Nepis sungatyň ussady


Nepis sungatyň ussady



Milli gymmatlyklarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, täzeden-täze öwüşginlere beslenip, ata-babalarymyzyň ruhuna ýakynlaşdyrýan dürdäneleri, milli pelsepäni we ynançlary özünde jemleýän kerem-gudrat görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň baý mirasynda aýratyn orun eýeleýän ugurlaryň biri-de şekillendiriş sungatydyr. Şekillendiriş sungatynyň iň nepis ugurlarynyň biri bolan suratkeşlik hem türkmen halkynyň durmuşynda görnükli orun tutýar. Türkmen suratkeşlik sungatyndan söz açylanda, ilki bilen, belli suratkeşler Nazar Ýomudskiniň we Bäşim Nuralynyň döreden ajaýyp surat eserleri göz öňüňde janlanýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda — XX asyryň birinji ýarymynda naýbaşy eserleri döreden sungat ussatlarynyň çeken suratlary milli suratkeşlik mekdebimiziň döreýiş we ösüş ýolunda nusgalyk eserler hökmünde hemişelik orun aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan düýpli ylmy-barlag işleri türkmen suratkeşlik mekdebiniň köklerini has alyslardan — XV asyrdan alyp gaýdýandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. XVI — XVII asyrlaryň sepgidinde Töwrizde ýaşap geçen meşhur türkmen suratkeşi Sadyk beg Awşaryň döredijiligi munuň aýdyň mysalydyr.
Ýewropaly alymlaryň XX asyrda alyp baran ylmy-barlag işleriniň netijesinde, galybersede, soňky ýyllarda ýüze çykarylan maglumatlar XIV—XV asyrlarda Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleriniň döwründe «Töwriz mekdebi» ýa-da «Türkmen suratkeşlik mekdebi» diýip at alan meşhur sungat mekdebiniň bolandygyny tassyklaýar. 1979- njy ýylda Londonda «XIV — XVI asyrlarda Orta Aziýada kitap sungaty» atly saldamly ylmy işi neşir etdiren iňlis alymy Bezil Uilýam Robinsonyň işleri hem muny aýdyň görkezýär. Şol kitapda «Miniatýura suratkeşligi boýunça türkmen mekdebi» atly ýörite bapda Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletlerini döwründe Töwrizde şeýle at bilen ýörite ugruň bolandygy bellenilýär.
Milli suratkeşlik mekdebinde zenanlaryň hem bolandygyny bellemek gerek. Sungaty öwreniji alymlar XVI — XVII asyrlarda Töwrizde işlän ussat suratkeşleriň arasynda asly merwli suratkeş zenan Bibijäniň hem adyny getirýärler.
Sadyk beg Awşar türkmen barada aýtsak, ol suratkeşlik mekdebiniň ussat halypalaryndan tälim alyp, kämillige ýeten görnükli sungat ussadydyr. Gündogar sungatyny öwreniji alymlar G. A. Pugaçenkowa, O. F. Akimuşkin we başgalar Sadyk begiň işlerine örän ýokary baha beripdirler. O. F. Akimuşkin türkmen suratkeşleri tarapyndan Töwriz mekdebinde döredilen suratlara «Özüniň çeperçilik gymmaty we ýerine ýetirijilik ussatlygy boýunça dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk eserler» diýip baha berýär. Sadyk beg häzirki zaman sungaty öwrenijileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan ajaýyp portretleriň ençemesini çekipdir. «Teýmir han türkmeniň portreti» Sadyk begiň naýbaşy eserleriniň biridir. Suratda Teýmir han şäherli adamynyň lybasynda şekillendirilipdir. Ulanylan reňkleriň görnüşleri bu adamyň ýönekeý adam bolandygyna şaýatlyk edýär. Onuň kellesindäki başgaby bolsa, şol wagt höküm süren Sefewiler döwletiniň emeldarlarynyň geýen sellesidir. Teýmir han türkmeniň bilinden asylgy gylyjy we gamasy şol döwrüň hanlaryna mahsus bolan alamatlardyr.

Sadyk beg Awşaryň sungat ussady hökmünde orta çykmagyna taryhy şertler sebäp bolupdyr. XIV asyrda Gündogaryň şekillendiriş sungatynda suratkeşlik täze žanr hökmünde ýüze çykypdyr. Bu žanr XV — XVI asyrlarda has-da kämilleşipdir. XV asyrda, ilki, Garagoýunly türkmenleriň, soňra bolsa Akgoýunly türkmenleriň döwründe Töwriz şäheri tutus sebitde suratkeşlik sungatynyň ykrar edilen merkezine öwrülipdir. Bu ýerde ýerli türkmen suratkeşlik mekdebi kemala gelipdir. Bu mekdepde döredilen eserler soňra suratkeşligiň «türkmen ülňüsi» adyna eýe bolupdyr.
Töwriz mekdebi XVI asyrda hasda ösüp, täze derejä çykypdyr. Sadyk beg Awşar şu mekdebiň ussatlarynyň elinde terbiýelenipdir we meşhur suratkeş hökmünde şekillendiriş sungatynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Onuň döreden «Ymamguly han», «Teýmir han türkmen», «Erkek adamyň portreti», «Jahankeşde derwüş», «Eli gülli şazada», «Eşekli derwüş» atly eserleri dünýä şekillendiriş sungatynyň altyn hazynasynda hemişelik orun aldy.
Sadyk beg Awşar diňe bir suratkeş däl, eýsem, ol şahyr, alym we taryhçy hökmünde-de giňden meşhurdyr. Onuň «Kanun as-sowar» («Surat çekmegiň düzgünleri») eseri şekillendiriş sungatyny ylym hökmünde belende göterdi. Bu eser häzirki döwürde-de sungaty öwreniji alymlaryň üns merkezinden düşenok. Görnükli sungat ussadynyň döreden «Diwan», «Mujme ul-hawas» («Duýgularyň jemi») «Jeňnama», «Fathnameýi Abbasy-namdar» («Meşhur Abbasyň ýeňişleriniň kitaby») atly eserleri dünýä edebiýatynda we taryh ylmynda ymykly orun aldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz, türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan we pentlerinden ugur alyp, meşhur türkmen sungat ussatlaryň ömür ýollaryny we olaryň baý döredijilik mirasyny has-da çuňňur öwrenýäris.

Kuwwatberdi KAKAJYÝEW