Saglyk-bagtyýarlyk


Saglyk-bagtyýarlyk



Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyz milli we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri esasynda saglygy goraýşyň kämil binýadyna eýe boldy. Ýurdumyzda ýokary hilli lukmançylyk kömegi we keselleriň öz wagtynda öňüni almak ilatyň ähli gatlagy üçin elýeterli ýagdaýda saklanýar. Häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi we ýaramaz maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen bitirilýän möhüm işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şundan ugur alnyp saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri hemde raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen, ýagny, agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar.
Mälim bolşy ýaly, immun ulgamy adamy dürli kesel dörediji mikrobedenjikleriň täsirinden goraýar. Başgaça aýdylanda, immunitet biziň ýokanç kesellerden goraýjymyzdyr. Immun ulgamynyň kämil işlemekligi netijesinde biz aglaba kesellerden goranmaklygy başarýarys. Sada dilde aýdanymyzda, bedenimize kesel dörediji wiruslar ýa-da mikrobedenjikler aralaşanda bedeniň goraýjylygy işjeňleşýär, ýagny, gan emele getiriji beden synalarynda bedeniň goragçylary bolan, antitelalar emele gelýär. Olara başgaça, limfasit öýjükleri hem diýilýär. Adamyň bedeni kesel döredijilerden goraýan ýada olary gönüden-göni ýok edýän, immun ulgamynyň işini sazlaýan pes molekulaly himiki maddalary, beloklary we fermentleri hem işläp çykarýar.

Biziň sagdyn bolmaklygymyz üçin immun ulgamynyň işjeňligi möhüm bolup durýar. Adamyň immun ulgamynyň gowşan halatynda ol ýygy-ýygydan kesellemeklige ukyply bolýar.
Immun ulgamyny işjeňleşdirmek, saglygyňy gazanmak üçin ilki bilen sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Sport bilen meşgullanmaly, ir säher we agşamara arassa howada, suw çüwdürimli seýilgählerde gezim etmeli, maşklary ýerine ýetirmeli. Ähli zyýanly endiklerden daşda durmaly. Teleýaýlyma uzak wagtlap tomaşa etmeli däl ýada kompýutetiň öňünde köp oturmaly däl. Immuniteti berkitmekde ýenede we esasy şertleriň biri, kadaly iýmitlenmekdir. Onuň üçin ilki bilen kadaly gün tertibini berjaý etmelidir, ýagny, wagtly-wagtynda iýmek, iýilýän tagamyň möçberine üns bermek, şeýlede kabul edilýän iýmitiň biodürlüligini saklamak möhüm bolup durýar. Immun ulgamynyň işjeňliginde C witamini aýratyn ähmiýete eýedir. Bu witamin, esasan, sitrus miweleri bolan limonda we pyrtykalda, kiwide, gök almada, ýertudanada, ysmanakda, kelemde, gara smorodinada, böwürslende, turpda, şawelde, süýji we ajy burçlarda köp duş gelýär. Şeýle hem, immun ulgamyň işjeňligi üçin mikroelementleriň gündelik bedene ýeterlik mukdarda düşmekligi hökmandyr. Bu netijäni gazanmak üçin özbaşdak derman serişdesini ulanmaklyk nädogry hereketdir. Dürli derman serişdelerini kabul etmezden öň lukman bilen hökman maslahatlaşmaly. Sebäbi emeli usul bilen mikroelementler we witaminler kabul edilen halatynda, bedende olaryň artyk ýygnanmaklygy zerarly sökellikleriň döremekligi hem mümkin.
Adamyň bedeniniň keselden goranmaklygynda ýod mikroelementiniň hem ähmiýeti ulukyr. Ýod deňiz we deňiz önümlerinde köp mukdarda saklanýar. Hojalykda ulanylýan nahar duzuny ýod bilen baýlaşdyrmak babatda uly işler geçirilýär, tagam taýýarlananda hökmany suratda ýod bilen baýlaşdyrylan duzy ulanmaklygy endik edinmeli. Duz saklanýan gutularyň agzy mydama jebis ýapyk bolmaly, tagamy duzlamaklyk bolsa tagam taýýar bolandan soň geçirilmeli. Bu ýönekeý kadalary dogry we doly berjaý etmegiň netijesinde biz ýoduň bedenimize gerekli mukdarda düşmekligini üpjün edýäris. Güýzde howanyň biraz sowamagy bilen sagdyn iýmitlenmeklige, sport bilen meşgullanmaklyga aýratyn üns bermeli. Bu ugurda maşgala lukmanlaryňyz bilen maslahatlaşmak has bähbitli bolar.

Maýa DURDYÝEWA