Bagtyýarlygyň özeni


Bagtyýarlygyň özeni
(şahyrana oýlanma)



«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça durnukly ösüşleri gazanýar. Ýer ýüzünde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki ýola ykrar edilen ýeke­täk döwlet bolan Türkmenistanyň şu günki ýeten sepgitleri mähriban Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän parasatly syýasatçy hökmünde belent at­abraýyndan habar berýär. Bu ýyl halkymyz şanly hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyny dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde şatlyk­şowhun bilen uludan bellär.
Hemişelik Bitaraplyk düşünjesi bize pederlerimizden miras bolup gelen ruhy gymmatlykdyr. Ruhy gymmatlyklar müdimi ýaşaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň özeninde şu müdimi gymmatlyk ýaşaýar.
Ata­babalarymyz döwürleriň inçe gözli eleginden geçen, agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan atalar sözüni, nakyllary, şorta sözleri, hüwdileri, matallary miras goýup, ruhy hazynamyzyň binýadyny esaslandyrypdyrlar. Şeýle ruhy mirasy bolan ýurdumyz şu günki günde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde umumadamzat jemgyýetini agzybirlige, jebislige, dost­doganlyga, her bir ýüze çykýan meseleleri bileleşip, gepleşikleri agzybirlik ýoly bilen çözmäge çagyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ruhuna siňen mukaddes düşünjedir.
Hemişelik Bitaraplyk hakda oýlanyşyma, hyýalymyň tükeniksizligine syýahata çykdym. Hyýaldaky gören, eşiden zatlarymdan ylham alyp, şeýle setirler döredi:

Bu geçen ajap ýyllarda dünýe içre ykrar gördüň,
Parahatlyk ýollaryndan barýan ilde ygrar gördüň,
Geçmişini nusga edip, geljegni nazarlar ýurdum,
Asudalyk — ertä ynam, düşläp reýhan pasyl, Watan,
Goýnuňda seň erteki deý eýýam — Altyn asyr, Watan.

Milliligiň şahasyna sapyp ösüşleň nusgasyn,
Nesillere aýan etdiň pederleň ömür kyssasyn,
Kelamynyň gudratyndan saklap jebislik messebin,
Niýetiň päk bolsa, meger, dogry ýoluň aýan, Watan,
Watanperwer nesilleriň geljegiňe dowam, Watan!

Magtymguly Pyragynyň islän berkarar döwleti,
Parahatlyga çagyrýar bütin Ýer ýüznüň milletin,
Paýhas bilen hak ýol tutsaň, sepgitleriň bolmaz çetin,
Ýüpek ýollar polat, howa, deňiz ýola döndi, Watan,
Dostluk goluny uzadan, ynsanperwer illi Watan!

Arşyň gämisin atlanyp çykdyň asman serhedine,
Öwrüldiň bu sebitleriň ylalaşyk merkezine,
Maýyl bolup jümle-jahan parahatlyk heňleriňe,
Hemişelik Bitaraplyk ykraryny gördüň, Watan,
Pederleriň hak ýolundan diňe öňe ýördüň, Watan!

25 ýyllyk dabaraň toýdur bütin ýyl dowamy,
Dünýäň rahatlygy üçin aýaman dileg-dogany,
Dost bolana dogan bolmak türkmende ömrüň sogaby,
Päk niýetden gözbaş alýar haýyr-sahawatyň, Watan,
Ynsanperwerlik ýörelgäň dünýä delalatyň, Watan!

Türkmenistan baky bahar paýhasyndan Arkadagyň,
Oňlanýandyr Ýer ýüzünde alyp barýan dostluk ýoluň,
Goraglylyk, ynanyşmak kimin ýagşa tutup päliň,
Guşlar saýrap, güller açsyn munda bagy-bossan, Watan,
Bu ýyllardan nesillere galsyn ajap dessan, Watan!

Biz akylymyzyň ýetmeýän zadyna gudrat diýýäris. Janly­u­jansyz zatlaň ählisinde adam ogluna alara sapak bar. Bu bütin barlygyň sazlaşygyny düzýär. Şol sazlaşyga aralaşyp, tebigata dost bolup bilýän illeriň şanyna ajaýyplyklar alkyş aýdyp durandyr. Bütin barlygyň alkyşyny alýan illeriň ýalkanjagy ikuçsuz ahyry. Belki, şonuň üçinem heňňamlaryň synagyndan geçen halkymyz ata­babalarymyzyň ynsanperwerlik ýoluny dowam edýär. Çünki her bir türkmen perzendiniň gulagyna ene hüwdüsi bilen giren owaz: agzybirlik, jebislik, asudalyk diýen jümleler bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», «Ösüş arkaly parahatçylyk!» diýen ýörelgeleriniň heňlerine sazlaşyp, dünýä ýüzünde şol ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur.

Meňli AŞYROWA