KITAPHANALAR SANLAŞDYRYLÝAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim, ylym ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ylym-bilim ulgamy bilen bir hatarda ýurdumyzyň kitaphana ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Häzirki zaman maglumat jemgyýeti milletiň medeni-ruhy gymmatlyklaryny saklamakda durmuşyň ähli ulgamlarynda talap edilýän bilimiň kemala gelmegini we toplanmagyny şertlendirýän ykdysadyýeti, ylmy, tehnikany we bilimi ösdürmekde möhüm orun eýeleýän kitaphanalaryň işini guramaga täzeçil çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň oňyn tejribesine esaslanýan bir bitewi elektron ulgam döredildi. Kitaphanalar maglumat-tehnologiýa mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirip, sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Bu ulgamyň häzirki zaman ösüş strategiýasy internetiň, web-saýtlaryň mümkinçilikleriniň elektron kitaplary peýdalanyjylara elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu çäreleriň hemmesi kitap gaznalarynyň sanly görnüşdäki elýeterliligi ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy kitaphanalary multimedia giňişligine öwrüp, ol ýerde diňe bir okamak we gerek bolan maglumatyňy almak üçin däl, eýsem gyzykly çykyşlary diňlemek, tejribe alyşmak, ussatlyk sapaklaryna we döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmak üçin möhüm şertler döredilýär. Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda usuly sapaklar, maslahatlar, döwrebap sanly tehnologiýany ulanmak arkaly, işiň netijeliligini artdyrmaga ýardam berýän bäsleşikler guralýar. Daşary ýurtlarda geçirilýän kitap sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmagy işjeňleşdirilýär.
Munuň özi milletiň ruhy mirasyna ünsi güýçlendirýär hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň neşirýatçylarynyň, terjimeçileriniň tagallasy bilen, türkmen edebiýatynyň giňden wagyz edilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtly neşirýatçylaryň hem-de terjimeçileriň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Kitaphanalar öz jemgyýetçilik ähmiýetini beýleki medeni we maglumat edaralary bilen bilelikde berkitmelidirler hem-de okyjylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmelidirler. Şol bir wagtyň özünde kitap okamak elýeterli we köptaraply häsiýete eýe bolmalydyr. Şunlukda, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ulanylmalydyr» diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanamyzyň elektron saýty döredildi. Munuň özi okyjylar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu saýtda kitaphananyň taryhy barada, geçirilýän çäreler barada, kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Şeýle hem käbir saýt salgylanmalary peýdalanylýar. Kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşýär. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterlidir. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi bilen belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi.
Gülşat Amanberdiýewa