Türkmeniň haly — asyrlaryň owazy


Türkmeniň haly — asyrlaryň owazy



Haly — türkmeniň haly-ahwaly, durmuşy, geçmişi, şu güni, bahar-ýazyň owadan keşbine beslenen ajaýyp ýaýlalary, daglary, urp-adaty, kalp gözelligi. Ol zenanlarymyzyň köňlüniň hem aňynyň iň bir ajaýyp önümi. Haly diýen söz aslynda-da hala gelmek, janlanmak, döremek, ýaýramak ýaly sözleriň gözbaşynda duran adalga. Munuň şeýledigini ikinji jahan urşunyň ilkinji gazaply ýyllarynda, beýleki ähli tylda zähmet çekýän raýatlarymyz bilen birlikde jan aýaman işlän zenanlarymyzyň dokan, öz döwrüniň taryhy hem medeni ýadygärligi hökmünde halyşynaslary, bütin adamzady aňk edip, haýran galdyran, 1940-njy ýyllarda dünýäniň iň uly halysy hökmünde taryha giren, elwan öwüşginli meýdanyny «Guşly göl» teke halysy, «Guşly gölüňem» «Guşaýak göl» nagyşlary bezän, meýdany 193 inedördül metr bolan äpet halynyň «Türkmen kalby» diýlip atlandyrylmagy hem tassyklaýar. Elbetde, halylaryň gözelligi, gymmaty, mukaddesligi, giňiş älemi özünde beýan edýänligi hakynda alym, Gahryman hem Mähriban Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda şeýle beýan edýär: «Türkmen halysy maddy hem ruhy baýlygyň hiç üýtgewsiz çeşmesi deýin, ynsanyň ünsüni hemişe özüne çekýär. Çünki ol gaýtalap-gaýtalap, sünnäliginiň, gözelliginiň aňyrsyna çykyp bolmaýan ummasyz giňişlik älemi». Hala gelmek, janlanmak, döremek, ýaýramak ýaly sözleriň gözbaşynda duran halyda Magtymguly Pyragynyň «Pelegidir» şygrynda:

Galam ýazanda ser haty,
Asy ýazmyş biz ummaty,
Adam atanyň sulbaty,
Ýedi ýeriň topragydyr

— diýlip bellenilişi ýaly, ene Zemindäki barlyk, Adam atanyň on iki süňňüniň ýedi yklymyň topragyna eýlenişi, ondan kemala gelşi, ilkinji atamyzdan soň ekerançylyk, maldarçylyk, gurluşyk... medeniýetleriniň ösüp-örňäp başlamagy, tebigy sazlaşyk, ömür dowamaty öz beýanyny tapýar. Olary ene-mamalarymyz el hünäri bolan halylarda beýan edip, biziň aslymyz, taryhy-geçmişimiz, pederlerimiziň amala aşyran sünnä durmuşy hakynda miras galdyran «Haly» atly eserlerini okap göz ýetirmegimizi isläpdirler. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz «Arşyň nepisligi» atly eserinde: «Men häzirki döwürde mähriban Watanymyzyň gülläp ösýän döwründäki keşbinde halkymyzyň haly sungatyndaky ýaly çuňlugy we täsinligi, haýran galdyryjylygy görýärin.
Haly diýmegiň özi, meniň pikirimçe, türkmeniň tutuş ömrüdir.
Ata-babalarymyzyň heňňamlar aşyp gelen bu ýollaryny asla halysyz okap hem bolmaz» diýip belleýär.
VIII asyryň dana gojalarynyň biri Gorkut atanyň döwründe janly-diri baýlygy Ýeriň ýüzüne, hereketsiz göwher, zümerret, altyn, kümüş... ýaly baýlyklary Zeminasty gatlaga sygmaýan, güýjüne-gaýratyna baýrynyp gündogardan Çyn-Maçynyň demirgazyk ülkelerinden gözbaş alýan, günbatarda Bagçasaraýa, Moldowanyň Gökoguz ülkelerine baryp ýetýän, demirgazyk-günortada häzirki Tatarystandan Ortaýer deňzi aralygyny eýeleýän ýurduna buýsanýan türkmenleriň kämil ruhy taňryparazlygyň, otparazlygyň, semawylygyň (asmanhudaýlylygyň) hem çygryndan çykyp, käbir agtaryp tapmaýan sowallarynyň jogabyny Yslamyýetiň filosofiýasynda görýär. Asman şalygyndaky barlyk, Aý, Gün, ýyldyzlar, planetalaryň Zemin bilen sazlaşygy hakynda «Çarhypelek», «Ümür-duman», «Älem», «Tegment», «Okgözi», «Çopantelpek», «Sekizgoçak», «Käbeýoly», «Gülýaýdy» ýaly nagyşlary-gölleri, pederlerimiziň taryhyň gatlarynda miras galdyran, döreden maddy hem ruhy medeniýeti, siwilizasiýasy hakynda zenan kalbynyň, aňynyň önümi bolan halylarymyzda düýpli gürrüňler edilýär. Bu ötülen ha külpetli, ha-da lezzetli durmuş ýollarynyň milli-ruhy ýagdaýyny okap bolýan ýeke-täk eseriň türkmen halysydygy barada hem hormatly Prezidentimiz öz kitaplarynda örän inçelik bilen düşündirýär. Pyragy pederimiziň:

Üç essesi däli derýa,
Bir esse ýerde müň gowga

— diýip belleýşi ýaly, dünýäniň gurluşynda ene Zeminiň dörtden üç böleginiň suwdugyny, bir böleginiň hem ýaşaýşa ýaramly toprak, daglar bolup durýandygyny, şonuň ýaly-da ene Ýeriň derýalarynyň, kölleriniň, daglarynyň, bütin durmuşynyň suduryny hala salan ene-mamalarymyzyň bu sünnä sungatynyň ilki haryt, soňra haryta, iň soňunda-da karta diýlip atlandyrylandygy hemmämiziň ünsümizi özüne çekýär. Şeýlelikde, bütin dünýäniň gurluşynyň bir haryta, bir karta ýerleşdirilmegine itergi beren, bu ugurda belli bir derejede nusga görkezen ene-mamalarymyzyň harytaçylyk-halyçylyk sungatyny kämilleşdirmek bilen, kesbinden kemal tapandygyna ýyllar, asyrlar, döwürler-eýýamlar şaýatdyr. Şeýle-de ilkinji edebi eserleriň biri bolan Gomeriň «Iliadasynda» eseriň baş gahrymanynyň: «Üstüne al-elwan düşelen, halylar ýazylan sekide dyzymy epmeli boldum» diýen jümlesi haly hem haly önümlerimiziň nä derejede gadymydygyny, sünnä harytdygyny görkezýär.
Milli haly we haly önümlerimiziň döreýiş, dokalyş taryhyna göz aýlasaň, ene-mamalarymyzyň, esasan, görýän, akyl ýetirýän, görüş hem eşidiş hakydasynyň kabul eden, öňi bilen aýdyň arzuwlarynyň nurana keşbini hala we haly önümlerine geçirendigine şaýat bolýarys. Özlerinden soň durmuş ýollaryny dowam etdirýän nesilleriniň dana pederleriniň amala aşyrmalaryny, gazananlaryny öwrenmegi üçin «yzlar» goýan, «gadymy daş döwri» diýlip atlandyrylan «palialit», «ortaky daş döwri» diýlip atlandyrylan «mezolit», «täze daş döwri» diýlip atlandyrylan «neolit» eýýamlary hakynda diňe daşlaryň, ýörite ýasalan palçyk kerpiçleriň, gaýalaryň ýüzlerinde däl, eýsem döredijilikli ene-mamalarymyzyň haly we haly önümlerinde hem düýpli gürrüňler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, olary okamak, netijesini halk köpçüligine ýetirmek bolsa bu ugurdan iş alyp barýan alymlarymyza, hünärmenlerimize baglydyr.
Haly dokamakda janly durmuşyň geometrik şekilini esere, tebigy dünýäni şekile we nusga geçirmek, ululy-kiçili gatnaşyklaryň sazlaşygyny, şekil yzygiderligini tapmak, dünýä gözelliginiň gurluş göwrümine öwrülişini öwrenmek we öz ýerinde ulanmak esasy talaplaryň biri hasap edilýär. Biz şu taýda ýene bir zady, has takygy bürgüt we bürgütpisint guşlar bilen iş salyşmak, olary ýerinde ulanmak düzgüniniň Oguz han türkmeniň eýýamyndan bäri dowam edip gelýändigini bellemelidiris. Şonuň ýaly hem ata-babalarymyzyň asuda asmanda ganat ýaýyp, erkana uçup ýören bürgüde bakyp, «Bergut-bize bagt ber!» diýip ýüzlenendigi hakynda taryhçylar-edebiýatçylar nygtaýarlar. Gadymy medeni ojaklaryň biri bolan Garadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan syrçaly küýzä salnan bürgüdiň şekiline meňzeş şekilli gap-gaç, 1940-njy ýyllaryň ahyrlarynda Altaý sebitlerinden tapylan Pazyryk halysynyň merkezi meýdanyndaky gölleriň daşynda bürgüt başlarynyň hatar-hatar salnandygy biziň ýokarda aýdan pikirimiziň dogrudygyny tassyklaýar. Bu halynyň giň äleminde atly esgerleriň, taryhyň gatlarynda Atilla-Atail-Ilatasy atly hökümdary orta çykaran göktürkmenleriň, ýewropalylaryň «gunlar» diýip atlandyran halkynyň halylarynda elleri ok-ýaýly atlylaryň şekiliniň salynmagy, şol nagyşlaryň hem häzirki wagtda «Peýkamnagyş» ady bilen tanalýandygy taryh bilen şu günüň sazlaşýandygyndan, özem onuň öňi bilen haly we haly önümlerimiz arkaly gelip ýetendigi okyjylar köpçüligine ýetirilmelidir.

Haly türkmen ruhunyň, taryhy-geçmişiniň, toýly eýýamlarynyň, dünýä ýaň salan durmuşynyň, dünýä ýaly owadan kalbynyň aýnasy bolmak bilen, onda halkymyzyň dürli öwrümli ýollary geçen geçmişini, şu günki ýetilen sepgitlerini, birgiden joşgunlardan hem gaýtgynlardan doly durmuşy özgertmelerini görýäris. Milli haly we haly önümlerimizde «Aýnagöl», «Durnagöl», «Gabsagöl», «Guşlygöl», «Çarhypelek», «Gülýaýdy», «Sekizgoçak» deýin gölleriň-nagyşlaryň halylarda häli-şindi duşulmagy sülük barmakly gyz-gelinlerimiziň olara mukaddes nyşan hökmünde garaýandygyndan gelip çykýar. «Çarhypelek» nagşyndaky göller, şekiller, nagyşlar Magtymguly Pyragynyň «Niçe ýaşyndadyr» şygryndaky jümleleri belli bir derejede ýadyňa salýar. Onda çarhy-pelegiň gerdişi, gije bilen gündiziň öz nobatyna gelip-geçip durşy, älem gözellikleri, heňňamlaryň soňlanmajak aýdymlary, türkmen zenanlarynyň älem giňişligini suratlandyryşy, dünýä gözelliklerine bolan hormat-sarpasy, olar baradaky durmuşy sazlaşygynyň filosofiýasy öz beýanyny tapýar. Ondaky geometriki çyzyklaryň Gün şöhlesi deýin älem-jahanyň çar tarapyna, älem giňişligine ýol salşy, bütin barlygy alamatlandyrmagy, dünýäniň sekiz burçuna ýol ýasan sekizburçlugy emele getirmegi, adamzat durmuşyna, hüý-häsiýetine täsirliligi diýseň hoşuňa gelýär.
Öýüni-ilini edil kalby deýin bezän ata-balarymyzyň guran, gujak gerip myhman-mediwan kabul eden ak öýleri öý-goşlarynyň ýerbe-ýerligi, özem öý bezeginiň, esasan, haly we haly önümlerinden ybaratdygy bilen tapawutlanýar. Onuň eýýäm işigini üç sany haly önümi bezeýär. Gapynyň daş tarapynda sowuk girmez ýaly, ululygy 2,5 inedördül metr bolan «eňsi», iç ýüzünde «gapylyk», şonuň ýaly-da işigiň iç tarapynda açar-gulpuň ýerine «germeç» atly haly we haly önümleri ulanylýar. Olaryň hersine özboluşly nagyşlar-göller salynýar. Ak öýüň sag tarapynda erkekler oturýandygy üçin şol ýerde dutar haly gaby bilen, at torbasy, aşyk torbasy, aýal-gyzlaryň oturýan çep tarapynda bolsa çemçe-çanak, ikselik, ikbaşy, duz torbalary asylyp, olar ak öýleriň içine özboluşly bezeg berýär. Şonuň ýaly-da içi gündelik ulanylmaýan geýim-gejimli garçyn, onuň üstünde hem ýorgan-düşekler galdyrylyp, sandyk goýlup, sandygyň üstünem «mapraç» atly haly önümi bilen ýapmak kada öwrülipdir. Elde dokalan kilimden gurlan, alaja golbagly sallançak hem öýüň içiniň bezegidir. Uklary biri-birine düzlemek maksady bilen gylyç enjamy arkaly dokalan «düzi ýüp», tärimiň daşyndan, şeýle hem bilinden aýlanyp salynýan «gyzyl ýüp», soňra gyzyl ýüpden «durluk», olardan başga-da öýüň daşyndan aýlanýan ak keçe, keçäniň daşyndan hem gamyş aýlanmagy, şonuň ýaly-da gamşyň daşyndan bezeg üçin «kakma-silkme» usulynda inçeden nepis dokalan «ak ýüpüň» guşak hökmünde dakylmagy, «üzügiň», «serpigiň» ýerli-ýerinde ulanylmagy türkmeniň ak öýüni diýseň gözel görnüşe getirýär. Bulardan başga-da egin-eşik, däne, un salar ýaly dürli ululykdaky çuwallaryň, «Ojakbaşy» atly ojagyň töweregine ýazylýan kakma-çitme görnüşli haly-kilimleriň ýerli-ýerinde ulanylmagy öýe gonak bolup uzakdan-ýakyndan gelen myhmanlaryň hoşuna gelipdir. Öz döwründe «Ýigidiň bolmasa, ýaragy, aty, Şony belli biliň, ýokdur gaýraty» diýdiren halkymyzyň ýigitleriniň bedew atlary üçin hem sünnälenip «athalylaryň», «athorjunlaryň», «attorbalaryň», «göwüsbentleriň», «boýunbaglaryň», «eýerlikleriň», «köýnekçeleriň» dokalmagy gyz-gelinlerimiziň aga-inilerine, söwer ýarlaryna näderejede hormat-sarpa goýandygyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, halylary diýseň göze gelüwli edip görkezýän zatlaryň esasylaryndan biri reňkdir. Durmuşda halyçynyň seçip alşyna görä, çym-gyzyl, goňur, ülje, gülgüne, gyzyl-gyrmyzy reňkli çöpboýalaryň, naryň gabygyndan, adaty hozuň miwesiniň gabygyndan reňkleriň alnandygy, Eýrandan, Hindistandan, Pakistandan getirilen nil boýaglaryň, gök reňkli, mör-möjeklerden alnan köşenil gyzyl, malina reňkli boýaglaryň, ýiti, dok gyzyl, altynsow teňňäni ýada salýan sary, gögümtil ýaşyl reňkler bolup, olaryň ýerli-ýerinde ulanylandygy hakynda halyşynas enelerimiz gürrüň berýär. Boýaglaryň iňňän berk bolup, olaryň üstünden birnäçe asyr geçse-de üýtgemeýändigi hakynda hünärmenler belleýärler.
Ozalky SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýet taryh institutynyň hünärmenleri tarapyndan Altaý sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli Pazyryk halysy hakynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Birnäçe taryhçylar subutnamada has aňry gitdiler. Olaryň pikiriçe, diňe bir kompozisiýasy boýunça (merkezi gölleriň ýerleşişi we reňkleriň sazlaşygy babatda) däl, eýsem türkmen halysynyň merkezindäki 24 gölüň oguz türkmenleriniň 24 taýpasyny aňladýandygyny tassyklaýarlar» diýip bellemek arkaly, bu halynyň ata-babalarymyzyň sünnä durmuşy hakynda köp zatlary gürrüň berýändigini tassyklaýar. Bu gymmatly tapyndynyň orta meýdançasynda keseligine 4 hatardan, dikligine hem 6 hatardan, jemi 24 inedördül gölüň ýerleşdirilmegi, onuň dört başly gülden, gülüň dört okara ýapragynda atanak şekilli nagyşlaryň çitilmegi, halynyň örän syk dokalandygy, esasy meýdanynyň daşynyň jäheklenendigi, onuň düşeginiň hem gyzyl bolup, ýüzünde atanak sary nagyşlaryň bolmagy Oguz han Türkmeniň taryhy geçmişini ýatladýar. Halynyň bu ugurdan dabarasy daglar aşan ene-mamalarymyzyň el hem aň önümidir diýmäge esas döredýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda döwletler, şäherler, kerwensaraýlar guran ata-babalarymyzyň bu ýol arkaly ene-mamalarymyzyň aýratyn yhlas siňdirip dokan haly we haly önümlerini Ýewropanyň we Aziýanyň uly bazarlarynda geçginli bahalardan ýerländigi, şeýle ýagdaýlaryň Gun imperiýasyny döreden göktürkmenleriň, soňra Seljuk şadöwletiniň şöhratyny dünýä çykaran kynyk türkmenleriniň, hatda Osman imperiýasyny döreden kaýy türkmenleriniň durmuşynda-da bolandygy barada näçe diýseň maglumatlar bar. Ýüpek, kagyz, kompas, däri, neşir işleri ýaly gymmatlyklary dünýä beren zähmetsöýer çyn-maçynlylar bilen türkmen halkynyň umumylyklarynyň bardygyna, ilkibada hytaýlylar tarapyndan öndürilen ýüpeklerden ene-mamalarymyzyň haly dokap, şol halylaryň hem ýene Çyn-Maçynyň bazarlarynda ýerlenendigi, hatda belli türkolog Ý. A. Zuýew tarapyndan Gun imperiýasyny guran göktürkmenleriň (gunlaryň) Han dinastiýasyna (Irki Çžao, 304-328 ý.ý.), türkmeniň kaňly taýpasynyň Giçki Çžao (319-325 ý.ý.) dinastiýasyna, irki türkileri Günbatar Sin dinastiýasyna (388-431 ý.ý.), hytaýlylar tarapyndan çato diýlip atlandyrylan giçki oguz taýpasyny Giçki Tan dinastiýasyna degişli edýär. Şu ýerde şol döwürler bu taýpalaryň hökümdarlyk eden eýýamynda ol ýerlerde halyçylygyň diýseň ösendigi hakynda bellemelidiris. Li Ýanyň döwründe — 680-nji ýyllarda hytaý-türki sözlüginiň düzülip, ondaky aňlatmalaryň halylary bezändigi, VIII asyrda on müňden gowrak oguz maşgalasynyň günbatar Hytaýa göçürilip eltilendigi hakynda hem maglumatlar bar. Hytaýyň günbatar ülkelerinde, Ulugçat, Kaşgar, Amanköl, Gargalyk, Aksuw, Ýaňyhysar, Akja, Hotan diýen ýerlerinde türki-türkmenleriň mekan tutunyp, olaryň nebereleriniň häzirki günler hem şol ýerlerde ýaşaýandygy, olaryň sazlarynda, egin-eşiklerinde, keşdelerinde, hüý-häsiýetlerinde, dokma we kakma önümlerinde bolsa türkmene ýakynlygyň duýulýandygy hakynda türkolog alymlar belleýärler.

Abdylhalyk JUMADOW