Halkara hyzmatdaşlykda möhüm ädimler


Halkara hyzmatdaşlykda möhüm ädimler



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň toýuny halkara derejesinde gazanan ägirt uly üstünlikleri bilen garşy alýar. Amal edilýän işleriň ählisi mähriban halkymyzyň, şonuň bilen birlikde, aýratyn hem ylym-bilimiň muşdaklary bolan ýaşlaryň mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyny, hormat- sarpasyny has-da belende galdyrýar.
Şanly toýa barýan Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni Mirasynyň Sanawyna girizildi. Şeýle-de türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun aldy.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we hö- weslendirmek, Ýokary bilime degişli hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleleriň üstünde degişli işler geçirilýär.

Hyzmatdaşlykda täze ugurlaryň açylmagyny, hususan-da, sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ugurlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Milli toparynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem maksadalaýykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ugry boýunça Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen strategik gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda bu netijeli gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, olaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar.
Ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem-de taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak babatda BMG-niň bu iri düzümi bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklar sazlaşykly häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň sanlylaşdyrmaga, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ulanmaga tarap ugur almagy bilen baglylykda, däbe öwrülen gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar.
Şeýle il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Oguldurdy JUMAÝEWA