Medeni gymmatlyklaryň şuglasy


Medeni gymmatlyklaryň şuglasy



2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda milli medeniýetimizi mundan beýläk-de öwrenmek, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek wezipeleriniň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bilen baglylykda we eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli medeni mirasy goramak we ösdürmek, şeýle hem ony bütin dünýäde wagyz etmek, bu ugurdaky halkara gatnaşyklary has-da giňeltmegi öz içine alýan medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň has-da ýokary derejelere çykmagyna oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty özara bähbitli we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar. Häzirki wagtda halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek, medeniýetleriň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda örän ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda halkara medeni hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Medeniýet adamzadyň umumy taryhynyň möhüm bölegi, medeni hyzmatdaşlyk bolsa, halkara ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, ýurduň dünýä giňişligine goşulmagyna gönükdirilendir. Medeni gatnaşyklar daşary ýurt jemgyýetçiligine öz ýurduň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga, ýurduň halkara abraýyny belende götermäge ýardam berýän hyzmatdaşlygy alyp barmaga, şeýlelik bilen ykdysadyýet we syýasat ýaly esasy ugurlarda aragatnaşyklary ösdürmekde oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň üstünliklerini, medeni we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny beýan edýän milli maglumat çeşmeleriniň sany köpelýär, öňdebaryjy medeniýet merkezleri bilen bilim, ylym we medeni gatnaşyklary ösdürmekde tejribe alyşmak mümkinçiligi barha giňeýär.

Parahatçylygyň, döredijiligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň şeýle hem hemişelik Bitaraplygyň mekany hasaplanýan eziz Watanymyzda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan medeni çäreler halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da ilerlemegine, berkemegine aýdyň ýollary açýar. Dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi netijesinde, häzirki wagtda halkara derejesinde medeni çäreleri geçirmek hem täze öwüşgine, many-mazmuna eýe boldy. Muňa dünýä döwletleriniň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri, halkara ylmy-amaly maslahatlar, sungat festiwallary, forumlary, sergileri, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleri aýdyň şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny wagyz etmekde, döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek we tejribe alyşmak işinde, halkymyzyň baý ruhy mirasyna dünýäniň ýüzünde ünsüň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan milli we bütindünýä medeni mirasyny aýawly saklamak işinde ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Şonuň bilen baglylykda, gadymy döwürde dünýä meşhur bolan Gadymy Merw, Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri, Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bulardan başga-da, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Halkara Nowruz baýramynyň, küştdepdi-aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi dost-doganlygy wasp etmekde, watançylyk duýgusyny ösdürmekde, ruhy-ahlak häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda nobatdaky ädim boldy.

Ynha, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk sungatyny tutuş dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmegi, türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak, bu gymmatlyk hakynda maglumat goruny döretmek babatda bahasyna ýetip bolmajak üstünlik boldy.

Medeniýet döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni, ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň keşbiniň aýdyň beýany. Medeniýet, sungat halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Ine, medeniýetiň, sungatyň beýikligi şu ýerde ýüze çykýar. Medeniýet, sungat parahatçylygyň aýdymyny aýdyp, bagtyýarlygyň waspyny edende, has belent derejä göterilýär. Türkmen medeniýeti hem sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň aýdymyny dünýä ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Gurban MYRADOW