Mäne babanyň aramgähi


Mäne babanyň aramgähi



Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyna nazar salsaň, ata-babalarymyzyň geçmişde dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak maddy hem maddy däl gymmatlyklary goşandygyna göz ýetirýärsiň. Bu hem biziň taryhymyzy has çuňňur öwrenmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jiltinde ençeme asyrlaryň hat-da müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň hem-de halklaryny birleşdiren özboluşly söwda ýoly bilen baglanşykly taryhy ýerleriň möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär.

Kiçeňräk Mähne şäheri hem şolaryň biridir, onda orta asyrlar sene ýazyjylarynyň maglumatlaryna görä, bazarlardyr kerwensaraýlaryň birnäçesi bolupdyr. Ýöne Mäne olar bilen däl-de, eýsem il arasynda Mäne baba ady bilen tanalan, bu şäheri külli musulman ymmatyna meşhur eden sopuçylyk akymynyň görnükli wekilleriniň biri şeýh Abu Seýit Abul Haýryň aramgähi ýaly şäheriň esasy binasy bilen meşhurlyk gazanypdyr.

Abu Sagyt Mähneýiniň (Mäne babanyň) kümmeti biziň günlerimize çenli saklanyp galan we kaşaňlygy bilen tapawutlanýan juda üýtgeşik taryhy-binagärlik ýadygärlikleriň biridir. Ol Aşgabatdan 216 km uzaklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýär. Kümmeti XI asyryň ortasynda ilkinji türkmen-seljuk soltanlary Çagry beg hem-de Togrul beg Merkezi Aziýada meşhur beýik akyldar, aryf hem söz ussady, tasawufyň (yslam mistikasy akymynyň) iň tanymal wekilleriniň biri keramatly pir Mäne babanyň – Abu Sagyt Abul Haýyryň (967-1049 ý.ý.) guburynyň üstüne gurdurypdyrlar. Sünnälenip sungat eseri derejesine ýetirilen bu ymaratyň gümmeziniň saragsly ussalaryň binagärlik mekdebiniň ýörelgelerine laýyklykda iki gatly edilip gurlandygyny bellemek gerek.

XIV asyryň birinji ýarymynda ymaratda geçirilen düýpli abatlaýyş işleri aramgähiň gurluş esaslaryna täsir etmändir. Şeýle bolsa-da, täze ýörelgeler we estetiki kadalar onuň binagärlik-çeperçilik keşbini düýpli özgerdipdir. Kümmetiň iç ýüzi kärine kämil hatdatlaryň arap hatynda ýazan dini häsiýetli ýazgylarydyr ajaýyp goşgy setirleri bilen bezelipdir. Esasy girelge – peştag gök syrçaly nagyş düzümleri bilen nagyşlanypdyr. Aramgähiň gümmez asty otagynyň içinde: diwarlara dürli reňkli güllerdir ösümlikler, gümmeziň özüne bolsa dürli çarçuwaly çylşyrymly burçly şekiller salnypdyr. Binanyň aşaky bölegine dürli ösümlikler çekilen sekiz burç ýyldyza meňzedilen nepis keramika plitkaly panel we epigrafika bezeg berýär. Ymaratyň bezeg işlerinde gök, ýaşyl reňkler ulanylypdyr, aýry-aýry ownuk nagyşlar bolsa sary (kaşin) keramikasyndan ýasalypdyr.

Girelgäniň – peştagyň ýüzüne Kurany-Keremiň sürelerinden alnan aýatlar ýazylypdyr. Bu ýerdäki tegelek möhür şekilli geometrik bezegdäki ýazgylar ünsüňi özüne çekýär. Meýdany 100 inedördül metr bolan aramgähiň çuň tagçaly uly otagynda keramatly piriň gubury bar. Soňky ýyllarda Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan we beýleki dünýä ýurtlaryndan gelen musulmanlaryň ýüzlerçesi bu ýere zyýarat etdiler. Kümmetiň iç tarapynyň tutuşlygyna nagyşlar bilen bezelmegi öz döwri üçin aýratyn üýtgeşik ýagdaýdyr. Onuň diwarlarynyň düýbünden başlap depesine çenli salnan ýazgylar we nagyşlar beýleki taryhy-binagärlik ýadygärliklerinde duş gelmeýär diýen ýalydyr. Emma gynansak-da, häzirki günlere çenli bu ajaýyplygyň az bölegi saklanyp galypdyr. Kümmetiň kaşaň mozaikasynyň we ýazgylarynyň köpdürlüligi we ýokary çeperçiligi beýik ussatlaryň gaýtalanmajak zehininden habar berýär.

2005-nji ýylda «Abiwerd» Döwlet taryhy-medeni goraghanasy bu ýadygärligiň esasy sütünlerini berkitmek boýunça uly möçberli işleri gurady, Mäne baba aramgähi şu goraghananyň ygtyýaryndadyr. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda alnyp barlan barlaglaryň çäklerinde kümmetiň diwarlarynyň iç ýüzünde aşaklaýyn 80 santimetr çuňlukda garamtyl-goňur syrçaly kaşin keramikasynyň bölekleri tapyldy, onuň ýüzüne altynsow zerli öwüşginde arap ýazuwynda hat ýazylypdyr. Olar Kurany Kerimden aýat-süreler we Abu Sagyt Abul Haýyr Mähneýi hakyndaky ýatlamalardyr. Bu bezeg işleri XIV asyra degişli diýlip çaklanylýar.

2007-nji ýylyň güýzünde kümmetiň garşysyndaky orta asyr mesjidiniň galyndylaryny gaýtadan berkitmek maksady bilen arheologiýa-dikeldiş işleri geçirildi. Bu ajaýyp ymaratyň diwarlary taryhçylara Mäne babanyň kümmeti ýadygärlikler toplumynyň bir bölegi diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Il-gününiň penakäri meşhur aryf Mäne baba türkmen soltanlary hem uly sarpa goýupdyrlar. Olar piriň dahanyndan çykan dana sözlerini, Mäne babanyň halatlary, keramatlary baradaky rowaýatlary zerbap syrça siňdirip, diwara dessan edip ýazdyrypdyrlar... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiyasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň taýýarlan Mäne babanyň pähim-paýhasyndan dörän öwüt-nesihatlardan düzülen, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren «Rubagylar» ýygyndysynyň 2012-nji ýylda ilkinji gezek pars dilinden türkmen diline terjimesiniň kitap hökmünde neşir edilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Kümmetiň aşaky örtüginiň köp gatly gurluşyny öwrenmek we ençeme asyrlaryň dowamynda ymaratda geçirilen abatlaýyş işleriniň senesini kesgitlemek maksady bilen bu ýerde geçirilen arheologiki arassalaýyş işleri wagtynda barlagçy-alymlar XIII asyra degişli medeni gatlakda bir goşawuç teňňe tapdylar.

Ençeme asyrlap çyg ýerde galan teňňeleriň poslandygy, bir-birine ýelmeşip gidenligi sebäpli olaryň ýazgylaryny okamak başartmady. Barlaghana şertlerinde teňňeler ymykly arassalanandan soň hünärmenler olaryň dürli ýyllarda zikgelenen kümüş dirhemlerdigini aýan etdiler. Tapylan jemi 91 kümüş teňňäniň 47-sinde Ilhanlar döwletiniň hökümdary Abaga hanyň ady ýaylypdyr, Teňňeleriň 36-synda Argun adyny okamak başartdy. Şol döwürde atdaş taryhy şahslaryň ikisi – 1284-1291-nji ýyllarda Ilhanlar döwletiniň hökümdary Argun han we köşgi Merwde ýerleşen, Horasanyň häkimi türkmen Argun şa ýaşap geçipdirler.

Argun hanyň ady ýazylan teňňeleriň ikisi numizmatlaryň ünsüni özüne çekdi, olaryň arkasyna haýwanlaryň şekili zikgelenipdir: birinde ýolbarsyň suraty, beýlekisinde bolsa, öküze meňzeş haýwanyň şekili bar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, teňňelere haýwan şekilleriniň basylmagy şol döwürde Horasanyň iri şäherleriniň zikgehalaryna mahsus bolupdyr. Barlagçylar teňňeleriň ýasalan ýyly müçe boýunça haýsy jandara gabat gelen bolsa, şol haýwanyň suraty zikgelenendir diýip çak edýärler.

Ýene 8 dirhem Ilhanlar döwletine degişli bolsa-da, ondaky anyk hökümdaryň adyny okamak başartmady. Hünärmenler ol Çingiz neberelerinden Gazan han bolmagy mümkin diýip pikir edýärler, ol Reşit-ed-Diniň ýazmagyna görä,Yslam dinini kabul eden soň keramatly şeýh Abu Seýit Abul Haýryň guburyna zyýarat edipdir we ony tertibe salmaga görkezme beripdir. Hut şol wagtda hem kümmetiň esasy girelgesinde üýtgeşik gözel syrçaly mozaika peýda bolupdyr. Seljuklar döwletiniň ilkinji soltanlaryna ak pata beren keramatly Mäne babanyň kümmetini ilat we hökümdarlar aýwaly saklapdyrlar. Sene ýazyjylaryň ýazmagyna görä, Soltan Sanjar hem piriň aramgähine aýratyn üns beripdir. Müň ýyla golaý wagt bäri mukaddes topragymyzyň halatly piri Mäne baba, türkmeniň şöhratly geçmişi hakynda zyýaratçylara gürrüň berip oturan bu ymarat häli-häzirem özboluşly üýtgeşik bir dessan bolup seleňläp dur.

Gurbanmyrat Baýramow,
Aşgabat şäheriniň 125-nji orta mekdebiniň mugallymy.