Açarbag
Gözel Diýarymyzda ýerleşýän Hazar deňziniň kenarýakasynyň etraplary köp sanly jahankeşdeleri, söwdagärleri irki döwürlerden bäri gyzyklandyrýar. Ýerli ilatyň taryhy we etnografiýasy, onuň ýaşaýyş şertleri bilen aýratyn tapawutlanýandygy barada gyzykly maglumatlar ýazuw çeşmelerinde görkezilýär. Barlag geçiriji we jahankeşdeler N. N. Murawýowyň, G. S. Karelinyň we onuň kömekçileri M. N. Galkinyň, P. P. Ogorodnikowyň XIX asyra degişli bolan türkmen etnografiýasy hakynda gyzykly maglumatlary şol döwri öwrenmekde uly ýardam edýär.
Ýurdumyzyň günbatar etraplarynyň zergärleriniň elinden çykýan nepis şaýlary ähli döwürde owadanlygyny we özboluşlylygyny saklamagy başarýar. Açarbag bezeg şaýy hem ýurdumyzyň günbatar etraplarynda giňden ýaýrandyr. Bu zenanlaryň boýnuna dakylýan bezeg şaýy. Açarbag özüniň üýtgeşik owadanlygy, ýasalyş usuly we çeperçilik eseriniň agramlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hemişelik ekspozisiýasynda we gaznahanada açarbaglaryň dürli görnüşleri aýawly saklanylýar. Bu şaýlar toplumynyň köpüsiniň ýokarky bölegi «täje» (bir we birnäçe) ýa-da «goçuň şahyna» meňzedilip ýasalan.
Açarbagyň ýüzi gadymy nusgalar bilen örtülen dörtburç, inedördül gapyrjak şekilli arassa kümüşden, ýüzüne altyn çaýylyp ýasalan owadan bezeg şaýydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýerleşýän açarbaglaryň ählisinde diýen ýaly tekiz zolagynyň ýüzünde «goçak» şekili ýerleşdirilen. Bu bolsa örän gyzyklandyrýar, çünki Türkmenistanyň günorta-günbatarynda eneolit döwrüniň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde şu görnüşdäki nagşa örän meňzeş, misden ýasalan goç şekilli zenan bagjyklary tapylan. Bu gadymy nagyşlaryň we şekilleriň nusgalary ata-babalarymyzyň bize goýup giden mirasydyr.
Açarbag şaýy galyplanan, bölek-bölek kesilen ösümlik ýa-da geometriki nagyşlary bilen örtülip, zolaklar arkaly galaýylanyp ýasalýar. Zergärler olaryň ýüzüni köplenç, pöwrize we gyzyl, ýaşyl, gök reňkli çüýşe gaşlary bilen bezeýärler. Bu şaýyň boýunbaglary hem biri-birinden tapawutlanýar. Boýunbaglaryň açarbagyň her gapdalyna biri dakylýar. Olar biri-birine kebşirlenen dörtburç plastinalardan ybarat bolýar. Olaryň ýüzünde kümüşden ýasalan altyn çaýylan ýarymtegelek, «goçak» nagşy bolup, hakyk ýa-da çüýşe gaşlary oturdylan plastinalar galaýylanan.
Käbir nusgalaryň boýunbaglary örülen kümüş zynjyrlardan ybarat. Şol görnüşdäki açarbaglar hem giňden ýaýrandyr. Açarbagyň özi dörtburç görnüşde bolup, onuň ýokarsynda ýerleşýän iki sany halkajyklara kümüşden ýasalan bir hatar örülen zynjyrlar berkidilen. Zolaklaryň ýüzüne «güller» we owunjak nagyşlar basylan. Bu açarbag has irki nusgalaryň biri bolup biler.
Özüniň düzülişi we ýasalyşy boýunça has-da çylşyrymly bolup, açarbagyň dörtburçynyň ýokarsynda «täç» emele gelip, ýüzüniň üç sany zolaklaryna «goç» we geometriki şekiljikler basylýar. Dört hatar örülen kümüş zynjyrlar bolsa, her tarapynda ýerleşýän bäş sany alty ýaprakly güllere kebşirlenen. Bu boýunbaglaryň ep-esli agramy bolany üçin ene-mamalarymyz açarbagy işilen sapakdan asypdyrlar.
Ýurdumyzyň ussat zergärleri häzirki döwrüň isleglerine görä, gadymy şaýlaryň nusgalaryny döwrebap we täze öwüşginlerde ýasaýarlar. Ene-mamalarymyzyň dakynan açarbaglarynyň asyl nusgasy bolsa, häzirki wagta çenli üýtgemän, gaýtalanmajak durkuny saklap gelen milli mirasymyzdyr.
Maýsa ABDULLAÝEWA