Baýram güni


Baýram güni



Golda baryn geýer çykar
Baýram güni ýerden ýörän.
Baýram güni bu äleme
Bezeg berýän nagyşlar kän.

Emma ajap gelin-gyzlar
Güneş ýaly gamza gezär.
Baýram güni bu dünýäni
Ähli zatdan artyk bezär.

Baýram güni ter gül beriň,
Bägül beriň gelin-gyza!
Gülüň ýeke ýapragy-da
Gülap goşar ýagty ýaza.

Bägül beriň gelin-gyza!
Gelin-gyza gül ýaraşar.
Diller dile gelmese-de,
Gözler güle kän garaşar.

Bägül beriň baýram güni
Ak süýt beren enelere —
Sallançaga hüwdi bilen
Gursak geren senelere!

Bägül beriň zenanlara!
Gülden gowy gadyr bolmaz.
Baýram güni berilen gül
Ýüreklerde ömür solmaz.



Ata ATAJANOW,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

1977 ý.