Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!


Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!



Säher bilen bilbil saýrar bagyňda,
Çuňluk bardyr dessuryňda-däbiňde,
Hasyl ýatyr tylla Günüň çogunda,
Berkarar Watanym, dilde dessanym,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Döwlet Tugy Aý deňinde parlaýar,
Hydyr, Ylýas säher rysgal paýlaýar,
Dört pasyl ýaz munda güller solmaýar,
Ir-iýmişi datly gül-gülüstanym,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Bagtlylaryň Watanydyr bu mekan,
Eziz Diýar diýseň bol rysgally kän,
Başga şeýle ajap ýurt barmykan?!
Waspyň edip, şygyr-gazal beslänim,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Sportda, bilimde dünýä belli biz,
Geçmişi sarpaly Oguz illi biz,
Syýasaty aýdyň, adyl ýolly biz,
Buýsanjym, guwanjym hem hany-manym,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Begenjimden göge uçasym gelýär,
Daglarňy, baglarňy guçasym gelýär
, Ýollaryňda menzil aşasym gelýär,
Kalba ylham, köňle melhem bossanym,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Oguljennet NAZAROWA