Dosta uzaýan ýollar


Dosta uzaýan ýollar



Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Ýurdumyzyň görnükli medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat toparyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Kazan şäheriniň W. I .Lenin adyndaky medeni – dynç alyş toplumynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Onda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlary dabaraly konsert bilen çykyş etdiler. Tatarystanyň Halklaryň dostlugy öýünde Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň şeýle hem «Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri» atly syýahatçylyk we foto sergisi geçirildi. Kazanda geçirilen döredijilik duşuşyklary, Ýelabugada we Bulgarda tatar halkynyň taryhy ýoly bilen tanyşlyk, muzeýleriň işi boýunça tejribe alyşmaklyk, türkmen sungatynyň ussatlary, döredijilik toparlary tarapyndan guralan çykyşlar aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.