Alaçaly ýag


Alaçaly ýag

Türkmen topragynda önýän baldan süýji garpyzlardan taýýarlanylýan toşap dermanlyk tagamdyr. Ol saçaklarymyzyň iň datly nygmatlarynyň biri. Toşap milli tagamlarymyzyň arasynda mynasyp orun eýeleýär.

Toşaby taýýarlamak üçin gowy bişen garpyzlary saýlap almaly. Garpyzlary kesişdirip, lötüni gazana atmaly. Ojakda ot ýakyp gaýnatmaly. Gaýnansoň süzgüçden süzüp çigidini aýyrmaly. Ýene gaýnatmaly. Gowy gaýnansoň egsigini hem guýmaly. Gazandaky garpyz gaýnap biraz egsilensoň üstüne guýulýan garpyz suwuna egsindi diýilýär. Egsindini hem guýup, gowy gaýnatmaly.

Garpyz suwy gaýnap goýalýar. Lowurdap duran reňkli toşap emele gelýär. Toşap adam organizmi üçin örän peýdaly hasaplanylýar. Oňa saryýag, ýa-da ak ýag garyp iýseň has hem lezzetli bolýar.

Ak ýag garylan toşaba «Alaçaly ýag» diýilýär. Öňki döwürlerde ol iň arzyly tagamlaryň biri bolup, myhman hödüriniň sanawyny bezäpdir. Taryhyň belli-belli döwürlerinde toşaba ak ýag garylan «Alaçaly ýag» myhmany hezzetlemek üçin taýýarlanylýan saçakda mynasyp orun tutupdyr. Häzirki döwürde hem «Alaçaly ýag» arzyly tagam.



Ogultäç HOJANAZAROWA