Yzzat Gylyç ogluna
Tanymal suratkeş, türkmeniň ogly,
Yzzat Gylyç adyň ýaýrady dünýä.
Peýzaž eserleriň, ak Günüň dogşy,
Dünýä deý eserleň mälimdir hemmä.
Eserleriň açýar türkmen dünýäsin,
«Oba-kentleň» durmuşydyr türkmeniň.
«Bagşy aýdym aýdýar», berýäris «häsin»,
Ony ile ýaýmak maksadyň seniň.
Men haýran galýaryn seniň işiňe,
Reňkleriň astynda täsin sazyň bar.
Mahmal reňkler bilen göwrüm berşiňe,
Uly bir simfoniýa «Toýdur» «Aýdym-saz».
Durmuş sazlaşygy al-elwan reňkler,
Dere syryn açýar. Reňkleriň doýgun.
Läleleň läledir, maýsalaryň ter,
Ýelleň bar tenekar her säher öwsen.
Nesilleň ýamanlyk ýüzün görmesin,
Öwrenýäris senden syrlaň çözgüdin.
Şägirtleriň saňa goşýandyr sesin,
Hemem eserleriň öçmez-ýitmezdir!
Amanmuhammet HYDYROW.