Kitaplar — elektron görnüşde
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Sanly ulgam» syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda bu ýerde jemi bäş million alty ýüz kyrk bir müň üç ýüz kyrk bäş (5641345) sany kitap bolup, kitaphananyň hazynasy täze çykýan kitaplaryň hasabyna ýyl-ýyldan baýlaşýar.
Kitaphananyň binasynyň giň bolşy ýaly, sözüň özi hem giň mana eýe. Bu ýer diňe bir adamlaryň kitap okamaga gelýän ýeri bolman, eýsem, okuwçylardyr talyplaryň synaglara taýýarlanmak üçin, şeýle-de ululy-kiçili taslamalar üçin gözleg edilýän ýerdir. Kitaphana ýöne ýerden «ähli ylymlaryň merkezi» diýilmeýär. Ol şäheriň kitaphana üçin örän amatly ýerinde bolup, özüňi kämilleşdirmek üçin iň amatly ýerdir. Şonuň üçinem bu ýere yzygiderli gatnaýan adamlar aň-düşünjesi taýdanam, bilimi taýdanam göz-görtele tapawutlanýarlar.
— Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda gol çeken «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky» Kararyndan bäri kitaphanamyzda kitaplary elektron ulgama geçirmekde hem işler yzygiderli alnyp barylýar — diýip, kitaphananyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa buýsanç bilen gürrüň berýär. «Şondan bäri kitaphanadaky bäş million alty ýüz kyrk bir müň üç ýüz kyrk bäş (5641345) kitabyň iki müň üç ýüz on altysy (2316) elektron görnüşe geçirildi. Olardan bir müň alty ýüz otuz iki (1632) sanysy türkmen dilinde, alty ýüz on sekiz (618) sanysy rus dilinde, altmyş alty sanysy bolsa beýleki daşary ýurt dillerindäki kitaplardyr. Kitaplary elektron görnüşe geçirmegiň tapgyry häzir hem ýokary depginde dowam edýär» diýip Bibigözel daýza sözüniň üstüni ýetirdi.
«Sanly ulgamyň okyjylar üçinem, işgärler üçinem döreden ýeňillikleri az däl. Kitaphananyň ammaryndan kitaplary tapmak indi öňki ýaly köp wagtymyzy alanok. Kompýuter bize gözleýän kitabymyzyň anyk nirede ýerleşýändigini aýdýar. Onsoň ony bize şol ýerden baryp alaýmak galýar» diýip, kitaphananyň işgärleri aýdýarlar.
Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2015-nji ýylyň aprelinde Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky welaýat, etrap, şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalaryň ulgamy döredilipdi. Kitaphanada ýola goýlan internet ulgamynyň kömegi arkaly şol ulgamdaky 76 kitaphana bilen maglumatlary alyş-çalyş etmek işleri hem ýola goýuldy.
Şeýle-de bu ýerde döwürleýin neşirlerdäki — gazet-žurnallardaky makalalardyr oçerkleriň her biri aýratynlykda kompýuterleriň ýadynda saklanylýar. Şeýlelikde, okyjy özüne degişli temanyň adyny ýazyp, kompýuterden gözletse, şol tema degişli bolan makalalaryň ählisi awtorynyň ady, çykan gazet senesi bilen bilelikde ekranda peýda bolýar.
Kitaphananyň içinde aýlanyp ýören wagtyň, kitaplary okamak üçin döredilen şertleri görüp, Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.
Aşyr SAPAROW