Köňle melhem owazlar


Köňle melhem owazlar



Aýdym-saz sungaty hemişe-de ynsanlara ruhy goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirip gelipdir. Aýdymlary, sazlary döredýänler-de, olary diňleýänler-de ol eserlerden göwünlerine melhem tapýarlar.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe hem sungat ussatlary, şol sanda aýdym-saz ägirtleri döredijiliklerini, ähli ukyp-başarnyklaryny halky ruhy taýdan goldamaga bagyşlapdyrlar. Uruş ýyllarynyň aýdymlary Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky göreşe çagyrmak bilen, halkymyzyň frontdaky we tyldaky merdanalygyny çuňňur beýan edýär. Uruş ýyllarynda Aşgabatda döredilen Opera we balet teatrynyň sahnasynda goýlan «Bagtly ýaşlyk», «Ýusup-Ahmet», «Şasenem-Garyp» ýaly birnäçe oýunlar şol döwrüň tomaşaçylaryna kynçylykly günleri bir pursat unutmaga mümkinçilik berýärdi.
Türkmen bagşy-sazandalarynyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda fronta gidip, esgerleriň öňünde konsertler bilen çykyş etmekleri hakyky watansöýüjiligiň nusgasydyr. Sahy Jepbarow, Rejep Gylyjow, Nabat Nurmuhammedowa, Çary Ödekow, Oraz Saryýew, Durdy Saparow, Amansaçly Annaýew, Geldi Ugurlyýew... ýaly ussatlaryň aýdym-sazlary esgerlere ruhy kuwwat, Beýik Ýeňşe ynam döredýärdi. Türkmen halk aýdymlaryny Ýewropada, jeň meýdanlarynda ýaňlandyran ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowdyr. 1917-nji ýylda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Şahman obasynda dünýä inen Nurberdiniň ýaşlygy mal yzynda, çopançylykda geçýär. Beýik Watançylyk urşunda ol Kaka etrabyndan Gylyç bagşynyň ogly Meret bilen söweş meýdanynda bile bolýar. Meret öňdenem sazdan birneme habarly Nurberdä ýany bilen alyp baran dutaryny çalmagy öwredýär. Iki dost söweş meýdanynda asudalyk çaglary esgerlere aýdym aýdyp, saz çalyp, hezil berer ekenler.
Nurberdi Gulow: «Men bagşyçylygyň güzerinden uruş ýyllarynda, jeň meýdanlarynda inendirin» diýip ýatlar ekeni. Nurberdi Gulow söweş meýdanyndan sag-aman dolanyp gelenden soň, ilki oba, soň Etrek etrap merkezindäki medeniýet öýlerinde, mekdeplerde işläp, ýaşlara aýdym-saz öwredýär. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň aýaklarynda ol Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasyndaky bagşylar toparyna gelip goşulýar. Şeýdip, ýyllaryň dowamynda ussadyň sesi pagtaçylaryň, nebitçileriň, maldarlaryň arasynda ýaňlanýar.
Goý, Garaşsyz Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanýan ýeňişlerimizi wasp edýän aýdym-sazlarymyz asuda asmanyň astynda ýaňlanyp dursun!

Amangeldi GURBANOW