Watan hakynda
Açyk penjiräňden nur ýagyp dursa,
Ýagşy niýet, ýagşy keşbe uýarlar.
Depäňde lowurdap, Gün çogup dursa,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Şahandaz jahyllar, owadan gyzlar,
Özlerini guş dek erkin duýarlar.
Bir perdeden gopsa çalynýan sazlar,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Bir adamyň başy çala syzlasa,
Goňşy-golam dogany dek söýerler.
Gül göwünler bir ýaýlada ýazlasa,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Uly derýalaryň batly akymy
Bize tabyn, nirä sapsak guýarlar.
Birleşdi ynsanyň güýji, akyly,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Bir göreniň ýene göresi gelse,
Ýerden, gökden saňa ganat ýaýarlar.
Ata — ogul, ene — gyzdan hoş bolsa,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Heniz Gün düşmedik garlar ereýär,
Dostlara dogan dek hormat goýarlar.
Dünýä bize ynam bilen garaýar,
Ine, Watan diýip, şuňa diýerler.
Ýylgaý DURDYÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy