaryny çekip, halk köpçüligine ýetirmek pikiri bilen ýaşaýar. Şol pikiriň amala aşmagy onuň durmuşyny gülledýär. Gyş günlerini ýaza öwrüp, gyşyň günlerinde-de onuň kalbynyň çuňluklarynda täze dörän nowgülüň burk urup, çar tarapa gözellik eçilmegine şert döredýär.
Hawa, şahyr öz pikirlerini, fantaziýasyny, durmuş filosofiýasyny ýazýan şygyrlary, sazanda çalýan sazlary, ýazyjy kyssa eserleri bilen halka ýetirýän bolsa, nakgaş-žiwopis hem bu barlygyň täsinliklerini, göze görünýän-görünmeýän ahwalatlaryny, Adam oglunyň dürli başdan geçirmelerini, onuň içki dünýäsinde ýüze çykan gözelliklerini, oý-pikirlerini, garaýyşlaryny, gözýetimini surat görnüşinde kagyza-kendire geçirmek arkaly aň önümini ile hödürleýär. Bagşynyň her gezek öz sesini çalýan sazy bilen sazlaşdyrmak, aýdym bile sazyň sazlaşygyndan dörän esere hemmeleriň ünsüniň çekilmegini gazanmak, netijede diňleýjileriň dünýäni unudyp, özi bilen bir hörpden gopmagyna şert döretmek üçin ähli tilsimleri ulanyşy deýin, suratkeş hem ilki bilen, diwar ussasynyň pagsanyň kerpiçler bile ýeke-ýekeden örüp boýny ýetirişi kimin, ilki eseriň süňňüni düzýär, boýny ýetirýär, soňra ýekän-ýekän ähli taraplaryny sazlaşdyrýar, bezeg işlerini birin-birin berjaý edýär, halypalaryň özüne bildirýän ösen talaplaryny birkemsiz berjaý etmek üçin ähli mähir-yhlasyny eserine siňdirýär. Soňra eserini ertesi gelip gözden geçirýär. Şondan birki hepde geçensoň, tötänden üstünden baryp, ony ilik-düwme synlaýar. Esere göwni ýetse, şonuň eserligine anyk göz ýetirse, diňe şondan soň köpçülige ýetirýär.

Görüň dünýäň görküni —
Aýym ýagtyldýar tümi.
Ýaňlanýar eserimde —
Tebigatyň aýdymy

— diýlip, goşguda bellenilişi ýaly, biz gözellikleri ilki aňymyza siňdirip, soňra daşymyza çykarýarys. Ony hakyky görnüşinde, dokuzy düzüw halda beýan edip, sungat derejesine ýetirip tomaşaçylara hödürleýäris. Eger, surat birkemsiz, öz derejesinden solgun ýa-da goýberlen haýsydyr bir säwlik sebäpli, gözüňi dokundyrmasa, onda oňa asla sungat diýip hem bolmaýar.
Haýsy kärdäki adam bolanda-da, öz geçmişi hakynda bilmezden, geljege göz ýetirip bilmeýär. Taryhyňy bilmezden, senden ozalky «senleri», ata-babalaryňy tanamazdan, il hakynda-ha däl, özüň barada hem düýpli eser döretmek mümkin däl. Munuň şeýledigini edermen eždatlarymyz «Özüni bilen weli» diýip, gysgadan örän düşnükli aýdyp bilipdirler. Oňat suratkeş-nakgaş bolmak üçin taryhyňy, edebi, medeni mirasyňy öwrenmek, ilki bilen özüňi tanamak zerurlyk bolup durýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Özüniň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Döwrebap ösmegiň ilkinji möhüm başlangyjy halkyň döredijilik ukybynyň açylmagyndan, paýhasynyň dabaralanmasyndan, akyl-ukyplarynyň, başarnyklarynyň has-da giňden ýaýylmagyndan ybaratdyr. Munuň esasy özeni bolsa özüňe akyl ýetirmekdedir, özüňi tanamakdadyr. Özüňi bilmek bolsa meseläniň iň kyn ýeridir. Ata-babalarymyz özüňi bilmegiň müşgilligine çuňňur düşünipdirler. Özüňi açmak — dünýäni açmak. Eýsem türkmen halkynyň aslyýetinde nähili özen — gurluş binýady ýatyr?! Men bu hakda köp oýlanýaryn» diýip belleýär. Biz nakgaş-suratkeş mugallym hökmünde bulary şägirtlerimize öwredýäris. Şonuň bilen birlikde özümiz hem öwrenýäris. Çünki öwretmek üçin özüňem elmydama öwrenip ýörmeli, öz üstüňde işläp, kämilleşip, baryňy şägirtleriň bilen paýlaşyp, olara öwredip ýaşamaly. Biz şonuň üçin mugallym, şonuň üçin halypa, şeýle bolmasa-da ösüş ýok. Bu barada ata-babalarymyz: «Aýtmazak alym, ýagmazak bulut» diýipdirler.
Medeniýetiň we sungatyň, has-da şekillendiriş sungatynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Medeniýetiň hem sungatyň düýpli kämilleşmegi, ösmegi üçin ähli şertleri döredýän hormatly Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun!

Derýaguly ŞAGULYÝEW