ARKADAG. AWAZA. AK ÝOL


ARKADAG. AWAZA. AK ÝOL



Ynha, ak Awaza!
Ak ýol!
Ak säher!
Gökden ak guw kibi gonan ak şäher!
Arkadagym Awazasyn synlaýar.
Berkarar döwletiň, bagtyýar döwrüň
Dünýä dolan dabarasyn synlaýar.
Saz ýaly, ýaz ýaly sünnä mekany
Görüp — gözüň,
söýüp — göwnüň ganmaýar.

Diýarym!
Dünýä deý giňiş Diýarym!
Bu gün toý donuny geýmiş Diýarym!
Seniň gül keşbiňi birje görmäge
Günler bir-birinden abadan gelýär.
Sazlaşyk diýilse, aýdym diýilse,
Göz öňüne eziz Arkadagym hem
al sabadan ajap Awazam gelýär.

Awaza — şu güne gelen erteki,
Deňziň gursagyndan çykan rowaýat.
Ýeriň-gögüň pynhan syrly perdesi syrylyp,
türkmeniň röwşen ertesi
Keremli kenarda tapýar dowamat.

Gurmak — gudrat.
Gurmak — Hakyň sungaty!
Beýle ylham her bir köňle inmeýär.
Ylahy ylhamyň joşguny bilen,
Nurana ykbalyň buşlugy bilen
Arkadagym Awazasyn synlaýar!

Çar ýan ýaýyp Beýik Ogluň nazaryn,
Joş, Hazarym!
Sen işbu-jahany joşdur, Hazarym!
Eziz Arkadagyň her bir gadamy
Kenaryňa göwher gaşdyr, Hazarym!
Bu bir hakykata öwrülen hyýal,
Wysal bolan täsin düýşdür, Hazarym!

Göwün karar tapýar, ynjalýar munda.
Daşdan dür çykarýan jepakeş ilim
Jana hözir tapýar, dynç alýar munda.
Ylla ertekileň tylla balygy,
Göýä tereň täsinlikler şalygy —
Awazam sen,
Ýedi yklym owazam,
Awazam sen,
Heňňam içre howalam,
Menzillere meňiz beren merjenim!

Nur ýetişip didesinden Gerçegiň,
Ak tolkunlar gaýnap joşýar...
Dynmaýar.
Bagtyň baky rowan gämisi bilen,
Dowam-dowam ömrüň manysy bilen,
Arkadagym Awazasyn synlaýar!

Öňe, öňe!
Diňe öňe, jan Diýar!
Seniňkidir şöhrat, Diýar, şan, Diýar!
Gözelligi gözel göwne görk ede,
Kemer-kemer, ulgam-ulgam daglaryn,
Her gaty — bir eýýam, hoşgäh çaglaryn,
Al-asmanda hikmet nazary bilen
Arkadagym Diýaryny synlaýar!
Öçmez ömür çyragyny synlaýar!
Synlaýar Ol Zemin üzre uçmahyn.
Belentlik! Sazlaşyk!
Beýle ahwaldan
Göwün guşy neneň göge uçmasyn?!

Synla, Arkadagym,
Ynha, Diýaryň,
Ynsap deý, yhlas deý kämil görünýär!
Gün göwheri, Aý şuglasy Awazaň
Päkize göwnüň deý tämiz görünýär!
Söýgi, ynam — goşa küregiň bilen,
Watan sygan ägirt ýüregiň bilen
Menzilde mizetmän kenara elten
Türkmenistan atly gämiň görünýär!

Synla, Arkadagym,
Ynha, Awazaň!
Ynha, adam hakda ägirt aladaň!
Siz bilen döwletli döwrandyr bu gün,
Siz bilen il abat, dünýä abadan!

Kakamyrat Rejebow